Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
56 Türkmen halk döredijiligi − Ýeri, Mämmetjan, näme habar, näme iş bilen geldiň? − diýip so- raýar. Mämmetjan özüniň bütin durmuş ýagdaýyny aýdyp berýär. Onda gyz: − Indi döwüň geler wagty boldy − diýýär. Onda Mämmetjan soraýar: − Ol nireden gelýär, men onuň öňünden çykaýyn. Gyz aýdýar: − Eý, Mämmetjan, onuň öz-ä örän güýçlüdir. Mämmetjan: − Aý, zeleli ýok, göreris-dä − diýýär. Gyz onuň gelýän ýoluny salgy berýär. Mämmetjan baryp, döwüň gelýän ýolunyň ugrundaky köpriniň aşagyna girip garaşyberýär. Ynha, bir wagtdan ýel turup, harasat gopýar, bu gyzgyn edil ýalyn ýalymyş. Bir wagtdan Mämmetjan garap görse, ýedi kelle loňkuldaşyp gelýär. Mämmet- jan olardan biraz üýşenjek bolýar. Emma Mämmetjan: «Altysyny öldürip geldim, şonçasyny ýoklan, ýedinjisiniň hem ýoguna ýanar» diýip, öz-özüne göwünlik berýär. Ondan soň, ynha, bir döw alatupan bolup gelýär. Ol köpriniň ýanyna ýetende welin, aty hor-horlap, köprüden geçmejek bolup, yza tesýär. Döw sögünip: − Çüw! Näme, bu ýerde Mämmetjan bardyr öýdýarmiň? − diýip, atyny gamçylaýar. Mämmetjan: «Meniň adym şol haýbatly döwlere hem belli eken, şular hem menden gorkýan ekenler» diýip, öz-özüne göwünlik berip, köpriniň aşagyndan böküp çykýar-da: − Haý, zalym! Mämmetjan hem bolsa bolar − diýýär. Döw Mämmetjany görüp, atdan düşýär-de: − Atyş gerekmi, tutuş? − diýýär. Mämmetjan aýdýar: − Haý, zalym, atyş ataň başyna, tutuş gerek! Ondan soň bular tutluşyp gidýärler. Bular şol barşyna kyrk gije-gündiz ýakalaşýarlar. Ahyrynda bu döw Mämmetjany aljyradyp barýar. Muňa hälki gyz hem garap duran bolýar. Gyz bu döwüň Mämmetjany aljyradyp barýanyny görýär-de, bir çuwal daryny süýräp getirýär we döwüň aýagynyň aşagyna dökýär. Mämmetjan bolsa bu döwi darynyň üstüne entirekledip eltýär. Şol barmaşa, döwüň aýagy taýyp, agdarylyp gidýär. Şeýdip Mäm- metjan bu döwi hem öldürýär. Onsoň ol gyz aýdýar: 57 − Bu döwüň jany şol ýerde bir garry bar, şonda. Ony hem öldürmeseň, döw ýene-de janlanyp geler. Bu garrynyň ýüzi aşak, gözi ýumuk bolsa, ýanyna barmagyn, onda ol oýadyr. Eger-de ýüzi ýokaryk, gözi açyk bolsa, onda arkaýyn barybergin, ukudadyr. Onuň burnuna çöp sokgun, şonda gulagyndan bir çüýşe çykar, döwüň jany şonda. Mämmetjan baryp görse, onuň ýüzi ýokaryk, gözi açyk, ondan soň Mämmetjan onuň burnuna, ýaňky gyzyň aýdyşy ýaly, çöp sokýar. Bu garry bir «af-tüf» edip asgyrýar welin, şol wagt onuň gulagyndan bir çüýse böküp düşýär, özi-de şol bada derrew oýanýar. Oňa çenli Mämmetjan çüýşäni garbap alýar. Garry «öldürme» diýip, Mämmetjanyň aýagynyň aşagyndan birnäçe gezek eýläk-beýläk geçýär. Döw hem: − Gurbanyň bolaýyn, Mämmetjan, öldürme − diýip gelýär. Mämmet çüýşäni bulap bir urýar welin, ol çym-pytrak bolýar. Döw hem bir ah urup, agdarylyp gidýär-de, dessine jan berýär. Mämmetjan ýene-de gyzyň ýanyna gelýär. Gyz aýdýar: − Eý, Mämmetjan, indi sen meniň ýanymda gal. Onda Mämmetjan aýdýar: − Ýok, men munda hiç galyp bilmen, men beýlede hem muňa meňzeş alty döwi öldürip geldim. Bu döw ýedinji, men bilbilgöýä guşy alman, hiç ýerde galman. Onda gyz aýdýar: − Eý, Mämmetjan, ol seniň indiki görjegiň ozalkylara hiç meňzeş däl. Sen oňa gitme. Mämmetjan aýdýar: − Ýok, men oňa gitmesem bolmaz. Ýöne sen onuň ýoluny hem ony gidip getirmäniň ýollaryny salgy ber. Gyz onuň galmajagyny bilip: − Eý, Mämmetjan, oňa gitmegiň ýoly şeýle: sen şundan gidersiň, öňüňden bir uly çynar çykar, şonuň üstünde bir guş ýaşaýar. Ine, şol guşuň jüýjelerini her ýylda bir aždarha gelip iýýär. Eger-de sen şol guşy beladan gutaryp bilseň, onda ol seni bilbilgöýä guşa eltip getir. Ondan aňyrda seniň öňüňden bir beýik howly çykar. Sen onuň içine girjek bolarsyň welin, işiginde bir äpet döw oturandyr, dessine onuň kellesini kakgyn, onda- nam aňyrlygyna baryberersiň welin, öňüňden bir süri towuk çykar, bulara hem birnäçe çuwal bugdaý alyp gidip, haçan olar wak-waklaşyp gelen- Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling