Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
44 Türkmen halk döredijiligi gyz doganlaryny ýagşy görüpdirler. Aýallar muny gabanyşyp: «Bizi şu gyzça görmeýär, geliň, bir maslahat edeliň» diýşipdirler. Onda iň uly doganynyň aýaly: − Geliň, şuny basyp, bogazyna we gulagyna gurşun guýalyň − diýip- dir. Iň kiçi doganynyň aýalyndan özgesi şu maslahata goşulypdyr, emma ol: − Beýle iş etmek bolmaz – diýip, garşylyk görkezende, oňa: − Seniňem bogazyňa gurşun guýarys – diýip gorkuzypdyrlar. Bular Akpamygy basyp, bogazyna we gulaklaryna gurşun guýupdyr- lar. Şonda iň kiçi doganynyň aýaly hem gorkusyna Akpamygyň bir syçalasyndan tutupdyr. Akpamygy şeýdip, lal we güň edipdirler. Emma Akpamygyň körpe gelnejesi gorkusyna gaýynagalaryna hiç zat aýdyp bilmändir. Akpamyk gün geldigiçe horlanypdyr. Doganlary: − Uýam jan, saňa näme bolýar? – diýseler hem ol jogap bermändir. Ahyry ýeňňeleriniň iň ulusy: − Muňa näme bolýanyny men bilýän – diýipdir. − Ýeri, bilseň, näme bolýar, aýt-da! Ol aýal: − Akpamyga är gerek, ýürejigine kär gerek – diýipdir. Onda agalary: − Kimi halasa, baraýsyn – diýipdirler. Şonda ýeňňeleriniň kiçisi: − Muny bir düýä mündürip goýberiň, kimi halasa, özi barar – diýipdir. Doganlary bir akmaýany kejebeläp, bezäp, Akpamygy mündürip goýberýärler. Şol wagtlarda patyşanyň ogly bilen weziriň ogly awa çykan ekenler, olaryň gözleri çölüstanda bir gara kaklyşýar. Gelseler, üsti bezegli, kejebeli maýa öz ugruna otlap ýör. Patyşanyň ogly: − Içi meniňki – diýipdir. Weziriň ogly: − Daşy meniňki – diýipdir. Ikisi iki ýerden at salyp barýarlar welin, ine, akmaýanyň üstünde kejebäniň içinde şeýle bir gyz bar welin, iýme-içme-de seret-de otur. Ýigitler: − Aý, gyz, ynsmysyň, jynsmysyň, dillen – diýip sorapdyrlar. 45 Jogap ýok. «Gyz hiç geplemese-de, lal bolsa-da aljak» diýip, patyşanyň ogly Akpamyga öýlenipdir. Aradan bir ýyl töweregi geçensoň, onuň bir ogly bolupdyr. Bu oglan dört-bäş ýaşapdyr. Emma Akpamyk entegem geplemändir. Patyşanyň ogly: − Gel, indi bir aýal alaýyn, ýogsam boljak däl – diýip, aýal göz- lemäge çykypdyr. Akpamyk öz içinden: «Bu kembagtlyk hemme ýerde maňa zyýan getirýär» diýip, çörek hem bişirmän oturyberipdir. Akpamygyň ogly gelip: − Eje, çörek – diýipdir. Akpamyk öňki dilsizliginiň üstüne äri hem öýlenmegiň ugruna çykansoň, gamgyn bolup oturşyna ogluna çörek hem bermändir. Onda ogly ony ýeňsesinden itip: «Eje, çörek diýýän» diýip, gaty kakypdyr welin, bogazyndaky gurşun «lark» edip gaçypdyr we onuň dili açylypdyr. Ondan soň Akpamyk ogluna: − Balam, gulagyma-da bir ur – diýipdir. Onuň ogly gulagyna-da urýar welin, gulagyndaky gurşun hem ga- çyp, gulagy hem açylypdyr. − Beýleki gulagyma hem ur – diýýär. Ogly ol gulagyna hem «Eje, çörek» diýip urupdyr, şonda onuň ol gulagyndaky gurşun hem gaçyp, Akpamyk salamat bolupdyr. Patyşanyň ogly şol gün yzyna bir ýaş gelni tirkäp gelipdir. Ol gelen wagty, Akpamyk çökelik 1 gaýnadyp oturan eken. Çökelik çogup, dökülip duran eken. Täze alnyp gelen gelin atyň üstünden: − Mesdi haýran, Döküldi aýran! – diýip gygyrypdyr. Heniz gelip atdan düşmedik gelniň beýle zäherli sözüne Akpamyk: − Geline bak, geline. Gele-gelmän diline, Özi eýer gaşynda, Gözi ojak başynda – diýip jogap beripdir. Şazada Akpamygyň diliniň açylandygyny görüp, begenjinden yzyna tirkäp gelýän gelnini şol wagt atdanam düşürmän, yzyna iberipdir. Ol Akpamyk bilen täzeden bagtly ýaşaşyp başlapdyr. 1 Çökelik – peýnir etmek üçin ýagy alnan süýdüň ýa-da gatygyň gaýnadyl- magy. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling