Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
66 Türkmen halk döredijiligi − Ol-a ýok. Gyz aýdýar: − Onda bilbilgöýäni kim alyp geldi? Mämmetjanyň agalary aýdýarlar: − Ony biz getirdik. Bu gyz aýdýar: − Siz ony nähili getirdiňiz we nireden getirdiňiz? Bular aýdýarlar: − Biz mundan gitdik, iň ahyrda bir ýere ýetdik, bir beýik jaýdan alyp gaýtdyk. Bu gyz aýdýar: − Alyp gaýdan ýeriňizde adam görmediňizmi? Bular: − Ýok, görmedik − diýýärler. Bu gyz soraýar: − Siziň adyňyz kim? Bular: − Biziň birimiziň adymyz Gurban, birimiziň adymyz hem Weli − diýýärler. Bu gyz bilbilgöýäni bularyň alyp gaýtmandyklaryny, Mämmetjana bir zat edendiklerini bilýär-de, olary gyssap ugraýar: − Hany, siz bu bilbilgöýäni alyp gaýdan adamyny derrew tapyň. Eger- de siz ony tapmasaňyz, onda siziň boljagyňyz bellidir. Ondan soň Mämmetjany tapmak üçin bilbilgöýäni çözüp goýberdiler. Saýrak guş uçup, öňe düşüp gidiberdi. Bu gyz hem munuň yzyna düşüp barýar. Ynha, bilbilgöýä hälki guýynyň başyna baryp gonýar. Görseler, bu ýerde bir it hem gezip ýör. Ondan soň gyz bu guýynyň agzyndan garap: − Mämmetjan! − diýip gygyrýar. Ol hem muňa ses berýär. Bu gyzyň saçlary örän uzyndy. Ol derrew saçyny çözüp, guýynyň içine sallaýar. Mämmetjan hem muňa ýapyşyp-ýarmaşyp çykýar. Bu gyz görse, Mämmetjanyň iki gözi ýok. Bu gyz: − Mämmetjan, seniň gözleriň hany? − diýýär. Ondan soň, hälki hiç saýraman duran bilbilgöýä saýraberýär. Bu gyz aýdýar: − Eý, Mämmetjan, arman seniň gözleriň ýok ekeni, eger-de gözleriň 67 bar bolan bolsady, onda men seniň göreçleriňi öňküsinden hem gowy ederdim. Hälki it bu sözleri eşidip durdy. Ondan soň bu it Mämmetjanyň iki gözüni derrew agzyndan çykaryp berýär. Gyz onuň arkasyndan bir sypaýar-da, köp sag bol aýdýar. Bu gyz Mämmetjanyň gözlerini alýar- da, ýerinde goýup, öz dili bilen bir ýalaýar welin, batyr ýigidiň gözi öňküsinden hem ýagşy bolup, ýalpyldap dur. Ondan soň bular bu ýerden Mämmetjanyň öýlerine baka gidýärler. Ynha, bular barsalar, agalary öýde eken. Olar Mämmetjany gördüler-de, bir hili depelerinden gaýnag suw guýlan ýaly boldular. Näme etjeklerini bilmän, ýüzlerini aşak salşyp otyrlar. Mämmetjan aýdýar: − Eý, agalar, siz örän «gaýratly», «edermen» ekeniňiz! Baryň, bulary pylan dagyň arasyndaky çöl meýdana taşlaň − diýýär. Onda Mämmetjanyň ýoldaşlary: − Ýok, Mämmetjan, bularyň ýoguna ýanyp, gümüni çekip öldüreli − diýýärler. Mämmetjan aýdýar: − Ýok, öldürmäň, ölmesinlerem, gülmesinlerem, şol ýerik eltip taşlap gaýdyň. Ýoldaşlary: − Bolýar − diýip, Gurban bilen Welini Mämmetjanyň aýdan ýerine eltip, taşlap gaýdýarlar. Hälki saýraman duran bilbilgöýä Mämmetjan dagy gelenden soň, yzyny üzmän, uzyn-uzyn gygyryp, saýramaga başlaýar. Demini sanap ýatan Mämmetjanyň atasy hem gün-günden sagalyp barýar. Ol keselinden saplanyp, açylyp gidýär. «Namart pälinden tapar, mert minneti öz gaýratyndan çeker» diýip, Mämmetjan öz söýgülisi bilen agzybirlikde uzak ýaşaýar. Kör garga Bir bar eken, bir ýok eken, bir sygyr çopan bar eken. Onuň bir aýaly, bir sygry, ýeke tamy bar eken. Ol öz sygrynyň süýdünden gurt edýän eken. Gurtlary bolsa tamyň üstünde serýän eken. Bir gün ol öz gurtlarynyň azalýandygyny duýýar. Ondan soň çopan kimiň alýanyny bilmek üçin öz aýaly bilen gurtlaryny saklaýarlar welin, birwagtdan soň bir gözi kör garga gelip, gurt iýmäge başlaýar. Halky kyssalar. Jadyly ertekiler 68 Türkmen halk döredijiligi Çopan ýaňky gargany tutup öldürjek bolýar, emma Kör garga oňa ýalbaryp: − Meni öldürme, men saňa kän zat bereýin. Ertir öýüme bar. Meniň öýümi kimden sorasaň aýdar – diýýär. Çopan Kör garganyň sözüne ynanyp, ony goýberýär. Ertesi çopan sygyrlary eýelerine tabşyryp, özi Kör garganyň öýüne baka ugraýar. Gidip barýarka öňünden bir goýun çopan çykýar. Ýaňky adam goýun çopandan: — Bu goýunlar kimiňki? – diýip soraýar. Onda goýun çopan: − Bu goýunlar Kör garganyňky – diýýär. Ýaňky adam: − Kör garganyň öýi nirede? – diýip soraýar weli, goýun çopan: − Şu ýoldan gidiberseň öňüňden atbakar çykar, şondan sorasaň aýdar – diýýär. Ýaňky adam gidip barýarka, öňünden atbakar çykýar. Ol atbakardan: − Bu atlar kimiň aty? – diýip soraýar. Onda atbakar: − Bu atlar Kör garganyňkydyr – diýip jogap berýär. Onda ýaňky adam: − Kör garganyň öýi nirede? – diýip soraýar. Atbakar: − Şu ýoldan gidiberseň öňüňden düýe çopan çykar. Şondan sorasaň aýdar – diýýär. Çopan gidiberýär, öňünden düýe çopan çykýar. Ondan: − Bu düýeler kimiňki? – diýip soraýar. Onda düýe çopan: − Bu düýeler Kör garganyňkydyr – diýip jogap berýär. Onda ol adam: − Kör garganyň öýi nirede? – diýip, düýe çopandan soraýar. Düýe çopan ol adama Kör garganyň öýüni görkezýär. Çopan Kör garganyň öýüne barýar. Onuň bilen salamlaşýar, oturýar, çaý-çörek iýýär. Kör garga ýaňky adamyň eline bir boş saçak berýär we şu saçaga: «Açyl saçagym açyl, dürli tagamlar seçil» diýseň, şu saçagyň üsti her hili naharlardan dolar duruberer – diýýär. Çopan saçagy alyp gaýdyp, öýüne gelip aýalyna: − Eliňi ýuw, keýwany, nahar edineli – diýýär. Onda aýaly: − Men entek nahar bişiremok, nahar bolsa iýeris-dä – diýýär. Onda çopan: 69 − Açyl, saçagym, açyl, dürli tagamlar seçil – diýip, saçagy ortarada goýýar. Saçagyň üsti dürli-dümen iýmişden, her hili nahardan dolýar. Bular iýip doýanlaryndan soň: − Ýapyl, saçagym, ýapyl – diýýärler welin, saçak ýapylýar. Bir gün çopan aýalyna: − Keýwany, ertir patyşany, wezir-wekillerini çagyrjak – diýýär. Onda aýaly: − Çagyrma, gerek däl, eger olar bilseler, biziň saçagymyzy alarlar – diýýär. Onda çopan: − Ýok, çagyrjak, saçagy tapan özüm – diýip, patyşany we wezir- wekillerini nahara çagyrýar. Olar gelip oturanlaryndan soň çopan: − Açyl, saçagym, açyl, dürli tagamlar seçil – diýýär weli, patyşanyň ömründe görmedik naharlary saçagyň üstünde taýýar bolýar. Myhman- lar kemsiz naharlanyp, bir sellem oturyp, soň turup gaýdýarlar. Patyşa köşgüne gelip, iki sany ýasawulyny ýanyna çagyryp: − Derrew gidiň-de çopanyň saçagyny alyp geliň, eger bermese, onuň özüni hem alyp gaýdyň – diýip iberýär. Ýasawullar gelip, garybyň elinden saçagyny zor bilen alyp gidýärler. Garyp ertir irden turup, ýene Kör garganyň öýüne tarap ugraýar. Ol Kör garganyň öýüne baryp: − Meniň saçagymy patyşa aldy – diýip aýdýar welin, Kör garga ol garyba bir eşek berip: − Şu eşege «Hyh» diýseň, gyzyl tezeklär – diýip öwredýär. Ondan soň ýaňky çopan eşegi alyp gelýärkä, patyşanyň köşgüniň duşundan tiz geçjek bolup, eşegi gyssap, «Hyh» diýýär welin, eşek gyzyl tezekleýär. Eşegiň gyzyl tezeklänini patyşanyň derwezebanlary görüp, şolbada patyşa ýetirýärler. Patyşa ýene öňki ýasawul-laryny iberip, çopanyň eşegini alýar. Çopan ýene-de Kör garganyň ýanyna baryp aglaýar. Onda Kör garga: − Näme üçin aglaýarsyň? – diýip soraýar. Çopan: − Eşejigimem patyşa aldy – diýýär. Bu gezek Kör garganyň gahary gelip, garybyň eline bir owadan sandyk berýär we: − Şu sandyga «Açyl, sandygym, açyl, çyk, tokmaklym, çyk» diýseň, sandygyň içinden bir tokmakly adam çykyp, buýran adamyňy urup, gal- maz ýaly eder. Isleseň öldürer. Yzyna saljak bolanyňda: «Gir, tokmaklym, Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling