Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet63/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

EMIR TUGTEGIN DAMASKDA 
 
Soltan Dukagyň Damaskda tagta geçip we ol 
ýerde Seljuk döwletini guranyndan az wagt geçensoň, 
Zahyreddin 
Abu 
Mansur 
Tugteginiň 
Dukagyň 
hyzmatyna geçendigini görýäris. Emir Tugtegin juwan 


191 
ýaşynda Tutuşyň hyzmatyna girip, dogruçyllygynyň, 
wepalylygynyň saýasynda, onuň halan emirleriniň 
arasyna girmegi başarýar we Sypahsalar (goşunbaşy) 
adyna eýe bolýar. Hat-da ol Tutuşyň ynamyny 
gazanyp, ol ýok wagty Damaskda naýyby hökmünde 
galýar eken. Onuň tejribeli emirdigi üçin Tutuş ony 
1093-nji ýylda Silwana häkim belläp, ogly Dukagyň 
atabegi etdi. Tutuşyň tagt ugrunda Berkýaryk bilen 
söweşinde ýeňlip öldürilmeginiň netijesinde, käbir 
emirler bilen birlikde Tugtegin hem tutulyp zyndana 
atyldy. Tugtegin, emir Abak, Ýagysyýan we beýleki 
emirler bilen has öň Tutuş tarapyndan tussag edilipdi, 
Halap galasynda zyndana atylan emir Gürbuga we 
dogany Altyndaşyň azat edilmegi bilen olar hem azat 
edilip Siriýa geldiler (1095-nji ýylyň Ruhnama aýy). 
Atabeg Tugtegin Dukagyň ýanyna gelip, hyzmata 
girdi. Tugtegin soltan Dukagyň başda durmagy bilen 
Damaskda şäher häkimi Bagtyýar we beýleki emirler 
tarapyndan gowy garşy alyndy. Atabeg Tugteginiň 
tussaglykdan boşap sag-aman gelmegine begenen 
Dukak, döwlet işleriniň dolandyryşyny oňa berdi. 
Netijede, özünden öň şol işleri ýerine ýetiren Sawtegin 
ikinji orna geçdi. Köp wagt geçmänkä-de, Tutuşyň 
naýyby hökmünde Damask galasynyň gorag işlerini 
alyp baran, onuň ölüminden soňra Dukagyň Damask 
Seljuk döwletiniň tagtyna geçmeginde birinji derejede 
bäsdeşi Sawteginden geläýjek zyýanyň öňüni almak 
üçin ony öldürmek isleýärdi. Soltan Dukak atabeg 
Tugtegin we beýleki emirleriň razylygy bilen 
Sawtegini öldürdi. Şeýlelikde, Tugtegin döwletiň 
hemme işlerini ele aldy. Aýratyn-da, soltan Ryzwanyň 


192 
atabegi Jenaheddöwle Hüseýiniň Ryzwanyň ejesine – 
Safwetilmülk hatyna öýlenmegi garyndaşlyk ýoly bilen 
abraýyny güýçlendirmäge goşant goşdy. Halap we 
Damask Seljuk döwletleriniň häkimiýeti atabegleriň 
ellerine geçdi. Tugteginiň Damask Seljuk döwletiniň 
häkimiýetini eýeländen soň (1095-nji ýyl), tagt 
ugrundaky göreşde Tutuşa wepaly bolup, ondan hiç 
aýrylmadyk Antakyýa häkimi Ýagysyýan Ryzwanyň 
öweý kakasy Jenaheddöwlä häkimiýeti bermegine 
garşy çykdy. Şübhesiz, Jenaheddöwläniň täsiri bilen 
Halap döwletinde ikinji basgançaga düşen emir 
Ýagysyýan, wezirlikden boşadylan Abylkasym bilen 
bile Damaska gelip, Dukagyň hyzmatyna girdi. 
Tutuşyň tejribeli emirlerinden bolan we Antakyýany 
elde 
saklaýan 
Ýagysyýanyň 
soltan 
Dukagyň 
hyzmatyna girip, ýanynda ýer almagy bilen Ryzwan 
Suruç emiri we köp sanly türkmen esgerleriniň 
goşunbaşysy Artykogly Sökmeni hyzmatyna aldy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   59   60   61   62   63   64   65   66   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling