Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


DUKAGYŇ ÖLÜMI WE TARYHY ŞAHSYÝETI


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet70/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
DUKAGYŇ ÖLÜMI WE TARYHY ŞAHSYÝETI 
Dokuz ýyl (1095-1104-njy ýyllar) Damask 
Seljuk döwletiniň başynda oturan Şemsilmülk Abu 
Nasr Dukak ir ýaşda uzaga çeken kesel bilen keselledi. 
Bu sebäpli ol berhiz tutmaga mejbur boldy. Bedeniniň 
kuwwatdan düşmegi bilen inçekesele duçar boldy, 
günsaýyn takatdan düşüp, horlanmaga başlady. Onuň 
ýaşajakdygyndan umydyny kesen ejesi Safwetilmülk 
hatyn mundan beýläk döwletiň nähili dolandyr-
malydygy barada maslahat soranda, ol Atabegliginde 
bir ýaşly ogly Tutuşyň tagta oturdylmagyny we döwlet 
işlerini alyp barmagy wesýet etdi. Dukak 1104-nji 
ýylyň Oguz aýynda aradan çykdy. Jesedi şäheriň 
demirgazyk-gündogarynda Meýdanylahdarda, beýik 
depäniň üstünde ejesiniň gurduran metjidiniň 
howlusynda, 
Kubbetittawawys 
gonamçylygynda 
jaýlandy.
Dukak kakasy Täjeddöwle Tutuşyň ölüminden 
soň, esasan, onuň hyzmatyndaky emirleriň goldawy 


205 
bilen Damaska gelip, dogany Ryzwanyň Halapda 
guran Seljukly döwletinden özbaşdak Seljuk döwletini 
gurmagy 
başardy. Ol hökümdarlygynyň ilkinji 
ýyllarynda uly ogul hökmünde kakasynyň goýup giden 
Seljuk döwletiniň ýeke-täk hökümdary bolmagy 
maksat edinen soltan Ryzwanyň hüjümleriniň öňünde, 
atabegi we kakalygy Tugteginiň başda durmagynda we 
beýleki tejribeli emirleriň goldawy bilen Damaskdaky 
hökümdarlygyny goramagy başardy. Wagtal-wagtal 
gaharjaň we elmydama şübheli häsiýete eýe bolan 
dogany Ryzwanyň häkimiýetindäki emirleriň hem 
onuň hyzmatyna girmegi, Dukagyň olara hormat 
goýmagy bilen bagly bolsa gerek. Esasan atabegi we 
kakalygy Halap Seljuk döwletiniň birinji derejeli 
adamy Jenaheddöwle Hüseýiniň hem Ryzwanyň 
hyzmatyndan aýrylyp, Humusda aýry beglik gurmagy 
we her pursatda Dukak bilen iş salyşmagy munuň 
aýdyň mysalydyr. Onuň üstünliginiň iň möhüm sebäbi 
kakasynyň hyzmatynda duran emirdir döwlet işgär-
lerini bir ýere jemlemegi we Damask Seljuk döwletiniň 
işlerini olaryň tejribeli ellerine bermegindedir diýsek 
ýalňyşmarys. Ol haçparazlaryň Siriýa we Palestina 
ýerleşmeginden soň olara garşy Beýik Seljuk 
şadöwletiniň başda durmagynda yslam döwletleriniň 
söweşlerine-de öz güýçleri bilen gatnaşdy. 
Kakasynyň paýtagty Damaskda döwletini guran 
Dukak hem dogany Ryzwan ýaly kakasynyň häkim 
bolan galalaryny we kentlerini öz häkimiýetine almaga 
synanyşdy we her synanyşygynda üstünlik gazandy. 
Onuň döwründe döwletiniň araçäkleri, gündogar 
Ortaýer deňziniň kenarýaka sebitlerinden başlap 


206 
Busradan Hama çenli uzaldy, aýratyn Rahbe we 
Günorta-Gündogar Anadoly sebitlerini öz içine aldy. 
Hakykatdan-da, onuň soltanlygynyň araçäklerinden 
örän uzaklarda ýerleşen Rahbe we günorta-gündogar 
Anadoly topraklaryna häkim bolmak isleginiň ýanynda 
Jabele emiri Ibn Süleýhany «Hazynasyndan başga üç 
ýüz müň altyny gola salmaga kömek etmegini» haýyş 
eden duşmany Trablusşam häkimi Ibn Ammaryň bu 
teklibini ret edip, ähde wepalylyk görkezmegi bellenip 
geçilmäge mynasypdyr. 

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   64   65   66   67   68   69   70   71   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling