Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
ANTAKYŸÝa KÖMEK Haçparazlar Urfany basyp alyp, ol ýerdegraflygy guranlaryndan (1098-nji ýylyň Nowruz aýy) soňra, Antakyýanyň üstüne ýöriş etmekleri bilen şäher häkimi emir Ýagysyýan, Beýik Seljuk döwletiniň soltany Berkýarygyň başda durmagy bilen Eljezirdäki we Siriýadaky seljukly emirleriň Antakyýa kömege gelmeklerini habar berdi. Dukak, atabegi Tugtegin we ýene-de birnäçe emirler Damaskdan herekete geçdiler. Soltan Dukak emir Ýagysyýanyň ogly Şemseddöwle bilen Şeýzaryň golaýynda düşlediler. Dukak bu ýerde haçparazlaryň bir böleginiň üstüni gapyl basyp, olary yza çekilmäge mejbur etdi. Beýleki tarapdan haçparazlaryň Antakyýany gabamaga başlamaklary we Ýagysyýanyň ýüz tutmagynyň netijesinde, Soltan Berkýarygyň buýrugy bilen haçparazlara garşy göreş üçin, goşunbaşy bellenen Mosul häkimi emir Gürbuga taýýarlykdan soň Urfany graflykdan yzyna almak maksady bilen ýöriş etdi. Soltanyň çakylygy bilen gazawat ýörişine goşuljak Eljeziräniň we Siriýanyň emirdir soltanlary Gürbuga Merjidabykda goşulmalydylar. Bu maksat 195 bilen Dukak we atabegi Tugtegin goşuny bilen Merjidabyga ýöriş etdiler. Soltan Dukagyň baştutanlyk eden güýçleri Telmennes galasyna ýakynlaşanlarynda, gala halkynyň haçparazlara hat ugradyp, olary Siriýa ýöremeklige iterendikleri ýüze çykdy. Bu habary alan Dukak, halka jeza hökmünde belli bir mukdarda pul tölemelidigini ýazdy, ýöne hemmesini töläp bilmändikleri üçin girewler alnyp, Damaska ugradyldy. Has soňra Siriýa goşuny demirgazyga tarap ýoluna dowam edip, Merjidabyga gelenlerinde, şowsuz tamamlanan Urfa söweşinden gelen Gürbuganyň goşuny bilen birleşip (1098-nji ýylyň Magtymguly aýynyň ahyry), Antakyýa ýöriş etdiler. Seljuk goşuny 1098-nji ýylyň Oguz aýynyň 9-yna, Antakyýa gelenlerinde, şäheriň içki galasyndan başga ýeri haçparazlaryň eline geçipdi. Türkmen goşunynyň başynda duran Gürbuga Antakyýa düzlüginde söweş üçin haçparazlara şäheriň daşyna çykmaga rugsat berdi. Heniz çaknyşyk başlamanka, Gürbuganyň ýanyndaky emirdir goşunbaşylar söweş meýdanyny terk etdiler. Soltan Dukak beýleki emirler ýaly Sökmen we Jenaheddöwle bilen söweşmän Damaska dolandy. Netijede, Dukagyň haçparazlara garşy gurnan hereketleri şowsuz tamamlandy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling