Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
64 Türkmen halk döredijiligi Mämmetjana «Ýadadyk, gel, biraz galyp, dynç alaly» diýeli. Ondan soňra bu hem galar. Şeýdip, bir ýerde ukladyp-zat edip, bir ahmallyga salyp, bir iş ederis. Ondan soň ähli zady hem-de bilbilgöýäni özümiz alyp gideris» diýip, bir çukura tüýkürýärler. Ondan soň Mämmetjanyň ýanyna gelip: − Eý, Mämmetjan, biz ýadadyk. Gel, inim, şu ýerde biz olardan biraz galyp, dynç alalyň − diýýärler. Mämmetjan hem: «Gel, meniň agalarym ýadan bolsalar, bulara biraz dynç bereýin» diýip, pikir edip: − Geliň, siz ýadan bolsaňyz, hökman dynç alarys − diýýär. Mämmetjanyň agalary aýdýarlar: − Geliň, birazajyk ýatybam turalyň. Ondan soň bular ýalandan ýatan kişi bolýarlar. Inisine hem aýdýarlar: − Mämmetjan, sen hem birazajyk ýat, senem ýaman ýadansyň. Dogrudan hem, halys ýadap gelýän Mämmetjan kellesini ýere goýan badyna derrew süýji uka gidýär. Agalary munuň uklanyny bilip, hasyr- husur Mämmetjany basyp, gözüni oýup alýarlar-da, özüni hem eltip bir guýa taşlaýarlar. Onuň gözlerini hem aňyrdan Mämmetjan bilen gelýän ite berýärler. Ol it, dili bolmasa hem, hemme zada örän ýagşy düşünýärdi. Mämmetjan onuň örän gowy görýän ýoldaşy bolansoň, it onuň gözlerini iýmän, diliniň aşagynda saklap goýaýdy. Agalary işlerini bitirenlerinden soň, ýene-de aňyrlygyna baka gidiberýärler. Bular beýlekileriň yzyndan ýetip: − Mämmetjan aw awlamaga galdy. Ýöne ol ýerik baranymyzdan soň, bu hakda biriňiz dagy sesiňizi çykaraýsaňyz, hökman ajalyňyzyň ýetdigidir, biläýiň − diýip, özara maslahat edýärler. Mämmetjanyň agalary öňe ozup giden ýoldaşlarynyň yzlaryndan ýetip: − Eger siz beýläk baranymyzdan soň, bilbilgöýäni şular alyp gelenok diýäýseňiz, onda siziň hökman ajalyňyzyň ýetdigi − diýip, bulary hem gor- kuzýarlar. Bular hem gorkularyna: − Bolýar, biz aýtmarys − diýýärler. Bular guşy hem alyp, öz şäherlerine ýetip, atalarynyň ýanyna baryp: − Ynha, ata, biz bilbilgöýäni alyp geldik − diýýärler. Onda bularyň atasy: − Ýagşy, siz alyp gelen bolsaňyz, hany, Mämmetjan nirede galdy? − diýip, bulardan soraýar. Bular aýdýarlar: − Biz Mämmetjany görmedik. 65 Atasy aýdýar: − Ýok, siz dogryňyzy aýdyň, Mämmetjansyz bu bilbilgöýäni alyp gelmek siziň işiňiz däldir. Bular ýene-de: − Ýok, biz Mämmetjany görmedik. Ol biziň bilen gidenok ahyry − diýýärler. Ondan soň bir gün geçýär, iki gün geçýär, üç gün geçýär welin, bilbil- göýä hiç saýramaýar. Bularyň atasynyň keseli öňküsindenem beterleşipdir. Ol şu guş saýraýsa, ýagşy boljak, bolmasa-da, gün geldigiçe erbetleşjek. Atasy bulara aýdýar: − Näme, bu siziň getiren guşuňyz saýramaýar? Bu gus bilbilgöýä däl bolaýmasyn. Eger-de bilbilgöýä bolsa, onda bu saýrardy. Gurban bilen Weli ikisi-de aýdýar: − Ata, ol häzir ýadaw. Ol demini-dynjyny alansoň, hökman saýrar. Atasy aýdýar: − Dynç aljak bolsa, dynç alarça wagt geçdi. Olar aýdýarlar: − Aý, indi tiz saýramaga başlar. Mämmetjan bolsa şol guýynyň içinde ýatyr. Hälki it Mämmetjanyň ýanynda galypdy. Bu it Mämmetjana guşjagaz tutup getirip berýär. Şol ýerde hoz agajy bar eken, ondan hem hoz çöpläp getirip berýär. Şeýdip, onuň ýanyndan aýrylman ýör. Indi sözi kimden eşit, Mämmetjanyň bilbilgöýäni alyp gaýdan ýe- rindäki gyzdan eşit. Mämmetjan şol gyzyň ýanynda wagty barmagyndaky ýüzügini alyp, öz barmagyna dakyp, öz ýüzüginem gyzyň barmagyna dakyp gaýdypdy. Mämmetjanyň ýüzüginde ady we haýsy ýurtdandygy ýazylgydy. Ol gyzyň hem ýüzügine ady we ýurdy ýazylgydy. Süýji ukuda ýatan gyz birwagtlar ukusyndan oýanyp görse, munuň töweregindäki çyralar öňki duran ýerlerinden başga ýere üýtgedilipdir. Bir görse, bilbilgöýä hem ýok. Ondan soň bu gyz aňk-taňk bolup ep-esli durýar. Görse, elindäki ýüzügi hem özüniňki däl. Ýüzüge garasa, onuň ýüzünde Mämmetjanyň ýurdy hem ady ýazylgy. Ondan soň bu gyz şaýyny tutup, ýeke özi Mämmetjanyň yzyny yzlap ugraýar. Az ýöräp, köp ýöräp, sähetli gün gyz Mämmetjanyň ýurduna barýar. Ondan soň gyz salgy alyp, Mämmetjanyň öýlerine barýar. Gapydan ätläp: − Hany Mämmetjan? − diýip soraýar. Agalary aýdýarlar: * 5. Sargyt № 3166 Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling