Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet57/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

IX BÖLÜM 
 
SOLTANŞANYŇ DÖWRI.
LUWLUWYŇ ZALYMLYGY 
Halap häkimiýetini eýelän atabeg Luwluw soltan 
Alp Arslany öldürenden soňra, Alp Arslanyň alty ýaşly 
dogany Soltanşany Halap Seljukly döwletiniň tagtyna 
geçirdi. Soltanşanyň maslahatçysy hökmünde şäher 
galasynda ýerleşen Luwluw ýakyn dosty Ýarykdaşy 
goşunbaşy belledi. Şeýlelikde, döwletiň ýeke-täk 
häkimi boldy. Luwluw ilki bilen Abylfazylyň malyny 
taladyp, işinden aýyrdy. Ýerine Abyrrejany bellese-de, 
gysga wagtda ony-da aýyryp, köne wezir Abylfazly 
täzeden belledi. Has soňra Luwluw we goşun 
baştutanlary haçparazlara garşylyk görkezmek üçin 
atabeg Tugtegin we beýleki sebitlerdäki musulman 
emirlerine hatlary iberip kömege çagyrdylar. Ýöne Alp 
Arslanyň döwründe Halaba çagyrylan, emma 
maslahaty we garaýyşlary diňlenmedik Tugtegin bu 
hata jogap bermedi. Beýleki emirler hem şeýle etdiler. 
Halap taryhçysy Ibn Adimiň belleýşi ýaly: «Örän geň, 
Halap ýaly demirgazyk Siriýanyň iň möhüm şäherine 
hiç bir musulman emiri eýe çykanok, haçparaz howpy 


178 
bolsa dowam edýärdi». Halabyň ykdysady ýagdaýy-da 
gowy däldi. Halap topraklarynyň uly böleginde 
haçparazlaryň basybalyjylykly hereketleri dowam 
edýändigi sebäpli örän az ekin meýdany galypdy. 
Goşuna hem ýurda bolsa pul gerekdi, hazynada bolsa 
pul ýokdy. Munuň öňüni almak maksady bilen 
Luwluw 
kazy 
Abu 
Ganym 
Muhammediň 
ýolbaşçylygynda Halaba degişli köp obalary satdyrdy. 
Gala, goşun we ýurt çykdajylaryny özi alyp bardy. Şol 
ýyllarda, 1114-nji ýylyň Sanjar aýynyň 29-y gijesi, 
demirgazyk Siriýadan Halaba çenli täsiri ýeten güýçli 
ýer titremesi boldy. Halabyň diwarlarynyň bir bölegini, 
Antakyýanyň Gapy burçuny ýykan bu ýer titreme köp 
adamyň ölümine sebäp boldy. Halaba tabyn Azaz 
galasy hem harap boldy. Şonsuz hem haçparaz 
howpunyň we zalym häkimiýetiň golastynda agyr 
günlerde ýaşap ýören halaplylaryň gün-güzeranlary ýer 
titremesi zerarly has-da agyrlaşdy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling