Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


  ALP ARSLANYŇ ÖLDÜRILMEGI


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet56/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 


175 
ALP ARSLANYŇ ÖLDÜRILMEGI 
Atabeg Tugtegin Halapdan aýrylanyndan soňra 
emir Luwluw Halabyň ýeke-täk we garşydaşsyz häkimi 
boldy. Munuň netijesinde ol soltan Alp Arslan bilen 
hiç maslahatlaşman häkimiýete başlady, birnäçeleriniň 
malyny we emlägini talady Abylfazly täzeden öňki 
wezipesine geçirdi. Döwlet işlerine hiç üns bermeýän 
Alp Arslan bolsa zowky-sapa bilen gününi geçirýärdi. 
Hatda bir gezek birnäçe emiri we goşunbaşylary Halap 
galasynyň bir ýerinde üýşürip, olara: «Bu ýerde siziň 
baryňyzyň kellesini çapjak biri bar diýsem näme 
diýersiňiz» diýdi, gorkan emirdir goşunbaşylar: «Eý 
soltanymyz, biz seniň gullaryňyz we sen näme diýseň 
razydyrys» diýip, ýagdaýy oýna salyp gaçýarlar. Alp 
Arslanyň bu hereketinden soňra döwlet ýolbaşçylary 
pikirlenmäge başlaýarlar. Döwletiň ýeke-täk häkimi 
Luwluw hem bu ýagdaýdan gorkup, soltany öldürmegi 
peýläp başlaýar. Emir Garajanyň başda durmagynda 
hem-de birnäçe emirleriň goldaw bermeginde 1114-nji 
ýylyň Ruhnama aýynda, öz otagynda oturan wagty Alp 
Arslany öldürmegi başardylar.
Bir ýyla ýakyn wagtlap Halap Seljukly 
döwletiniň tagtynda oturan soltan Alp Arslan örän ýaş, 
tejribesiz, gyzma häsiýeti bilen hiç hili üýtgeşmeleri 
girizip bilmedi. Ýöne ol atabegi Luwluwyň kömegi 
bilen batynylaryň Halapdaky hereketlerine dur diýmegi 
başardy. Ýöne haçparaz howpuna garşy şowly hereket 
edip bilmedi. Diňe Luwluwyň gižželemegi bilen 
döwletiň birnäçe ýolbaşçylaryny ýa işinden aýyrdy, ýa-
da öldürtdi. Şeýlelikde, Alp Arslanyň bir ýyllyk 


176 
hökümdarlygy Luwluwyň ganly häkimiýeti bilen geçip 
gitdi. 
 
 


177 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling