Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet62/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

X BÖLÜM 
 
DAMASK SELJUK DÖWLETI WE SOLTAN 
DUKAGYŇ DÖWRI.
DÖWLET GURLUŞY 
Siriýa we Palestina Seljuk hökümdary 
Täjeddöwle Tutuş Süleýman şanyň ölümi bilen gutaran 
söweşe girişmegi we näbelli bir sebäbe görä özüne kine 
edip ýören dogany Soltanşanyň köňlüni awlap, täzeden 
ynamyny gazanmak üçin ogly Abu Nasr Şemsilmülk 
Dukagy, Bagdada zyýarata geleninde (1092-nji ýylyň 
ahyrlary) soltana ugradypdyr, hat-da ony gyzlaryndan 
biri bilen nikalapdyr. Az wagtdan soňra soltanyň 
Bagdatda ölmegi bilen Dukak soltanyň aýaly Terken 
hatyn we ogly Mahmyt bilen bile şa döwletiň paýtagty 
Yspyhana gitdi. Has soňra-da Terken hatyndan gizlin-
likde ýaş Dukak Seljuk soltanlygynyň tagty ugrunda 
göreşýän Berkýarygyň hyzmatyna girse-de, tagt 
meselesinde kakasynyň garşydaşy bolmagy bilen 
ondan hem aýrylyp kakasyna goşuldy. Ol Reý 
söweşinde kakasynyň ýanynda boldy. Ýöne söweşde 
Tutuşyň ýeňlip öldürilmegi bilen Dukak, kakasynyň 
emirlerinden Aýtegin we birnäçe esgerler bilen söweş 


190 
meýdanyndan sag-aman uzaklaşyp, Diýarbekiriň 
üstünden Halaba geldiler. Şol wagtlar dogany Ryzwan 
Halapda Seljuk döwletini gurupdy. Ýaş Dukak 
Ryzwanyň ýanynda we goragy astynda Halapda galdy. 
Ýöne köp wagt geçmänkä, Damask galasyny we 
şäherini kakasy Tutuşyň adyndan dolandyran Sawtegin 
tarapyndan häkimiýete eýe çykmak baradaky çakylygy 
almagy netijesinde, Halapdan gizlin çykyp, gije-gündiz 
ýol geçip, Damaska bardy. Doganynyň gaçanynyň 
habaryny giç eşiden Ryzwan ony tutdurmak üçin 
birnäçe atly ugratsa-da, Dukagy gola salmak mümkin 
bolmady. Damaska ýeten Dukak Damask Seljuk 
döwletiniň tagtyna oturdy. Emir Sawtegin, döwleti 
ýeke özi dolandyrýardy. Damaskda goşunbaşy 
hökmünde Salar Bagtyýar we içerki gorag serkerdesi 
(Ahdas) 
hökmünde bolsa Emineddöwle işlere 
seredýärdi. Şeýlelikde, Ryzwan tarapyndan gurlan 
Halapdan başga, Damasakda-da täze Seljuk döwleti 
guruldy. Tutuşyň häkimiýetindäki Siriýa we Palestina 
Seljuk döwleti, onuň ölüminden soňra, Halap we 
Damask diýlip ikä bölündi. Uly ogul hökmünde soltan 
Ryzwan kakasynyň häkimiýetindäki welaýatlara eýe 
bolmak üçin her dürli çärelere baş goşsa-da, hiç hili 
şowly netije gazanyp bilmedi.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling