Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet67/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
BAUDOUINE HÜJÜM 
Urfa 
grafy 
Baudouin 
Danyşmentli Gazy 
Kümüştegin tarapyndan tussag edilen (1100-nji ýyl) 
Antakyýa şazadasy Bohemundy halas etmek we 
Malatyýa 
şazadasy 
Gabriýeli 
Danyşmentli 
hüjümlerinden goramak üçin guran şowsuz ýörişinden 
soňra Urfa dolandy. Şol wagtlar Iýerusalimden gelen 
ilçiler oňa dogany Godefroiniň ölendigini we onuň 
şalyk tagtynda oturmalydygyny aýtdylar. Baudouin 
bolsa ýegeni Baudouin du Borgy dikmesi hökmünde 
Urfa graflygyna belläp, 1100-nji ýylyň Garaşsyzlyk 
aýynyň 2-sine Iýerusalime ýöriş etdi. Baudouin esasan 
haçparazlaryň basyp alan kenarýaka ýoly bilen gitdi we 
ýolda özüne goşulan haçly toparlaryny alyp 
Iýerusalime bardy. Bu habary eşiden Dukak bir 


199 
hüjümde ony eýelemek üçin Humus emiri 
Jenaheddöwle bilen bile Beýruda tarap hereket etdi. 
Jebele we Trablusşamyň üstünden ýoluna dowam eden 
Baudouin Beýruda ýakynlaşdy. Ine, şol wagt Dukak 
we Jenaheddöwläniň güýçleri Baudouini aljyraňňylyga 
salyp, hüjüm etdiler. Söweşde köp haçparaz esgerleri 
öldürildi, gijäniň tümlüginden peýdalanyp, yza 
çekilmegi başaran Baudouin, 1100-nji ýylyň Sanjar 
aýynda Iýerusalime gelip, dogany Godefroiniň ýerine 
tagta geçdi.
Yslam çeşmelerinde ýokdugyna garamazdan, 
haçparaz çeşmesinde aýdylyşyna görä, soltan Dukak 
Baudouine ilçi ugradyp, söweşde ýesir alnan kyrk bäş 
sany seljuk esgerini boşatmagyny haýyş etdi. Şanyň 
bulary diňe pula azat etjekdigini aýtmagy bilen elli 
müň Wizantiýa altynyna şertnama baglaşyldy. Netijede 
seljuk esgerleri halas edilip, Damaska getirildi.
 
JEBELÄNIŇ SYNMAGY WE SOŇKY 
WAKALAR 
Lazkeniň günorta tarapyndaky Jebele Ortaýer 
deňziniň gündogaryndaky iň berk galalardan biridi. Bu 
ýer Trablusşam emiri ibn Ammara tabyn Ibn 
Süleýhanyň häkimiýetindedi. Ibn Süleýha Ibn Ammara 
garşy baş galdyryp, garaşsyzlygyny yglan edip, 
Jebelede fatymylaryň okadýan şaýy hutbasyny ýatyryp, 
Bagdat Apbasyly halypasynyň adyna sünni hutbasyny 
okatmaga başlady. Ibn Ammar bolsa, Dukaga ýüz 
tutup, ony Jebelä garşy söweşde kömek etmäge yrdy. 
Derrew herekete geçen Dukak we Tugtegin galany 


200 
gabasa-da, alyp bilmedi we Damaska, yzyna dolandy 
(1100-1101-nji ýyllar). 
Soltan Dukagyň gabawyndan soň Jebeli, 
Siriýany we Palestinanyň kenarýaka şäherlerini almaga 
synanyşan haçparazlar tarapyndan birnäçe gezek 
gabaldy, ýöne netije bermedi. Ibn Ammardan kömek 
sorap bilmeýän we gitdigiçe güýçlenen haçparaz 
hüjümleriniň öňüni almaga güýji galmadyk Ibn 
Süleýha, Tugtegine hat iberip, Jebeläni Dukagyň 
almagyny, özüniň bolsa maşgalasy we hazynasy bilen 
sag-aman Bagdada ugradylmagyny sorady (1101-nji 
ýyl). Ýöne Dukagyň Diýarbekirdeligi sebäpli onuň 
razylygyny alman belli bir jogap iberip bolmady. 1101-
nji ýylyň Gorkut aýynda Damaska dolanan Dukak, 
Jebele razylyk berdi. Tugteginiň ogly Böri esgerlere 
baştutan bellenilip iberildi. Köp wagt geçmänkä, 
Jebeläniň häkimiýetini Böriniň eline gowşuryp, Ibn 
Süleýha 
Damaska 
geldi. 
Ibn 
Süleýhanyň 
hereketlerinden habardar edilen Ibn Ammar Dukaga 
hat ýazyp «Ibn Süleýhany berse, onuň hazynasyndan 
başga-da üç ýüz müň altyn berjek‖ diýip teklip etdi. 
Ýöne şertnamasyna wepalylyk görkezen Dukak, onuň 
bu teklibini kabul etmedi. Ibn Süleýhany sag-aman 
goýberdi. Jebelede häkimiýeti ele alan Böri we 
ýakynlary halky horlap, adalatsyzlyk etmäge 
başladylar. Bu ýagdaýa Jebele halky Trablusşam emiri 
Ibn Ammara Böriniň üstünden arz edip şäheri 
häkimiýet golastyna almagyny teklip etdiler. Ibn 
Ammar bolsa, Jebelä esger ugratdy. Halkyň kömegi 
bilen şähere aňsatlyk bilen girdiler we ýene-de halkyň 
kömegi 
bilen 
Börini 
ýeňip, 
tussag 
etdiler. 


201 
Trablusşamda Ibn Ammaryň huzuryna çagyrylan Böri 
gowy garşy alyndy. Soňra ony Damaska ugradyp, Ibn 
Ammar kakasy Tugtegine bir hat ýazyp Böriniň we 
ýakynlarynyň Jebeledäki hereketlerini gürrüň berip: 
«Şäheriň haçparazlar tarapyndan eýelenmeginiň öňüni 
almak üçin şeýle hereket etmäge mejbur boldum‖ 
diýýär. Netijede, häkimiýet gysga wagtlyk Damask 
Seljuk döwletine tabyn — Jebele täzeden Trablusşam 
emirligine geçdi.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling