Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
60 Türkmen halk döredijiligi Onda bularyň enesi: − Siz ondan gorkyňyza şeýle diýýärsiňiz. Eger-de şol dogry bolsa, hany, bir deliliňiz barmy? − diýýär. Onda çagalary: − Нä, biz biraz galdyrmaly ekenik, gaty ajygyp, hemmesini iýäýip- diris − diýýärler. Oňa çenli hälki kiçijik: − Ýok, men galdyrdym, ynha, delil − diýip, diliniň aşagyna salyp goýan bölegini çykaryp berýär. Bularyň enesi munuň dogrudygyna şondan soň ynanýar. Mämmetjanyň bolsa şol ýatyşyna üstüne Gün düşýär. Bu guş baryp, bir ganatyny Mämmetjanyň üstüne kölege edýär. Bir wagt Mämmetjan oýanýar. Görse, üstüne bir ullakan gara zat bürelip dur. Gorkusyna özüniň almaz gylyjyna ýapyşjak bolýar. Bu guş aýdýar: − Eý, Mämmetjan, hiç bir zat ýok, seniň bu eden ýagşylygyň üçin men hem şeýle edip otyryn. Sen dünýäde menden bitjek näme islegiň bar bolsa, dile. Mämmetjan aýdýar: − Maňa hiç zat gerek däl. Men bilbilgöýä diýen guşy alyp gitmäge geldim. Indi meniň sizden dilegim hem soragym şol guşy nähili tapmaly? Siz nähili kömek edip bilersiňiz? Bu guşuň ady Symrugdy. Ol aýdýar: − Eý, Mämmetjan, ol guşy alyp gelmek örän kyn, seni duýsalar, döwler hökman öldürerler. Mämmetjan aýdýar: − Men mundan beýlede hem onuň ýaly köp döwleri görüp geldim. Näme bolsa-da, bir gidip göreli. Men ýa şony alyp gelerin ýa-da ölerin. Ondan soň Symrug guş aýdýar: − Bolýar, gideli, ýöne oňa barmaga gaty köp zat hem gerek. Mämmetjan aýdýar: − Ol zatlary taparys. Symrug guş aýdýar: − Onda meniň üstüme mün. Mämmetjan onuň üstüne münüp gidýär. Hälki gyzyň ýanyna barýarlar. Bu gyz hem bulara gerek zatlary taýýarlap goýan eken. Bular barandan soň, gyz gara döwi çagyryp, hemme zady onuň üstüne ýükläp 61 goýberýär. Ondan soň, bular gidýärler. Bular howlynyň bäri ýanyndan baryp, bu döwden zatlary alyp, ony yzyna gaýtarýarlar. Ondan soň bu zatlary Symrug guşuň üstüne ýükläp, özi hem münüp gidiberýär. Ynha-da, howlynyň işiginden barýarlar. Howlynyň işiginde hem bir döw garawul duran eken. Biraz bilmedik kişi bolup, ondan ony-muny soran kişi bolup, ýanyna golaýlaşyp, almaz gylyjy bilen döwüň kellesini kakyp goýberýär. Bu döw duran ýerinden agdarylyp gidýär. Ondan soň Mämmetjan Symrugyň arkasyna münýär-de, mundan geçip ugraberýär. Onuň öňünden bir süri towuk çykýar. Mämmetjan olaryň öňlerine hälki bugdaýlary döküşdirip gidiberýär. Mämmetjanyň öňünden ýene bir süri it üýrüşip çykýar. Bularyň hem öňlerine hälki süňkleri taşlap gidiberýär. Onuň öňünden bir süri şorsuraşyp ýören mes düýe çykýar. Ol bularyň öňlerine hälki alyp gaýdan duzlaryny döküşdirip gidiberýär. Şol barşyna bir beýik jaýa ýetýär. Ynha, görse, munuň kyrk basgan- çagy bar. Munuň her bir basgançagynyň arasynda tilsim bilen gurlan bir jaň asylgy dur. Mämmetjan hälki alyp gaýdan garagurumlaryny alýar-da, bu jaňlaryň dillerini baglaşdyrýar. Batyr ýigit ýokaryk çykyp seretse, aňyrlygyna baka bir ýol gidýär. Symrug guş: − Eý, Mämmetjan, sen biraz dur, men baryp görüp geleýin. Olar ukudamy ýa-da ýokmy? Eger ukuda bolsalar, sen bararsyň − diýýär. Mämmetjan hem muny makul bilýär. Symrug guş girip gid-ýär. Baryp görse, bularyň hemmesi ýaňy süýji uka gidipdir. Ondan soň Sym- rug guş Mämmetjanyň ýanyna gelip, olaryň ýatanyny habar berip, şeýle tabşyryk berdi: − Indi sen bar. Ýöne sen ol ýerde köp eglenmegin, bilbilgöýäni algyn-da gaýtgyn. Mämmetjan: − Bolýar, köp eglenmen, edil bardygym, şol guşy alyp gaýdaryn − diýýär. Ýigit baryp görse, ynha, bir tamyň içinde ullakan, her biri dag ýaly döwler uklaşyp ýatyr. Mämmetjan ýuwaşja ýöräp, bulardan geçýär. Görse, ýumşak mahmal we ýüpekleriň içinde bir gyz ýatyr. Gyzyň bogazyndan geçýän suw aýnadan geçen ýaly görnüp dur. Bilbilgöýä tamyň oňat otaglarynyň birinde otyr. Mämmetjan bu gyzy görüp, akyly haýran bolup, hälki guşy hem Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling