Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
50 Türkmen halk döredijiligi − Eý, adamzat, sen kimsiň? Bu Ak döwi öldürip bilýän ýokdy, sen muny nädip öldürdiň? − diýip soraýar. Mämmetjan bu perini görüp, akyly haýran bolup duruberýär. Ol gyz hem Ak döwüň goluna düşüp, nädip mundan boşap biljegini bilmän ýören gyz eken. Ondan soň, bu gyz Mämmetjana aýdýar: − Sen entek bu Ak döwi öldürip bileňok. Mämmetjan: − Näme üçin men muny öldürip bilmedim? − diýip soraýar. Gyz aýdýar: − Bu Ak döwüň jany başga ýerde. Eger-de sen şony tapyp bilseň, ondan soň, bu Ak döwi öldürersiň, emma munuň janynyň duran ýeri hem örän berk. Onda Mämmetjan: − Ol nirede we nähili? – diýip soraýar. Gyz aýdýar: − Şol tamda bir aždarha ýatandyr. Sag gözi açyk, çep gözi ýumuk bolsa, onda ol ukudadyr. Ak döwüň jany hem onuň çep gulagyndadyr. Sen ýuwaş-ýuwaşlyk bilen baryp, birden aždarhanyň şol açyk sag gözüne bir käse suw sep. Sepen badyňa onuň şol çep gulagyndan bir kiçijik çüýşe gaçar. Sen şol pursatda häzir bolup dur. Çüýşe ýere gaçan badyna, tiz al- da, ony döw. Çüýşäň içinde Ak döwüň jany bardyr. Şony sypdyrman alyp öldürseň, Ak döwden dynarsyň. Ýogsam, Ak döw ölmez. Ondan soň Mämmetjan: − Bolýar, onuň ýaly bolsa, men aýdyşyň ýaly ederin − diýip, aždarhanyň ýanyna bakan ugraýar. Mämmetjan aždarhanyň ýanyna baryp görse, munuň sag gözi açyk, çep gözi ýumuk, edil gyzyň aýdyşy ýaly eken. Mämmetjan ýuwaşlyk bilen barýar-da, aždarhanyň sag gözüne bir käse suw sepýär. Aždarha bir «af-tüf» edip asgyrýar. Onuň çep gulagyndan bir çüýşe ýere gaçýar. Bu çüýşe ýere gaçanda aždarha hem ýalpa oýanýar. Oňa çenli Mämmetjan çüýşäni eline alyp ýetişýär. Ak döw: − Eý, Mämmetjan, öldürme, men seniň gurbanyň bolaýyn − diýýär. Aždarha hem: − Öldürme, Mämmetjan − diýýär. Jany ýanyp duran Mämmetjan ony ýeriň ýüzüne pylçap bir urýar. Uran badyna aždarha hem ýom-ýok bolýar, Ak döw hem «ah» diýip ag- darylyp gidýär. Şeýdip Mämmetjan olary ýok edýär. 51 Gyz: − Indi, Mämmetjan, sen meni al − diýýär. Onda Mämmetjan: − Ýok, men seni entek aljak däl − diýýär. Gyz: − Onda sen, Mämmetjan, näme işe geldiň? – diýip soraýar. Mämmetjan: − Meniň atam agyr kesel ýatyr, onuň göwni bilbilgöýäni isleýar, ol: «Eger-de şol guş bir saýrasa, men ýagşy bolup açyljak» diýýär. Men hem şol bilbilgöýäni tapyp getirmäge çykdym. Indi gidip, men şol guşy tapyp getirjek – diýip jogap berýär. Onda gyz: − Aý, Mämmetjan, sen onuň üçin hiç horlanyp oturma, bilbilgöýä saňa ýetdirmez, ol guşa ýetmek örän kyn. Bu öldüren Ak döwüň döwleriň iň kiçijigi, indi köpi mundan beýlede. Ol ýerde ýedi kelleli döwler bar. Olar seni hiç geçirmez. Ondan sen meni al-da, bu ýerde meniň ýanymda gal − diýýär. Mämmetjan aýdýar: − Ýok, men bu ýerde galman gideýin, ýa men ölerin, ýa-da şol bil- bilgöýäni alyp gelerin. Ondan soň gyz Mämmetjanyň bu ýerde galmajagyny, onuň hökman gitjekdigini bilip, bir döwi çagyrýar. Döw: − Lepbeý − diýip, bu gyzyň ýanyna gelýär. Gyz aýdýar: − Şuny ol döwüňkä näçe wagtda eltip gelersiň? Onda bu döw: − Rugsat etseňiz, otuz dem alym salymda eltip gelerin − diýip jogap berýär. Gyz muňa gaty gaharlanyp: − Git, gözüme görünme, peläket! − diýip, ony kowýar. Ýaňadan ikinji bir döwi çagyrýar. Bu döw hem: − Lepbeý − diýip gelýär. Muňa-da gyz aýdýar: − Şuny ol döwüňka näçe wagtda eltip gelersiň? Onda bu döw hem aýdýar: − Rugsat etseňiz, on bäş dem alym salymda eltip gelerin. Gyz muňa hem gaharlanyp: − Git, peläket – diýip, ony kowýar. Ondan soň gyz üçünji gara döwi çagyrýar. Ol hem: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling