Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
54 Türkmen halk döredijiligi özi hem ýatan bolsa, onuň ýanyna barmagyn, eger-de gözleri açyk, özi hem gäwüşäp duran bolsa, onda arkaýyn baryp, gulagyna birazrak gum dyksaň, çüýşe ýere gaçar. Şony alyp döwseň bolar. Mämmetjan onuň ýanyna bakan ugraýar. Baryp görse, ol gäwüşäp, gözlerini ýaldyradyp garap dur. Mämmetjan ol özüne seredip duransoň, gorkusyna yzyna gaýdyp, gyzyň ýanyna gelýär. Gyz: − Ýeri, sen näme gaýdyp geläýdiň? − diýýär. Onda Mämmetjan aýdýar: − Ol ukuda däl, oýa, gözleri açyk, gäwüşäp, maňa bakan garap dur. Gyz aýdýar: − Şeýle bolsa, onuň tüýs ukuda wagty. Onda sen arkaýyn baryber. Ondan soň Mämmetjan onuň ýanyna ýaňadan barýar. Ýuwaşlyk bilen baryp, bir gysym gumy alyp, onuň gulagyna sepýär. Onuň beýleki gula- gyndan bir çüýşe pat edip, ýere gaçýar. Hälki keýik bu çüýşe ýere gaçandan ýalpa oýanýar. Oňa çenli Mämmetjan çüýşäni eline alyp ýetişýär. Keýik «Degme» diýip, Mämmetjana ýalbarýar. Hälki döw hem: − Dat, Mämmetjan, seniň gurbanyň bolaýyn, öldürme − diýip, gygyryp ylgap gelýär. Oňa çenli Mämmetjan çüýşäni ýeriň ýüzüne bulap bir urýar. Çüýşe çym-pytrak bolýar. Onuň içindäki döwüň jany hem jähennem bazaryna gidýär. Keýik hem çüýşe döwlenden soň, ýom-ýok bolýar. Döw hem bir ah çekip, agdarylyp gidýär. Ondan soň Mämmetjan ýene gyzyň ýanyna barýar. Gyz hem Mämmetjany görüp: − Ýeri, Mämmetjan, nätdiň, öldürdiňmi? − diýýär. Mämmetjan: − Hawa, öldürdim − diýip jogap berýär. Gyz Mämmetjany öz ýanynda alyp galmakçy bolýar: − Eý, Mämmetjan, sen döwi öldürip, meni halas etdiň, indi meni taşlap, sen nirä gitjek? Onda Mämmetjan özüniň näme işe bilen gelenini bu gyza gürrüň berýär. Onda bu gyz hem Mämmetjana şeýle diýýär: − Ýok, Mämmetjan, sen indi mundan beýläk gitme. Mundan beýle- kileri has ýamandyr. Onda Mämmetjan aýtdy: − Ýok, men gitmesem, hiç boljak däl, men şol guşy alyp gelmek üçin 55 gaýtdym. Indi men şol guşy alyp gelmesem bolmaz. Onuň üçinem men bu ýerlerde durjak däl, men gitjek − diýip, ugramakçy bolýar. Ondan soň bu gyz Mämmetjanyň gitjegini bilip: − Bolýar, seni ugradaýyn − diýip, döwleriň birini çagyrýar. Döw gelip: − Lepbeý − diýip durýar. Gyz: − Şuny ol döwüňka näçe wagtda eltip gelersiň? – diýip soraýar. Döw: − Rugsat etseňiz, muny ýigrimi dem alym salymda eltip gelerin – diýip jogap berýär. Gyzyň gahary gelip: − Git, ýok bol, peläket! − diýip kowýar. Ondan soň bu gyz ikinji birini çagyrýar. Ol döw hem gelip: − Lepbeý − diýip durýar. Gyz muňa hem aýdýar: − Şuny ol döwüňkä näçe wagtda eltip gelersiň? − Rugsat etseňiz, muny on dem alym salymda eltip gelerin − diýýär. Gyz muňa hem gahary gelip kowýar. Ondan soň, ol gyz üçünji gara döwi çagyrýar. Ol hem: − Lepbeý − diýip gelýär. Muňa hem aýdýar: − Şuny ol döwüňkä näçe wagtda eltip gelersiň? Onda gara döw aýdýar: − Rugsat etseňiz, muny göz açyp-ýumasy salymda eltip gelerin. Ondan soň gyz Mämmetjana ol uýasyna we howlynyň işigindäki sakçy döwe hat ýazyp berýär. Ondan soň döwe aýdýar: − Şuňa bir zelel beräýseň, onda seniň deriňi iniňden alaryn. Döw: − Ýok, ýok, muňa hiç bir zelel bermek bolmaz − diýýär. Gyz ondan soň Mämmetjan bilen hoşlaşyp, ony ugradýar. Bu döw, aýdyşy ýaly, Mämmetjana hiç azar bermän, göz açyp-ýumýança eltip gelýär. Mämmetjan bu ýerdäki döwi hem hälki döwi öldürişi ýaly öldürýär... Onsoň altynjy gyz ýedinji gyza − iň uly uýasyna hat ýazyp berýär. Mäm- metjan bu ýerden hem şol öňki ýerdäki ýaly aňryk ugraýar. Mämmetjan iň ahyrynda ýedinji döwüňkä barýar. Mämmetjan haty birinji işikdäki sakçy döwe berýär. Ol muny howlynyň içine goýberýär. Ondan soň Mämmetjan bu gyzyň ýanyna barýar. Oňa ondan öňki gyzyň hatyny berýär. Ondan soň bu gyz: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling