Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
SOLTAN ŞANYŇ ÖLÜMI Ýokarda belleýşimiz ýaly, Ilgazy tarapyndan göçürilen Soltanşa we onuň maşgalasy kakasy Ilgaza garşy baş göterip, Halapda häkimiýeti eýelän Süleýman tarapyndan Halapdan uzaklaşdyryldy. Soňra olar Jaber galasyna gidip, emir Mälige sygynmaga mejbur boldular. Ýöne köp wagt geçmänkä, Ilgazy Halapdaky bidüzgünçilikleri basyp ýatyranyndan soňra Soltanşa we maşgalasyny täzeden Halaba getirdi. Ilgazy öleninden (1122-nji ýylyň Sanjar aýynyň 19-y) 186 soňra, naýyby hökmündäki ýegeni Süleýman Halaba häkim bolmakda kynçylyk çekmedi. Ilgazynyň ölüminden peýdalanan Iýerusalim şasy Baudouin II, Halaba täzeden hüjüm edip, Buzaga we Bire ýaly möhüm galalary eýeledi. Bu hüjümleriň öňüni almak maksady bilen Süleýman onuň bilen ýaraşyk baglaşyp, Esaryp galasyny-da terk etmäge mejbur boldy (1123- nji ýylyň Gurbansoltan aýy). Şeýlelikde, haçparazlar tarapyndan täzeden gabalan Halap Ilgazynyň beýleki ýegeni we haçparazlara güýçli gaýtawul görkezen Belek Gazy tarapyndan eýelendi (1123-nji ýylyň Oguz aýy). Şäher haçparazlara jogap berjek derejede güýçlendi. Belek häkimiýeti eýelemek maksady bilen haýal-ýagalyga ýol bermän Soltanşany we maşgalasyny Halapdan Harrana ugradyp, şol ýerde galmaga mejbur etdi. Belegiň Menbij galasy ugrundaky söweşinde galadan atylan zäherli okdan ýaralanyp ölmegi bilen ýanynda söweşen Mardin Artykly emiri Ilgazy Demirdaş, 1124-nji ýylyň Magtymguly aýynda Halap häkimiýetini golastyna aldy. Halapda birnäçe üýtgeşiklikler girizen Demirdaş Harrana sürülen Soltanşany Mardine göçürdip, bir otagda gulp astynda saklady. Köp wagt geçmänkä, Soltanşa Halaba täzeden häkim bolmak üçin Siriýa gelip, seljuk dikmesi Hille emiri Dübeýs bilen birleşip, Demirdaşa garşy şertnama baglaşdy. Halap galasynda tussagda ýatan we Demirdaş bilen baglaşan şertnamasynyň netijesinde azat edilen şa Baudouin II, Dübeýs bilen Demirdaşa garşy birleşdiler. Dübeýs Baudouini Halap halkynyň arapdygy sebäpli şäheriň aňsatlyk bilen eýelenjegine ynandyrdy. Demirdaşa 187 garşy Dübeýs, Soltanşa we Baudouin II bileleşigi emele geldi. Halaby hökmany suratda eýelejekdiklerine ynanan ýaranlar Halap häkimiýetini Soltan şa bilen Dübeýse, hazynany haçparazlara berilmegi barada şertnama baglaşdylar. Köp wagt geçmänkä, ýandaşlar Demirdaşyň Halaba kömek bermek üçin Mardine gitmeginden peýdalanyp, herekete geçdiler. Dübeýs we Joscelin özlerine goşulan Soltan şa, Balis emiri Artykly Ýagysyýan, Dewser galasynyň häkimi Isa we Baudouin II bilen bile Halaby gabamaga başladylar. Şäheriň öňünde üç ýüz çadyrdan ybarat bileleşik güýçleri ýygnandy we Soltanşanyň hem-de Dübeýsiň baýdaklary dikildi. Demirdaşyň ýerine Halapda bäş ýüz atly goşun bilen ýegeni Süleýman we goşunbaşysy Omar bilen Abylfazl kazy galypdy. Şäheri gaban güýçleriň zulumy esasan, Dübeýsiň dönükligi halaplylarda ýigrenç duýgusyny oýandyrdy. Olar wagtal-wagtal galanyň üstüne çykyp, kapyýa bilen «Eý dönük Dübeýs» diýmekden özlerini saklap bilmediler. Gabawyň uzak wagtlap dowam etmegi netijesinde, azyk ýetmezçiligi başlandy. Ilçileriň ugradylmagy hiç hili netije bermedi. Gabaw zerarly çykan kyn ýagdaýdan halas bolmak üçin, Halap ilçileri gijäniň tümlüginden peýdalanyp, Halapdan gizlin çykyp, Mardine Demirdaşyň ýanyna bardylar we Halabyň kyn ýagdaýa düşendigini aýtdylar. Demirdaş kömek etmäge söz berse-de, Halapda «Halkyň öli etini iýmäge taýýar- dygy» hakyndaky habara örän gaharlanyp: «Akmaklaryň edýän işine serediň, hakykaty gizläp meni kömege çagyrýarlar» diýip, Halaba gitmekden dändi, hat-da esger hem ugratmady. Mardinden gizlin 188 gaçmagy başaran Halap ilçileri, Mosulda agyr hassa ýatan emir Akşuňkar Porsukdan Halaby halas etmegi haýyş etdiler. Gysga wagtyň içinde sagalan Akşuňkaryň Halaba barmagy bilen birleşen güýçler yza çekildiler. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling