Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
76 Türkmen halk döredijiligi söwda edeni, heý, mundan ozal eşidipmidiň? Sen bir tilkä özüňi aldadyp, aldatdyrypsyň − diýip, heleýleri muny urýarlar. Heleýleri ony synamak üçin indiki bazara çenli iki alaça dokaýarlar. Olary hem horjuna salyp, agzyny köjeşdirip, onuň ýabysynyň syrtyna bökderip, özüni-de ýabysyna mündürip, bazara goýberýärler. Ýene gidip barýarka, öňünden bir tilki çykyp: − Haw, Hudaýberdi, niräk barýarsyň, how? − diýip gygyrýar. Hu- daýberdi gorkak: − Men-a bazara alaça satmaga barýaryn − diýýär. Onda tilki: − Aý, bazara äkidip ýörenden, maňa sataý − diýýär. Hudaýberdi gorkak: − Ýok, ýok, men saňa alaçamy bermen, ozal hem aldap, pulumy bermediň − diýýär. Onda tilki: − Men seni hiç mahal aldan däldirin. Men bir sözümde durýandyryn. Ol seniň hakyňy iýen kül tilkisidir − diýip, munuň alaçasyny elinden alýar-da: − Hali bazardan gelýärkäň, şu ýerde duruberersiň, men puluňy getirip bererin − diýýär. Hudaýberdi gorkak alaçany tilkä nesýe berip, bazara gidiberip- dir. Hudaýberdi bazara baryp, ýabysyny daňyp: «Ýolda alaçamy aňsat satdym» diýip, bazarda arkaýyn gezip ýör eken. Birden jübüsiniň pulsuz- lygyny aňlanda, ýaňky alaçasyny satany hem ýadyna düşüp, gaýtmakçy bolýar. Hudaýberdi gorkak derrew ýabyjygyny münýär-de, bazardan yzyna gaýdýar. Ol hälki alaçasyny satan ýerine gelip görse, ýene tilki ýok. Durup-durup, halys bolýar, hiç gelýän zat ýok, ol ýene yzyna garap-garap, öýüne baka gaýdýar. Ol öýüne ýetip gelýärka, onuň aýallarynyň biri muny görüp, ylgap öňünden çykyp: − Ýeri, alaçany sag-aman satdyňmy? − diýip soraýar. Hudaýberdi: − Aý, aýal, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady-da − diýip, ýüzüni aşak salyp oturyberýär. Onsoň iki aýaly hem muny indi näme etmek gerek diýip pikir edýär. Onsoň ikisi dil düwşüp, muňa batyrlygy öwretjek bolup başlaýar. Bir gün agşam Hudaýberdi aýallaryna: − Men tilkiden gorkýan. Meni meýdana äkidip geliň − diýýär. Aýallary hem: − Bolýar − diýip, muny meýdana äkidýärler. Ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. Hudaýberdi gorkak meýdana 77 oturýar. Aýallarynyň her haýsy bir gapdalynda duran bolup, birden ikisi hem gaçýar. Iki aýaly hem öýe girýär-de, işigiň içinden gurup Hudaýber- dini öýe salmaýar. Hudaýberdi gorkak daşarda: − Waý, işigi açyň, tilki meni öldürýär-le! − diýip, gorkup gygyrýar. Aýallary işigi açman, tärimiň gözeneginden syrygy uzadyp: − Al, şunuň bilen tilkini uruber! − diýýärler. Hudaýberdi ony alyp, daş-töweregine bulaýlap, tilkini ýanyna ge- tirmändir. Onsoň: − Indi işigi açaýyň, meniň batyrlykda kemim galmady − diýip gygyrýar. Aýallary bir haýukdan soň işigi açýarlar. Hudaýberdi gorkak öýüne girip: − Şeýle bir batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman − diýýär. Günlerde bir gün Hudaýberdi bir ýere gidip barýar eken, öňünden bir eşegiň türresi çykýar, ol muny alýar-da, goltugyna salýar. Ýene-de gi- diberýär welin, öňünden bir pyşbaga çykýar, muny hem goltugyna salýar. Ýene barýarka, öňünden bir meýdan horazy çykýar, muny hem goltugyna salýar. Ýene ýöräberýär, öňünden bir ýumurtga çykýar, muny hem gol- tugyna salýar. Hudaýberdi bu zatlary goltugyna salyp gidip barýarka, birnäçe döwüň üstünden barýar. Döwler mundan: − Adyň näme? − diýip soraýarlar. − Adyma Hudaýberdi pälwan diýerler. − Gel, onda otur. Ol oturýar. Muňa döwler: − Biziňem bir pälwanymyz bar, şonuň bilen göreşip bilermiň? – diýýärler. Hudaýberdi: − Göreşerin − diýýär. Döwler pälwany çagyryp, Hudaýberdi bilen göreş tutdurmaga başlaýarlar. Bular göreş tutup ugraýarlar. Döwleriň pälwany Hudaýberdi pälwany gysyp, owradyp barýar. Munuň gözi peträp, asmana dikilip ugranda, döwleriň pälwany: − Ýeri, Hudaýberdi batyr, näme ýokaryňa garaýarsyň? − diýýär. − Ýokaryk garaýanymyň sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyň ýanyndan gaýtarsamkam diýýärin. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling