Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Jadyly ertekiler
48 Türkmen halk döredijiligi − Onda, ata, giderin-de, ony getiräýerin − diýip, gitmekçi bolýar. Atasynyň gylyçlaryndan birini saýlap alyp, biline dakýar, başga-da gerek şaýlaryny alýar-da, «Nirdesiň bilbilgöýä?» diýip, ýola rowana bolýar. Gurban gidiberýär, gidiberýär. Ynha, şol barşyna onuň öňünden bir ullakan beýik howly çykýar. Gurban howlynyň içine nähili girjegini bilmänsoň: − Heý, munuň bir girer ýaly ýeri ýokmuka? − diýip, bu howlynyň daşyna aýlanýar. Gurban şol barşyna bir ýerden bir suw geçýän ötük tapýar. Ol şol suw geçýän ötükden ýuwaşlyk bilen, hiç bir adama bildirmän geçýär. Gurban howlynyň içine girenden soň, bir horruldy eşidýär. Horruldydan gorkusyna şol ýerdäki bir tamyň içine girýär. Girip görse, bu tamyň içinde ullakan bir ak döw ýatyr. Ýaňky horruldy hem şonuňky eken. Gurban muny görüp tisginip, öňküden hem bäş beter gorkýar. Gorkusyna nirä gaçjagyny bilmän, bir ullakan meşigiň aşagyna girip ýatýar. Birnäçe wagtdan soň döw has-has edip oýanýar. Görse, penjesiniň aşagynda bir zat ýatyr. Muny döw eline alyp görse, bu bir adam. Döw şonda: − Ýeri, adamzat, sen munda näme iş edýärsiň? Sen bu ýere näme iş bilen geldiň? − diýip soraýar. Onda Gurban gylyjyna ýapyşan kişi bolup: − Men seni öldürmäge geldim − diýýär. Özüniň döwüň gysymyndalygyndan habary ýok, onuň «sanajyň aşagy» diýip giren ýeri döwüň penjesiniň içi bolsa nätjek?! Döw munuň aýdan sözlerini eşidip, penjesini öňküsinden-de beter gysýar. Gurbanyň gözleri hanasyndan çykara gelýär. Ondan soň döw ony iýmäge dözmeýär- de, guýynyň düýbüne taşlaýar. Ol şol ýerde galyberýär. Indi gepi kimden eşit, ortanjy doganyndan eşit. Patyşanyň ortanjy ogly aýdýar: − Ata, agam gelmedi. Oňa hökman bir zat bolandyr. Men onuň yzyndan gitjek. Onda atasy aýdýar: − Ýok, oglum, gitme, uly agaň gideni hem besdir. − Ýok, bolmaz, bilbilgöýäni men gidip getirmesem bolmaz − diýip, ortanjy ogly Weli hem gitmekçi bolýar. Ol gylyjy bilinden asyp, uzak ýola ugraýar. Az ýöräp, köp ýöräp, çöl söküp, düz aşyp, şol howlynyň daşyndan barýar. Ol muňa girmäge ýol tapman, bu howlynyň daş-töweregine aýlanyp-aýlanyp, ahyry şol hälki suw geçýän ötügi tapýar. Ol bu ötükden geçenden: − How! Ak döw, haw! Meniň agamy näme etdiň? – diýip, gygyryp 49 başlaýar. Ak döwüň gulagy biraz agyr eken, şonuň üçin Ak döw iki gulagynyň öňüne iki elini tutup: − How, näme diýýärsiň? − diýip gelýär. Weli: «Munuň-a gulagy ker eken, ýanyna baryp, eýle-beýle diýen bolup, kellesinden gylyjy salaryn, şonluk bilen hem öldürerin» diýip, pikir edip barýar. Emma döw: «Ýakynrak geläýmezmikäň sen» diýip, çemelenip dur. Weli döwüň ýanyna barýar welin, döw muny çalyp tutýar. Welini hem uly agasynyň ýanyna taşlaýar. Indi habary kimden eşit? Ony patyşanyň kiçi ogly Mämmetjandan eşit. Birnäçe wagt geçýär. Agalaryndan ne habar bar, ne hatyr, hiç biri gelenok. Ahyry Mämmetjan atasyna: − Kaka, gör, näçe wagt geçdi, emma agalarymyň hiç biri gelenok. Men hem gideýin − diýýär. Onda kakasy: − Ýok, oglum, seniň iki agaň gitdi. Besdir şolaryň gideni, sen gitme − diýýär. Onda-da Mämmetjan: − Ýok, kaka, men agalarymyň yzyndan gideýin hem-de bilbilgöýäni alyp geleýin − diýýär. Onuň almazdan ýasalan bir gylyjy bar eken. Mämmetjan ony bili- ne dakyp, atasy bilen hoşlaşyp, ýola düşýär. Mämmetjan az ýöräp, köp ýöräp, çölden ýöräp, ynha, bir beýik ullakan howla baryp ýetýär. Mäm- metjan muňa girer ýaly hiç işik tapmaýar. Ýöne bir suw geçýän ötük bar eken. Agalary şondan sümlüp geçipdiler. Mämmetjan ondan sümlüp geçmäni özüne namys bilýär. Ol bilindäki uzyn guşagyny çözýär-de, bir ullakan daş tapyp, guşagyň bir ýan ujuna daňyp, haýatyň üstünden taşlaýar. Daş haýatyň aňyrsyna düşýär. Mämmetjan ondan soň, guşagyň ujundan ýapyşyp, ýuwaşlyk bilen haýatyň üstüne çykyp, howlynyň içine girýär. Hälki döw onuň howlynyň içine girenini görüp: − Haý, gelseň, gel bakaly, göreris − diýip oturyberýär. Mämmetjan Ak döwi görüp: − How, Ak döw, hany, meniň agalarymy näme etdiň? − diýip, gygyryp ugraýar. Ak döw hem iki gulagyna elini tutup, eşitmedik kişi bolup, assa-assa gelýär. Mämmetjan hem döwe baka baran kişi bolup, birden baryp Ak döwüň kellesine hälki daş bilen bir eňterýär welin, onuň kellesi bölek- bölek bolýar. Döw bir ah çekýär-de, agdarylyp gidýär. Oňa çenli bir ýandan bir peri çykyp: * 4. Sargyt № 3166 Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling