Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet32/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halky kyssalar. Jadyly ertekiler


80
Türkmen halk döredijiligi
− Bä, agşam inim gaty gyzdy-how, men näsaglapdyryn öýdýän − 
diýýär.
Döwler:
− Islän zadyny berip, şuny aman-sag öýüne eltip geleliň
− diýşip, onuň horjunyny zatdan dolduryp, bir döwüňem üstüne mündü-
rip, öýüne ugradýarlar. Ony göterip gelýän döw:
− Hudaýberdi pälwan, sen şunça zat iýýärsiň weliň, hiç agramyň 
ýok-la? − diýýär.
Onda ol:
− Agramymy salamok, gökde ýüpüm bar, şoňa aslyşyp gelýärin
− diýýär.
Onda döw:
− Hany, ýüpden aslyşman, agramyňy sal − diýýär. Hudaýberdi 
pälwanyň bilinde bir jontujak pyçagy bar eken, şonuň bilen döwüň gerşine 
basyberýär. Döw:
− Haý, zaluwat, ýüpüňe ýapyşaweri! − diýip gygyryberipdir. Ana, 
onsoň, Hudaýberdi pälwan döwi münüp, öýüne barýar. Döw muny 
düşürýär-de, yzyna gaýdýar. Gelýärka, ol döwüň öňünden bir tilki çykyp:
− Ýeri, döw, nireden gelýärsiň? − diýip soraýar. Döw:
− Hudaýberdi pälwany öýüne eltip gelýärin − diýýär. Tilki:
− Siz oňa «Hudaýberdi pälwan» diýýärsiňiz, biz oňa «Hudaýberdi 
gorkak» diýýäris. Men onuň alaçasyny aldap, elinden alýaryn, ýör gör-
kezeýin − diýýär.
Döwem muňa ynanmaýar. Tilki döwe:
− Ynanmasaň, boýnuma ýüp sal − diýýär.
Tilki boýnundan ýüp saldyryp, döwüň öňüne düşüp, Hudaýberdi 
gorkagyň öýüne barýar. Hudaýberdi gorkak bularyň gelýänini görüp, 
tamyň üstüne çykyp:
− Haý, tilki! − diýip gygyrýar. Tilki Hudaýberdä hä berýär. Hu-
daýberdi:
− Ataň üç döw bergisi barka, getirýäniň ýekeje döwmi? − diýip 
gygyrýar.
Ýaňky döw tilkiniň guýrugyndan tutup:
− Sen meni ataň bergisine bermek üçin getirýän ekeniň − diýip, 
tilkini ýeriň ýüzüne bulap urýar-da, ökjäni göterýär. Hudaýberdi şeýdip, 
hile bilen batyr adyny alýar.


81
Garybyň gyzy Güljahan
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda Şirwanadyl diýen bir 
patyşa bar eken. Bu patyşa gündizine öz tagtynda arz diňläp, gijelerine 
özüniň bir-iki wezirini ýanyna alyp, gedaý lybasynda öý diňlär eken. 
Günlerde bir gün Şirwanadyl gün ýaşandan soň, iki weziri bilen gezmäge 
çykypdyr. Bular şäheriň çetinde bir garybyň öýüni diňläpdirler. Bu öýüň 
üstüne müň daş atsaň, biri durjak dälmişin. Şirwanadyl bulary diňläpdir 
welin, gyzlar garyplykdan käýinip, biri-birine:
− Geliň, bolsady ekişeliň − diýýärler. Üçüsi üç ýerden:
− Geliň-de, geliň − bolşup gürrüňe başlapdyr. Iň ulusy:
− Men pylan oglanyň gelni bolan bolsam bolmaýarmy, onuň bilen 
hemişe rahatlykda ýaşardym − diýipdir. Garybyň ortanjy gyzy:
− Men pylan söwdagäriň gyzy ýa-da gelni bolsam bolmaýarmy
− diýipdir. Onda iň kiçisi Güljahan:
− Päh-eý, şunyňyzdanam bir bolsady bolarmy? Käşgä bolsady 
ekeniňize göra, şeýle ekiň-dä: «Men Şirwanadylyň aýaly bolsam, hem-
me hazynasynyň ygtyýary hem mende bolsa, men ony garyplara paýlap 
bersem, özi hem men daş çykanymda, köwşümi öňüme atsa, daşardan 
gelenimde hem köwşümi ýygnasa − diýipdir. Patyşa gyzlaryň gürrüňini 
eşidip, öýlerine gaýdypdyr. Ertir ol tagta çykyp, ýaňky garybyň üç gyzyny 
hem çagyrdypdyr.
Patyşa:
− Ýeri, gyzlar, hany, gepläp oturyň, men sizden bir zat sorajakdyryn 
welin, dogrusyny aýdyň – diýipdir.
Gyzlar:
− Eý, patyşahym, näme sorasaň soraber, bildigimizden aýdarys
− diýipdirler.
Patyşa:
− Ýeri, onda agşam öz araňyzda näme gürrüň etdiňiz? − diýipdir.
Gyzlar patyşadan gorkup, oýkaň-soýkaň edip:
− Patyşamyz, biz-ä bir üýtgeşik gürrüň edemzok − diýipdirler:
Şirwan patyşa:
− Ýeri, hany, dogrujaňyzy aýdyň, siziň ähli eden gürrüňiňiz mälim, 
ýöne siz dogrusyny aýdaýyň − diýipdir.
Gyzlaryň ulusy:
− Patyşamyz, bagyşlaň, ynha, men-ä pylan oglanyň gelni bolaý-
samdym diýip, bolsady ekdim − diýip, eden gürrüňini bolşy ýaly edip 
aýdýar.
* 6. Sargyt № 3166

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   28   29   30   31   32   33   34   35   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling