Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
72 Türkmen halk döredijiligi − Gyýw, haý-haý! – diýip gygyrypdyr. Möjek ses gelenini eşidýär eken. Emma nireden gelýänini bilmändir. Ol goýun iýmekden elli bizar bolup, gaçyp zordan özüni gutarypdyr. Biçäre möjek aç bolansoň, açlyga çydaman, ýene bir çopanyň goý- nuna barypdyr. Möjek sürä ýakynlaşandan, Ýartygulak ýene: − Aý, çopan, haw! Eşitmedim diýme, haw! Goýnuňy möjek aldy, haw! – diýip gygyrypdyr. Bu çopan hem: − Aý, bir öwejiň bar, kowaweri – diýip gygyrypdyr. Ýartygulak hem möjegiň içinden: − Gyýw! Haý-haý! – diýip, uly gopgun turuzypdyr. Goýun çopanyň özi hem üç sany iti bilen möjegiň yzyna düşüpdir. Itler hem kowalap, möjegiň guýrugyndan ýapyşsalar-da, tutup bilmän, gaýdypdyrlar. Aç möjek ýene bir süri goýnuň gyrasyndan barypdyr. Bu gezek hem Ýartygulak çopana habar berip, möjegiň içinde uly gopgun turuzypdyr. Garaz, bu möjek birnäçe günläp alakjap, gaty köp sürüleriň üstünden barypdyr. Haýsyna barsa-da, Ýartygulak çopanlara habar berip, onuň içinde uly zenzele turuzypdyr. Möjek biçäre hem her gezek goýunçy itleriň demine düşüp, sütüni süýnüpdir. Ahyrda möjek bu belanyň öz içindedigini aňypdyr. Ysgyny gidip, halys bolup «Indi bu beladan nähili gutularkam» diýip, bir bilimdar tilkiniň ýanyna maslahata barypdyr. − Eý, tilki dost, meniň içimde bir bela bar. Goýun iýmäge bar- sam, içimde: «Aý, pylany çopan, haw, goýnuňy gurt aldy, haw» diýip zowladyberýär. Indi bäş gündür, agzyma zat degenok, açlygymdan bede- nimde kuwwat galmady. Şuňa sen bir zat et, ýogsam men öljek – diýip ýalbarypdyr. Onda tilki: − Eý, möjek, sen bir suwujak bulamak içip, birnäçe sapar ýapy ýo- karyk ylgasaň, içiňdäki bela gaçar – diýipdir. Onda Ýartygulak: − Eý, tilki, tilki, seniň aňyň gaçypdyr, içmäge bulamak tapýan bolsa, möjek şu güne düşermidi? – diýip, möjegiň içinden gygyrypdyr. Tilki muny eşidip: − Eý, möjek dost, ýagdaýyň kyn eken, ýaman bela sataşypsyň. Ýene bir zat aýdaýyn welin, şony etseň, belki, bu beladan dynarsyň – diýipdir. Onda gurt: − Dost, aýdaweri, bir em bolsa haýyr etse, edeli, etmese, bir başa bir ölüm ekeni-dä – diýip, tilkä ýalbarypdyr. 73 Tilki: − Eý, möjek dost, sen günorta bolan wagty haýata bar-da üzümiň çigräginden iý. Köpräk iýjek bol. Içiňdäki bela her näçe gygyrsa-da, onuň sesini hiç kim eşitmez – diýipdir. Möjek hem: − Bolýar – diýip, üzümli haýatyň içine girip, bir-iki düýp üzümi syrypdyr. Ýartygulak hem: − Dat-bidat, üzüm eýesi, üzümiňi ogry aldy, haw! – diýip, möjegiň içinden gygyryberipdir. Üzüm eýesi hem: «Bu gykylyk nämekä?» diýip, eline taýak alyp, haýatyň içine aýlansa, bir möjek üzüm iýip duran. Ol ýuwaşlyk bilen gurduň ýeňsesine bir ýapypdyr welin, möjek hem ýüregi ýarylan ýaly bolup, ýokaryk bir zyňlypdyr-da, gaçyp gidipdir. Möjek asmana zyňanda, Ýartygulak syrylyp gaçypdyr. Möjek hem begenjine durman, tilkiniň ýanyna barypdyr. Ýartygulak möjekden galandan soň, bir üzümiň düýbünde ýatypdyr. Üzüm eýesi gurdy kowup, bir çelek üzüm ýygyp, arkasyna göterjek bo- landa, Ýartygulak hem çelege giripdir. Bu adam ýolda barýarka aýdym aýdýar welin, Ýartygulak hem çelegiň içinden: − Jan-jan, sag bol! – diýip gygyrýar. Bu adam hem yzyndan adam gelýändir öýdüp yzyna seretse, hiç kim ýok. «Göwnüme ses gelen ýaly boldy» diýip, oýlanýar-da, ýene aýdym aýdýar welin, Ýartygulak çelegiň içinden: − Jan-jan, sag bol! – diýýär. Bu adam gorkusyna aýdym aýtmasyny hem goýup, gaty-gaty ýöräp, öýlerine gelipdir. Soňam esli salym titir-titir edip oturypdyr. Sebäbi ol sesi jyndyr öýdüpdir. Ýartygulak bolsa çelekden çykyp, çuwalyň aşagyna girip ýatypdyr. Obanyň adamlary hem: «Pylany jyn görüpdir» diýşip, ony soramaga gelipdirler. Jyn gören adamyň öýüne şol agşam dört sany myhman hem gelip- dir. Bular gije ýatypdyrlar welin, Ýartygulak çuwalyň aşagyndan çykyp, myhmanlaryň sakgalyny biri-birine daňypdyr. Ýaňky jyn gören adamyň sakgaly bilen aýalynyň saçyny hem bir daňypdyr. Agşam myhmanlaryň biri daşaryk çykjak bolupdyr welin, ýoldaşy sakgalyndan çekýändir öýdüp: − Haw, sakgalymy goýbersene – diýipdir. Onda ýoldaşy oýanypdyr- da, öz sakgalyndan bilgeşleýin çekýändir öýdüp: − Sakgalymdan-a sen çekip dursuň, haw? Sakgaldanam oýun bolar- Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling