Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler
14 Türkmen halk döredijiligi azap ýamany gören bu ýylan arassa howa çykan badyna çişip, uly ýylan bolanmyş. Baba: − Ýylan, men seni sandykdan çykardym, ýagşylyk etdim, indi meni bogup öldürip barýarsyň, heý, ýagşylyga-da bir ýamanlyk bolar- my? − diýen. Ýylan: − Elbetde, ýagşylyga ýamanlyk bolar, ynanmasaň, kimden sorasaň, soraber. Ýogsamam, sen meni sandykdan çykaryp, ýagşylyk eden hem bolsaň, men seni bogup öldürjek − diýipdir. Ondan soň, ýylan bilen ýaňky baba ýagşylyga ýamanlyk bar- lygyny haýwandan, ösümlikden, adamdan soramagy makul bilipdir. Bu ikisi gidip barýarka öňlerinden bir süri düýe çykýar. Öňden barýan garry düýeden boýny ýylanly baba: − Düýe, eý, düýe, heý, ýagşylyga ýamanlyk bolarmy? – diýip so- rapdyr. Düýе: − Hawa, ýagşylyga ýamanlyk, elbetde, bolar. Hol, barýan düýeleriň hemmesi meniň neslim, men eýäme şunça mal öndürip berdim, ol meni garrapdyr diýip, öldürjek bolýar. Ynha, bu ýagşylyga ýamanlyk bolman, näme bolýar? − diýipdir. Ýylan: − Gördüňmi?! − diýip, babanyň boýnunda gülüp hezil edinipdir. Baba ýene gidip barýarka, öňünden uly bir guran tut agajy çykypdyr. Baba bu tuduň ýanyna baryp: − Eý, tut agajy, sen örän köp ýaşapsyň, ençeme çarşenbäni başyňdan geciripsiň, sen köp zat bilýänsiň, heý, ýagşylyga ýamanlyk bolarmy? − diýipdir. Tut agajy: − Hawa, ýagşylyga ýamanlyk bolar, ynha, men eýäme birnäçe ýyl goýry kölege boldum, köp-köp ýüpek aldy, satyp, baý boldy. Indi men guradym. Ol meni kesip, odun edip ýakjakmyş. Ine, bu ýagşylyga ýa- manlyk bolar − diýipdir. Bular gidip barýarkalar, öňlerinden bir topar oýnap ýören oglanlar çykypdyr. Bular babanyň boýnundaky ýylany görüp gaçypdyrlar. Emma bir oglanjyk gaçman durupdyr. Bu şol Sapanyň akylly ogly eken. Baba bu oglanyň ýanyna gelip: − Oglum, heý, ýagşylyga ýamanlyk bolarmy? − diýip sorapdyr. 15 Oglan: − Eý, baba, ýagşylyga ýamanlyk bolar, ýöne bu boýnuňdaky ýylan näme? − diýipdir. Baba: − Ynha, men ýer gazyp ýörkam, şu sandyk çykdy, men hem pul barmyka diýip açdym weli, şu ýylan içinden çykyp, meniň boýnuma çolaşdy. Indi seni bogup öldürjek diýip boýnumdan asylyp ýatyşy − diýipdir. Oglan: − Baý-bow, ýalan sözlemäge gaty ökdeleşip gidipsiň, baba jan! Heý, şeýle uly ýylanam şunuň ýaly kiçijik sandyga sygarmy? Beýle ýalan sözlemek nämäňe gerek! − diýipdir. Baba: − Ýok, ýalan sözlämok, çynymy aýdýaryn, bu ýylan şu kiçijik sandykdan çykdy − diýipdir. Oglan ýylana ýüzlenip: − Ýylan, sen şu uly göwraň bilen şu kiçijik sandyga sygdyňmy? − diýip sorapdyr. Yylan: − Hawa, sygdym, näme sygman – diýip jogap beripdir. Oglan: − Aý, goý-a, ýylanam ýalan sözlär ekeni, heý, şeýle uly ýylanam şunuň ýaly kiçijek sandyjaga sygarmy? − diýipdir. Ýylan: − Ynha, sygşymy göräý − diýip, babanyň boýnundan ýere düşüp, içindäki ýelini goýberip, inçejik ýylan bolup, sandyga giripdir-de, kel- lesini salman durupdyr. Onda oglan: − Kellaň syganok ahyry − diýipdir. Ýylan: − Ynha, sygmaýamy? − diýip, kellesini hem salypdyr weli, oglan sandygyň agzyny derrew ýapypdyr, dessine hem gulplapdyr-da baba: − Baba, sen bu sandygy ozalda şol ýerde özüň goýupmydyň? Goý- madyk bolsaň, «Goýmadygyňy göterme» diýip eşitmänmidiň näme? Bar, nireden getiren bolsaň, sol ýerde hem goý! − diýipdir. Baba oglanyň paýhasyna geň galypdyr. Oňa köp minnetdar bolup, sandygy alan ýerinde gömüpdir. Halky kyssalar. Durmuşy ertekiler 16 Türkmen halk döredijiligi Aýaz han Bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir patyşa bar eken, özi hem adyllykda bir gyly iki ýarar eken. Günlerde bir gün patyşa özüne bir akylly wezir tapmak niýeti bilen oýlanyp otyrka, kellesine bir pikir gelýär. − «Ynsanyň, haýwanyň erbedini nädip tanamak bolar?» diýen soragy goýaýyn. Şu soragyma kim jogap berip bilse, şony wezirlige bellärin – diýip, öz ýanyndan netijä gelýär. Patyşa hemme ilatyny ýygnap: − Meniň üç sany soragym bar, şony kim bilse, özüme wezir edip aljak − diýipdir. Onda märeke: − Aýt-da, aýt − bolşupdyr. Patyşa: − Adamyň, malyň, guşuň erbedini on günüň içinde maňa aýdyp ber- meli − diýipdir. Onda märekäniň içinden üç sany adam: − Patyşam, rugsat bolsa, biz bir synansak − diýipdir. Patyşa: − Bolýar, rugsatdyr, bilip geliň − diýipdir. Ondan soň ýaňky üç adam patyşanyň ýumşuny bitirmek üçin ýola rowana bolupdyr. Bulara ýolda bir gotur düýe sataşypdyr. Olar: − Hä, malyň mundan ýamany bolmaz, bize Hudaý berdi, geliň, muny tutalyň − diýşip, ony tutup, özleri bilen alyp gidiberipdirler. Ýene-de gidip barýarkalar, olaryň öňünden çypar köse adam çykypdyr. Bular: − Hä, adamyň şundan pisi bolmaz, muny hem bize Alla berdi − diýşip, ony-da özleri bilen alyp gidiberipdirler. Ýene-de gidip barýarkalar, olaryň öňünden bir ganaty döwük garga çykypdyr. Bular: − Şundan erbet guş bolmaz, indi, patyşanyň üç sany soragynyň üçüsiniň-de jogaby jem boldy − diýşip, bu gargany hem özleri bilen alyp, yzlaryna gaýdýarlar. Yzyna öwrülip gelýärkäler, bularyň öňünden bir guýy çykýar. Guýynyň başynda otyrkalar, olaryň ýanyna bir çopan gelýär. Çopan bular bilen saglyk-amanlyk soraşyp: 17 − Ýeri, ugur haýyr bolsun, bu ýerde näme işleýärsiňiz − diýip so- rapdyr. Onda ol üç adam: − Bizi patyşa şunuň ýaly ýumuş bilen iberdi. Ine, biz bolsak şulary tapdyk, şulardan erbet adam, mal, guş bolmaz − diýipdirler. Oňa çenli çopanyň goýunlary hem suwa inipdir. Çopan: − Örän ýagşy, siz patyşanyň adamlary ekeniňiz, arkaýyn oturyň, men goýun soýup, size söwüş edeýin − diýip, ýaňky çopan bir goýny soýup, nahar taýýar edipdir. Çopan myhmanlaryna nahar, çaý berip bolandan soň: − Bu alyp barýan zadyňyzdan patyşanyň isleýän jogaby çykmaz, bulary goýberiň, men size patyşanyň isleýän jogabyny, göwnüne ýarajak zatlaryny salgy bereýin, ýöne siz meniň adymy oňa aýtmaň − diýipdir. Bular: − Biz, adyňy aýtmarys, ýöne sen bize patyşanyň jogabyny aýdyp berseň bolýar − diýipdirler. Çopan: − Adamyň erbedi mahow bolýar. Ony döwletli adamlar görse, döwleti gaçar. Malyň erbedi gatyr bolar, guşuň erbedi alahekge bolar diýip aýtsaňyz, patyşa kanagatlanar − diýipdir. Bular begenişip, çopandan bu zatlaryň erbet bolýandygynyň sebäbini hem soraman, patyşanyň ýanyna ugrapdyrlar. Olar bärden baryp: − Patyşamyz, siziň soraglaryňyzyň jogabyny tapdyk − diýipdirler. Onda patyşa: − Hany, onda aýdyň, adamyň erbedi haýsy bolýar? − diýip sorapdyr. Onda olar: − Patyşamyz, adamyň erbedi mahow bolýar − diýipdirler. Patyşa onuň sebäbini sorapdyr welin, olar aýdyp bilmändirler. Patyşa syr bildirmän: − Bolýar, malyň erbedi haýsy bolýar? − diýip soraýar. Olar: − Malyň erbedi gatyr bolýar − diýip jogap berýärler. Patyşa onuň hem sebäbini sorapdyr, emma olar jogap berip bilmän- dirler. Patyşa ýene-de syr bildirmän: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling