Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
52 Türkmen halk döredijiligi − Lepbeý − diýip gelýär. Gyz muňa hem aýdýar: − Sen şuny ol döwüňka näçe wagtda eltip gelersiň? Onda gara döw aýdýar: − Rugsat etseňiz, göz açyp-ýumýança eltip gelerin. Ondan soň gyz bu gara döwe: − Bar onda, şuny ol döwüňkä eltip gel. Ýöne ýolda hiç bir zat diýäý- megin. Eger-de ýolda şuny iýip dagy edäýseň ýa-da bir zelel berseň, deriňi iniňden diriligiňe alaryn − diýýär. Gyz muňa şeýle diýmese, bu döw ýolda muny derrew lak-luk edip iýjek. Olar adamhor döwler. Ondan soň gyz Mämmetjanyň eline hem hat ýazyp berýär. Bu gyz ýedi uýa eken. Bularyň ýedisi hem bu döwleriň eline düşüp galan eken. Bu gyzlar döwleriň elinden nädip gutuljaklaryny bilmän ýören ekenler. Bu döwler hem ýedi dogan eken. Döwleriň birin- jisi bir kelleli, ikinjisi iki kelleli, üçünjisi üç kel-leli, ýedinjisi hem ýedi kelleli eken. Mämmetjan ýaňy bir kellelisini öldürdi. Indi iki kellelä baka ugramaly. Mämmetjan, göräýmäge, bu döwleriň ýanynda kiçijik ýaly görünse hem, gaty güýçlüdi. Bu gyz Mämmetjanyň eline bir hat ýazyp berýär, özüniň şol iki kelleli döwdäki gyz uýasyna hem bir hat ýazyp berýär. Şondan soň gyz Mämmetjany bu gara döwüň üstüne mündürip ugradýar. Ol agalaryny hem ýadyndan çykarýar-da, gyz bilen hoşlaşyp gidýär. Gara döw aýdyşy ýaly, göz açyp-ýumýança Mämmetjany barmaly ýeri- ne eltýär. Mämmetjan bärden barýar. Barsa, howlynyň işiginde bir döw sakçy dur. Mämmetjan gyzyň ýazyp beren hälki hatyny oňa berýär. Ol döw hem Mämmetjany howlynyň içine goýberýär. Mämmetjan gyzy tapyp, uýasynyň ýazyp beren hatyny oňa gowşurýar. Gyz haty okap, Mämmetjana: − Ýeri, Mämmetjan, sen bu ýere näme üçin geldiň? − diýip soraýar. Mämmetjan hemmesini bolşy ýaly gyza gürrüň berýär. Onda gyz aýdýar: − Döw awa gidipdi. Indi onuň geler wagty ýakynlady. Bar, sen onuň öňünden çyk. Mämmetjan döwüň haýsy ugurdan, haýsy ýoldan geljegini sorap, onuň öňünden çykmaga gidýär. Ol ýoluň ugrunda bir köpri bar ekeni. Mämmetjan baryp, köpriniň aşagyna girip durýar. Ynha, bir wagtdan bir ýel turýar. Bir güpür-güpür peýda bolýar. Ynha, yzyndan bir atly iki kelle loňk-loňk edip gelýär. At köpriniň ýanyna ýakyn gelip, köprüden geçmän, hor-hor edip duruberýär. 53 Döw: − Jüre getirmiş diýsäni, bu ýerde, näme, Mämmetjan bardyr öýdýämiň? − diýip, atyna gamçy urmaga durýar. Mämmetjan hem: − Mämmetjan hem bolsa bolar − diýip, köpriniň aşagyndan böküp çykýar. Döw muny görüp, atdan düşýär-de: − Eý, Mämmetjan, atyş gerekmi, tutuş? − diýýär. Mämmetjan aýdýar: − Atyş ataň başyna, gel, tutuşaly! Ondan soň döw: − Gezegi aljakmy ýa-da gezegi berjekmi? − diýýär. − Al, gezek seniňki, emma her kim üç gezek synanmaly, ondan kän synanyşjak bolmaly däl − diýýär. Döw Mämmetjanyň bilinden tutup, ony ýeriň ýüzüne pylçap urmak üçin «hop» diýip göterjek bolýar. Emma Mämmetjany duran ýerinden hem gymyldadyp bilmeýär. Döw: − O-how! Bu nähili beýle bolýar? − diýip, ýaňadan göterjek bolýar. Ýene-de bolmaýar. Ondan soň döw: − Be, bu nähili adam? Muny urup ýykmasam boljak däl − diýip, ýumrugyny düwüp, Mämmetjanyň kellesinden inderýär. Bu gezegem diňe döwüň öz ýumrugy agyrýar. Ondan soň döw gezegi Mämmetjana berýär-de: − Hawa, Mämmetjan dost, indi gezek seniňki − diýýär. Ondan soň Mämmetjan döwüň bilinden tutup, ykjam göterip, bir urýar welin, döw çaşyp ýatýar. Mämmetjan mundan gidip, gyzyň ýanyna bardy. Gyz aýdýar: − Ýeri, Mämmetjan, näme etdiň? Mämmetjan aýdýar: − Öldürdim. Onda gyz aýdýar: − Şol ýerde bir keýik bardyr, şoňa seret, eger-de onuň gözleri ýumuk, Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling