Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


SOLTAN RYZWAN BILEN GATNAŞYKLAR


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet64/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
SOLTAN RYZWAN BILEN GATNAŞYKLAR 
Soltan Ryzwan kakasynyň ölüminden soň 
Tutuşa tabyn emirleriň razylygy bilen Halaby paýtagt 
edip, şol ýerde Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň 
tagtyna 
geçdi. Ýöne döwletiň öňki paýtagty 
Damaskdaky Tutuşyň naýyby we emirleri Ryzwanyň 
Halapda ýerleşip, kakasynyň ýerine soltan bolmagynyň 
tarapdary däldiler. Netijede, Sawteginiň ýolbaşçyly-
gynda Damaskda özbaşdak Seljuk döwleti guruldy. 
Has öň kakasyna dahylly döwletleriň häkimiýetini 
eýelemegi maksat edinen Ryzwan, täze gurlan Damask 


193 
Seljukly döwletine razy bolmady. Alžirde we 
Gündogar Anadolyda bolşy ýaly, Damaskda hem 
häkimiýeti almak üçin birnäçe gezek harby we syýasy 
çäreleri geçirdi. Öňki bölümlerde aýdyşymyz ýaly, 
Ryzwan 1096-njy ýylda soltan Dukagyň, atabeg 
Tugtegin we soýuzdaşlary emir Ýagysyýan we 
Artykogly Ilgazynyň şäherde ýok wagtlary, Damaska 
hüjüm etse-de, şowly netije bermedi.
Damasky Halap döwletine birleşdirmek isleýän 
Ryzwan şowsuz hereketlerden soň, 1095-1096-njy 
ýyllaryň Bitaraplyk-Türkmenbaşy aýlarynda ikinji 
ýöriş üçin taýýarlyklara başlady. Ýöne Dukagyň 
ýaranlaryndan Antakyýa häkimi Ýagysyýan Damaska 
gelip, ýagdaýy Dukaga gürrüň berdi. Dukak bilen 
Tugtegin şäheriň goragyny güýçlendirdiler. Az 
wagtdan soň Damaska gelen Ryzwan taýýarlykly 
goragçylaryndan başga, Ýagysyýanyň doganyna 
goşulandygyny görüp, hüjüm etmekden gorkup, 
Halaba dolanmaga mejbur boldy. 
Siriýa 
we 
Palestina 
Seljuk 
döwletiniň 
häkimiýetini basyp almagy maksat edinen Ryzwan
duşmany bolan dogany Damask soltany Dukak bilen 
onuň ýarany Antakyýa häkimi Ýagysyýana garşy 
birnäçe hereketlere girişdi. Antakyýada şowly hüjümler 
bolsa-da, Damaskda belli bir üstünlik gazanyp bilmedi. 
Eger Antakyýany basyp alsa, Damaskyň hem 
gowşajagyny pikir eden Ryzwan, Antakyýa hüjüm 
etmäge taýýarlyklara başlady. Ryzwanyň hereketlerini 
synlaýan emir Ýagysyýan, ýarany soltan Dukaga habar 
ýetiripdir. Dukagyň goragy taşlap, Halaba hüjüm 
edendigini görýäris. Soltan Dukak Tugtegin, Ispehwud 


194 
Sabawa we Ýagysyýan bilen bile Halaba hüjüme geçdi. 
Ryzwanyň güýçleri bilen Damaskyň güýçleri 1097-nji 
ýylyň Nowruz aýynda Gynnesirde söweşşdiler. 
Söweşiň netijesinde Dukagyň güýçleri agyr ýitgä 
sezewar bolup, Damaska yza çekilmäge mejbur boldy. 
Netijede, Ryzwan wagtlaýynça üstünlik gazandy we 
emir Ýagysyýany güýçden gaçyrdy. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   60   61   62   63   64   65   66   67   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling