Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
70 Türkmen halk döredijiligi gir, ýapyl, sandygym, ýapyl» diýseň, ýapylar duruberer – diýip, onuň eline bir ýeňiljek sandyk berýär. Ýaňky garyp sandygy alyp gelýärkä, ýolda öz-özüne: − Heý, şu sandykda-da tokmakly adam ýerleşermi?! – diýip, barlap görmekçi bolup, sandygy depäniň üstünde goýup, özi hem bir ýerde bukulyp: − Açyl, sandygym, açyl, çyk, tokmaklym, çyk – diýip gygyrýar. Sandykdan tokmaklyja adam çykyp, töwerekde şol çopanyň özünden başga adam bolmandan soň, ýaňkyny urmaga başlapdyr. Ol agyrysyna çydaman zordan: − Gir, tokmaklym, gir, ýapyl, sandygym, ýapyl – diýip gygyrypdyr, sandyk ýapylypdyr. Soňra ol garyp sandygy alyp, patyşanyň köşgüne barypdyr. «Patyşama sowgat getirdim» diýip derwezedäki ýasawullary aldap, şanyň köşgüne giripdir. Giripdir-de edil patyşanyň gaşyna baryp, tokmaga diýmeli sözleri gaýtalapdyr welin, ol aňalyp duran patyşanyň bir ýanyndan degiberipdir. Ony galmaz ýaly hala ýetiripdir. Soň çopan: − Gir, tokmaklym, gir, ýapyl, sandygym, ýapyl – diýip gygyrypdyr. Sandyjak ýapylypdyr. Soňra ýaňky garyp özüniň saça- gyny hem, eşegini hem alyp, öz öýüne gelipdir, gulagy dynç, oňat ýaşap başlapdyr. Şeýlelikde, garyp myrat-maksadyna ýetipdir. Ýartygulak Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir är-aýal ýaşan eken. Bir gün bu adam degirmene un çekmäge gidipdir welin, yzynda ogly bolupdyr. Geň ýeri, ol çaganyň ululygy edil ýartyja gulak ýaly eken. Oglan bolan dessine: − Eje, aý, eje, kakam nirä gitdi? – diýip sorapdyr. Ejesi hem gor- kusyna: − Kakaň pylan degirmene un çekmäge gitdi, kakaň yzyndan düýäni eltmeli − diýipdir. Ýartygulak hem düýäni gazykdan boşadyp, ilki üstüne böküp münýär, soň gulagyna girýär. Düýe uly ýol bilen ýöräp barýarka, öňünden bir topar oglan çykyp: − Geliň-eý, boş düýe barýar, tutup eýesine eltip bereliň – diýşip, düýäni saklapdyrlar. Ýartygulak hem düýäniň gulagynyň içinden: 71 − Goýberiň düýäni, ony näme saklaýarsyňyz? – diýip gygyrypdyr. Oglanlar töweregine garanjaklaşyp, hiç kimi görmän «Eý-waý, bu ses nireden gelýärkän-äý» diýşip, adam görmänsoňlar, gorkularyna gaçyp gidipdirler. Ýartygulak düýäni sürüp degirmene baryp: − Aý, kaka-haw – diýip gygyrypdyr. Ýartygulagyň kakasy oglunyň bolandygyny bilmänden soň, ses bermändir. Ýartygulak hem kakasy ses bermänsoň, onuň adyny tutup: − Aý, pylan kaka, haw – diýip gygyrypdyr. Ýartygulagyň kakasy: «Be, meniň oglum ýokdur-la, bu meni ça- gyryp gygyrýan kimkä?» diýip, daşaryk çykypdyr. Ýartygulak içinden: «Kakam gelse gorkuzaýyn» diýip, düýeden düşüp, onuň aşagyna girip ýatypdyr. Düýe-de Ýartygulagyň gizlenen ýerindäki oty Ýartygulak bilen iýipdir. Ýartygulagyň kakasy gelse, düýeleri bar-da, ogly ýok. Ol: − Oglum, oglum! – diýse, Ýartygulak düýäniň içinden: − Kaka, men düýäniň içinde, düýe meni iýdi – diýip gygyrypdyr. Kakasy hem uny düýä ýükläp, öýlerine gelipdir. Aýaly ärinden: − Oglumy getirdiňmi? – diýip sorapdyr. Äri: − Oglumyzy düýe iýdi – diýipdir. Är-aýal ikisi oturyp aglaşypdyrlar. Bular düýelerini öldürip, içegelerini birin-birin barlapdyrlar. Hiç zat tapmandyrlar. Emma «zat ýokdur» diýip, bir bölejik ajy içegäni zyňyp goýberipdirler. Ýartygulak bolsa şol bölejik içegede eken. Är-aýal ogul- laryny ýitirip, ýekeje düýelerini hem öldürendiklerine gynanyp, aglaşyp oturypdyrlar. Bu gün bir aç möjek düýäniň öldürilen ýerine gelip, ýaňky bölejik içegäni iýipdir. Ýartygulak hem şol bölejik içegede bolansoň, möjegiň içine düşüpdir. Möjek bir içege bilen garny doýman, bir çopanyň goýnuna darajak bolup barypdyr. Ýaňky Ýartygulak: − Haý, çopan, haw, goýnuň gitdi-le, haw! – diýip, möjegiň içinden gygyrypdyr. Çopan hem: − Aý, bir öwejiň bar, kowaweri – diýip, özi hem itlerini küşgürip, ýaňky möjegi kowupdyr. Ýartygulak hem möjegiň içinden: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling