Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
78 Türkmen halk döredijiligi Onda döwleriň pälwany aýdýar: − Aýrylaweri, sen meni öldürjek ekeniň, näme gerek bolsa aýt, ýöne meni goýberseň bolýar − diýýär. Hudaýberdi gorkaga döwler birnäçe zat berýärler. Onsoň Hudaýber- di batyr: − Bitiňizi deňeşdirjekmi? − diýýär. Döwler: − Bolýar − diýýärler. Döwler bir bit çykarýar welin, hakyt ýumruk ýaly gök bit. Hudaýber- di pälwan hälki ýoldan alan pyşbagasyny çykaryp goýberýär. Döwler: − Bä, sapak-supak baglap gidipdir − diýip, içlerini çekip, haýran galyp durlar. Ondan soň ýene-de Hudaýberdi batyr: − Büräňizi deňeşdirjekmi? − diýýär. Döwler: − Hawa − diýýärler. Döwler büresini çykarýar welin, bu hem ýumruk ýaly eken. Hu- daýberdi pälwan hälki horazy çykarýar welin, ol pasyrdap ýere düşýär. Döwler: − Bä, bu-ha kekeç-mekeç baglap gidipdir − diýip haýran galýarlar. Ýene-de Hudaýberdi pälwan döwlere: − Goltugyňyzyň gylyny deňeşdirjekmi? − diýýär. Döwler hem: − Deňeşdirjek − diýýärler. Döwler çykaryp görkezýärler welin, uzynlygy bir sere bar. Hu- daýberdi pälwan hälki eşegiň türresini çykarýar. Döwler haýran galyp: − Bä, munuňky türre-mürre baglap gidipdir − diýýärler. Ýene Hudaýberdi pälwan: − Ýeriň ýagyny çykaryşjakmy? − diýýär. Döwler: − Çykaryşjak − diýýärler. Onsoň Hudaýberdi pälwan hälki ýumurtgany ýere gömüp, depip goýberýär welin, ýumurtganyň sarysy çogup çykýar. Döwler haýran galyp: − Päh-eý, bu ýeriň ýagyny çykaraýdy − diýişýärler. Döwler ýeri depýärler welin, ýöne ýer sarsýar. Hudaýberdi pälwan: − Agaç ýykyşjakmy? − diýýär. Döwler: 79 − Ýykyşjak − diýýärler. Döwler depýär welin, agaç ýykylýar. Hudaýberdi pälwan gelýär- ka, bir kültem ýüp tapypdy. Şol ýüp bilen agaçlaryň daşyna aýlaşdyryp başlaýar. Döwler muny görüp: − Ýeri, Hudaýberdi pälwan, muny näme etjek? − diýýärler. − Men ýekeleşip durman, birden barysyny ýykjak. Döwler: − Aý, zaluwat, Hudaýberdi pälwan, goýaweri, biziň atamyzdan galan saýalyk agajymyzyň baryndan dyndarjak sen − diýşip, muny saklaýarlar. Onsoň döwler: − Indi sen biziň bilen bir nahar hem iýiş, onsoň biz saňa boýun – diýýärler. Hudaýberdi pälwan aýdýar: − Näme diýseňiz ederin. Onsoň kyrk gulak gazany palawdan dolduryp, döwler birigip, iýip ugraýarlar welin, hiç tükedip bilmeýärler. Gazany Hudaýberdi pälwanyň öňüne getirip goýýarlar. Hudaýberdi pälwan döwler çykan wagty çukur köwüp, gazanyň içindäki aşy şoňa döküp, döwler işikden gelenlerinde gazanyň düýbüni ýalan bolup oturýar. Döwler muny görüp: − Myhman iýäýipdir – diýip haýran galýarlar. Onsoň döwler: − Muny agşam ýatanda öldüreliň, muny agzybirlik bilen ýok etme- sek, bu bize hezil bermez − diýip, özara maslahatlaşypdyrlar. Hudaýberdi pälwan agşam possuny ýapynyp ýatýar. Ol agşam döwleriň öldürmäge geljegini bilip, possunyň aşagyna bir uly daşy salyp, üstüni ýapyp goýup, özi beýle ýanynda ýatýar. Gijäniň bir wagty döwler baryp, ýaňky ýatan possuny, ýapylgy daşy taýak bilen urmaga başlaýarlar. Olar urup-urup: «Indi öldürdik» diýip gidýärler. Hudaýberdi pälwan ertir turup, döwleriň işiginden girip: − Beý, agşam ýagyşjagaz şytyr-pytyr edäýdi öýdýän, arkaýyn ýatyp bilmedim − diýýär. Döwler: – Bä, şony hem şytyr-pytyr bilýän bolsa, muňa näme alaç etmek bolar? − diýşip pikirlenýärler. Ertesi agşam Hudaýberdi pälwan küti basylan çöpüň içinde ýatýar. Ýene döwleriň geljegini bilip, çöpüň içine uly bir daşy goýup, özi beýlede ýatýar. Döwler baryp, çöpi otlaýarlar. Hudaýberdi pälwan ertir turup, ýene döwleriň ýanyna barýar-da: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling