Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
24 Türkmen halk döredijiligi Ogly hem bu zatlaryň hemmesini taýýar edip, patyşa bilen ugrapdyr. Ep-esli ýol ýöränlerinden soň atasy: − Eý, oglum, pylan ýerde bir çöl bardyr, suw ýokdur. Şonda goşunyň suwy gutarar. Şol ýerde öküzi özbaşyna goýberip, yzyna düşüberiň. Öküz baryp bir ýeri şahy bilen süser. Şol süsen ýerini gazsaňyz, derrew suw çykar − diýipdir. Patyşa ýolda oglana: − Eý, nökerim, bu öküzi sen näme üçin getirdiň? − diýip sorapdyr. Onda ol oglan: − Eý, patyşamyz. Ýolda azygymyz gutarsa, bu öküz gerek bolar − diýip aýdypdyr. Bular birnäçe gün ýol ýöränlerinden soň, şol atasynyň aýdan çölüne baryp ýetipdirler. Adamlar şol çölüň içinde suwsap, ölere ýakynlaşypdyrlar. Şol wagt oglan öküzi öz ugruna goýberipdir-de, yzyna düşüberipdir. Öküz-de bara-bara bir ýerde durup, ýeri şahy bilen dörüberipdir. Oglanam ýoldaşlary bilen şol ýeri gazmaga başlapdyr. Azajyk gazypdyrlar weli, suw gaýnap, çeşme ýaly akyp gidiberipdir. Bu gudraty görüp, patyşa ony dep- derinde belleýär. Bular munda suwdan ganyp dem-dynçlaryny alypdyrlar. Ugramakçy bolanlarynda atasy ogluna aýdypdyr: − Indi, oglum, getiren çigidiňi şu suwa sepip goýber. Gaýdyp gelýän- çäk, garpyz bolup ýetişer − diýipdir. Ogly hem şonuň ýaly edipdir. Muny-da patyşa belläpdir. Bular az ýöräp, köp ýöräp, bir ýere ýetip barýarkalar, oglanyň atasy: − Oglum, şol baýaky balygyň barmy? Eger bar bolsa, kyrk çeşmä, ynha, bararys, onda düşläris. Şolaryň içinden bir çeşme Abyzemzem suwudyr. Haýsy çeşme duş gelse, içer ýörerler weli, sen şol balygyňy her çeşmä baranyňda batyryp gör. Şol balyk Abyzemzemiň çeşmesine düşende, janlanar-da, eliňden çykar gidiberer. Ana, şol Abyzemzem çeşmesi. Ýat-da iç, küýzäňi dolduryp al-da, gaýdyber − diýipdir. Bular ahyr şol çeşmelere baryp ýetýärler. Bu oglan hem şol balygy atasynyň aýdyşy ýaly edýär weli, balyk direlýär-de gidýär. Balygyň di- relen çeşmesinden içýär. Beýlekilerem içýärler. Küýzesini-de dolduryp alýar. Şol ýerden yzyna öwrülýärler. Bular şol gelişlerine garpyz çigidini sepen ýerine gelýärler. Görseler, garpyzlar bişip, gyryň daşy ýaly bolup ýatyrmyş. Bu ýagdaýy hem patyşa görüp, haýran galyp, ony hem depde- rine belläpdir. Bu garpyzlardan göterip bilenlerini alyp, ýola düşüpdirler. Bular bir ýerlere baranda, dünýäniň ýüzüni duman gaplap, gaty garaňky bolupdyr. Şol wagt atasy: 25 − Oglum, şu wagt aýagyň aşagyndaky daşdan ýokaryk zyň-da: «Ala- nam armanly, almadyk hem armanly» diýip gygyr. Soň bolsa göteribi- len daşyňy alyp, düýäňe mün − diýipdir. Oglan hem şeýle edipdir. Özi hem göteribilen daşyny alyp, üç sanysyny düýä ýükläpdir. Onuň beýleki ýoldaşlary bolsa: «Bu oglan däliräpdir» diýip, oňa gülüpdirler. Patyşa muny hem eşidip, depderine ýazypdyr. Şeýdip, bular sag-aman öýlerine gaýdyp barypdyrlar. Baranlaryndan soň, patyşa ol oglany ýanyna çagyryp, eden işlerini birme-bir sorapdyr. Oglan: − Eý, patyşahym, bir çemçe ganymy geçseňiz, aýdaýyn − diýipdir. Patyşa: − Her iş eden bolsaň-da geçdim − diýipdir. Onda ol oglan: − Eý, patyşahym, men atamy çöle taşlamaga alyp gitdim. Ýöne ony eltip taşlamaga meniň gözüm gyýman, getirip, hiç kime görkezmän, sandykda sakladym. Soň bolsa siziň Abyzemzem suwuna gidýäniňizi oňa aýdanymda, maňa ol: «Bir öküz, iki put çigit, bir balyk al» diýdi. Men hem atamy sandyga salyp, özüm bilen alyp gitdim. Ine, şol işleri atamyň diýeni ýaly etdim, ol bizi ölümden gutardy − diýipdir. Onda patyşa: − Şol garaňky gijede näme üçin gygyrdyň? − diýipdir. Onda oglan: − Ine, meň şol garaňky gijede alan daşlarym − diýip, üç sany daşy görkezipdir. Bularyň biri gyzyl, biri göwher, biri-de şamçyrag eken. Patyşa muňa haýran galyp, soň garry adamlary çöle taşlamagy gadagan edipdir. Ol oglana bolsa öz ýalňyz gyzyny nikalap berip, ýedi gije-gündizläp toý- tomaşa tutupdyrlar. Garyp gojanyň akylly ogly Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir garyp goja bar eken. Onuň ýigit ýeten bir ogly bar eken. Emma goja ogluny öýli-işikli edip ýetişmänkä, bir gün agyr kesele duçar bolupdyr. Onsoň ol ölüm halynda ýatyrka, ogluny ýanyna çagyrýar-da: − Oglum, indi meň öler wagtym geldi. Seni öýlendiribem bilmedim. Ýöne oňa derek men saňa üç sany akyl bereýin welin, şony tutsaň, ol seni öý-işiklem eder, döwletlem bolarsyň − diýipdir. Oglam: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling