Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
LUWLUWYŇ ÖLÜMI Alp Arslanyň hem-de Soltanşanyň zamanynda Halap häkimi Luwluw iki ýyllap döwletiň islendik meselesini çözmekde şowly netije görkezmedi, hatda ol bähbidi üçin Beýik Seljuk döwletine garşy haçparazlar bilen bileleşik guramakdan hem çekinmedi. Ol hereketlerinden soň Halapda galmaga gorkup başlan Luwluw hazynasyny we esgerlerini kowulan ýa-da gaçan emirleriň döwlet işgärleriniň gaçybatalgasy — Jaber galasyna barmak üçin Halapdan çykdy (1116-njy ýyl). Halabyň gündo- 182 garyndaky Nedir galasyna ýetende, ýany bilen gelen emir Şunkar esgerlere: «Soltan Alp Arslany öldürip, hazynasy bilen gaçyp barýan Luwluwy şeýdip aňsatlyk bilen goýberersiňizmi?» diýipdir we türkmençe «Towşan, towşan» diýip, ony awlamaklaryny buý- rupdyr. Esgerler sözleriň täsirinde galyp, ony öldürdiler. Luwluwyň öldürilmeginden soňra esgerler hazynany Halapdan gelen bir döwlet ýolbaşçysyna gowşurdylar. Şeýlelikde, Luwluwyň Halapdaky häkimiýeti tamamlady. ÝaRYKDAŞYŇ HÄKIMIÝETI EÝELEMEGI Luwluw aradan çykandan soňra, Halapda köp wagtdan bäri dowam edip gelýän meseleler has-da ýitileşdi. Luwluwyň Halapdan gaçmagy bilen gala Ryzwanyň gyzy Soltanşanyň dogany Emine Hatynyň ýolbaşçylygyna geçdi. Iki gün soňra bolsa Ýarykdaş Tugteginiň maslahaty bilen Halap häkimiýetini ele almagy başardy. Başga çeşmelere görä bolsa, soltan Muhammet Tapar tarapyndan Rahbe we Halap häkimiýeti berlen we şäheri has aňsat eýelemek maksady bilen Rahbede ýerleşen Akşunkar Porsugy, Halapdan çykyp gündogara gaçyp barýan Luwluwy birnäçe adam iberip hile bilen öldürmegi başarypdyr. Soňra Rahbeden çykyp Halaba hereket etdi. Luwluwyň ýanyndaky käbir emirler Halap häkimiýetini eýelemek üçin Halaba hereket etseler-de, Ýarykdaş olardan öňürtiläp, Emine hatyndan häkimiýeti basyp aldy. Balise ýeten Akşunkar bolsa (1117-nji ýylyň Nowruz aýy), Ýarykdaşa we Halap halkyna ilçi ugradyp, 183 şäheriň özüne berilmegini talap etse-de, jogap bolmady. Şeýlelikde, Halaba häkim bolup bilmedik Akşunkar Balisden Humusa, soňra Tugteginiň ýanyna Damaska gitdi. Tugtegin ony örän gowy garşylady we Halaby basyp almak üçin kömek etjekdigine söz berdi. Şeýlelikde, Halap häkimiýetiniň başyna geçmegi başaran Ýarykdaş ilki bilen Luwluwy öldüren esgerleri jezalandyrdy, bulardan käbirleri Halapdan gaçyp, Akşunkara sygyndy. Soňra Halap häkimiýetini elden bermezlik, ýagny Akşunkaryň hereketleriniň öňüni almak üçin Ýarykdaş Luwluwyň ýandaşy Mardin Artykly emiri Ilgaza we Antakyýa Haçparaz şazadasy Rožere hat ugradyp, olary kömege çagyrdy. Bu çakylyga güýçleri bilen Halap sebitlerine gelen Rožer Ýarykdaş bilen baglaşan şertnamasyna görä, Mekgä giden hajylaryň paç töläp geçýän Halap-Seleniýe-Damask ýolundaky Kubbe galasyny we belli bir mukdarda pul aldy. Şeýdip, Ýarykdaşyň Halaby elde saklamak üçin Rožer bilen baglaşan şertnamasynyň netijesinde Halap Seljukly döwletiniň şonsuz hem durnuksyz syýasy we ykdysady ýagdaýy has-da erbetleşdi. Heniz döwletiniň başyna geçenine bir aý dolmadyk Ýarykdaş, Luwluwyň edişi ýaly, şäher galasyna çykyp ol ýerdäki goşunbaşylary ýok edip, galany dolulygyna eýelemäge synanyşdy. Ýöne ol bu hereketlerine başlamanka, onuň niýetini aňan baştutanlar Emine hatynyň başda durmagynda, Soltan şanyň aýal doganlarynyň buýrugy bilen tutduryp, Halapdan kowdular. Köp wagt geçmänkä, Ýarykdaşyň ýerine Halap goşun baştutany Abylmaýal Muhsini bellediler. Galanyň goşunbaşy- 184 lygyna bolsa Ryzwanyň kömekçilerinden birini bellediler. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling