Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
SELJUKLY SOLTANYNA ÝÜZLENME WE
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
SELJUKLY SOLTANYNA ÝÜZLENME WE
SOŇKY WAKALAR Halap Seljukly döwletiniň içerki we daşarky howplar bilen ýüzbe-ýüz galmagy, ýolbaşçylygy öz elinde saklaýan Luwluwy aladalandyrdy. Bu ýagdaýlara çäre tapmak maksady bilen Tugtegin we goňşy musulman emirlerine ýüz tutan hem bolsa netije bolmady. Halaby halas etmek üçin bu gezek ol Beýik Seljukly şadöwletiniň soltany Muhammet Tapara hat bilen ýüz tutup, Ryzwanyň we Alp Arslanyň galdyran hazynalary bilen bile Halap häkimligini berjekdigini 179 wada edip, esger ugratmagyny haýyş etdi. Ýurt dikmelerinden Mardin emiri Artykogly Ilgazy bilen Damask emiri Tugteginiň gozgalaň turuzýandyklaryny we haçparazlar bilen birleşik gurandyklary baradaky habary alan soltan Muhammet Tapar iki emiri-de jezalandyrmagy ýüregine düwdi. Bu maksat bilen ol Hemedan emiri Porsugy, Çawuş begi, Gündogdy bilen bile Mosul we Eljeziräniň güýçleriniň-de goşulmagyn- daky goşuna baştutan belläp, oňa ilki Ilgazy we Tugtegine garşy söweşmegi, soňra haçparazlara garşy göreşmegi buýurdy. Ýörişe giren goşun Ýewfrat derýasyny geçip (1115-nji ýylyň Magtymguly-Oguz aýlary), ugruny Halaba tutdy. Emir Porsugyň baştutanlygyndaky goşun Halaba ýakynlaşanda Luwluwa we Ýarykdaşa soltanyň hatyny ugradyp Halabyň özüne berilmegini talap etdi. Ýöne häkimiýeti bermek niýeti bolmadyk Luwluw soltana beren sözünden dänip, Porsuga jogap bermedi. Ilgazy we Tugtegine ilçi ugradyp, Halaby eýelemeklerini isledi. Luwluwyň bu teklibini kabul eden Tugtegin ýarany Ilgazy bilen bile Halaba girip, seljukly goşuny bilen söweşmäge taýýarlandylar. Balise ýeten emir Porsuk we seljukly goşuny Halabyň atlary agzalan iki emir tarapyndan alnandygyny we söweş taýynlyklary baradaky habary aldy, şonluk bilen şähere girmän, Damaska tabyn Hama galasyna tarap ýoluny üýtgetdi. Köp wagt geçmänkä-de, basyp aldy. Porsuk soltanyň buýrugy bilen bu ýeri Humus emiri Haýyr hana berdi. Tugtegin, Ilgazy we Ýarykdaş, ýaranlary — Antakyýa şazadasy Rohugeriň ýanyna baryp, ondan Damask we Hamany soltanyň goşunlaryndan azat etmek üçin 180 kömek bermegini haýyş etdiler. Porsuga garşy söweşmek üçin Iýerusalim şasy Baudouin bilen Trablusşam şazadasy Pons we beýleki haçparaz serkerdelerden Rožer ýandaşlaryna kömek etmek üçin Antakyýa geldiler. Gyş möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen seljukly goşunynyň yza çekilip biljegi barada pikir edip, hüjüme geçmekden saklandylar hem-de Efamiýe galasynyň ilerisinde karargäh gurdular (1115- nji ýylyň başlary). Ýaranlarynyň goşuny bilen Şeýzarde düşlän seljukly goşuny biri-birlerinden gorkup, iki aýlap hüjüm etmediler. Ruhnama aýynyň ortalaryna iki tarap yza çekilip, ýurtlaryna dolandylar. Ýarykdaş hem esgerlerini alyp Halaba geldi, ýöne näbelli sebäplere görä Luwluw tarapyndan tutulyp zyndana atyldy. Şol wagtlar seljukly goşuny, haçparazlardan Kefertaby basyp alanyndan soňra, Efamiýäni gabasa- da, basyp alyp bilmedi. Günorta ugur alyp, haçparazlaryň basyp alan Magarratun-Nugman galasyna ýöriş etdi. Seljukly goşunynyň gelmegi bilen sebit halky örän begendi. Şol wagtlar Ýarykdaşa tabyn Buzaga seljukly goşunbaşylaryndan Çawuş beg tarapyndan ele geçirildi. Seljukly goşuny bolsa söweşmän Magarratun-Nugmandan Porsuk we Rahbe emiri Jandaryň ýolbaşçylygynda Halaba ýöriş etdi. Ýöne Halap häkimiýetini elde saklanýan Luwluw seljukly goşunynyň hereketlerini ünsli synlap, ýarany Antakyýa şazadasy Rožeri habardar edýär. Seljukly goşunynyň goragsyz, öňden ugradylan ähli gymmatlyklary, Halabyň günorta-günbatar sebitlerinde, goşuny sagatma-sagat yzarlan Rožer 181 tarapyndan gapyllykda basylyp, doly eýelendi. Yzdan topar-topar bolup gelýän seljukly güýçlerinden birnäçe bölegi duzaga düşürilip ýok edilmegi bilen, galan seljukly goşuny yzyna dolandy. Şeýlelikde, Halaby we onuň daş-töweregini haçparaz howpundan halas etmek üçin seljukly soltany Muhammet Tapara ýüz tutan Luwluw Halap häkimiýetiniň elden gitmeginden howatyrlanyp, şadöwlete garşy bolan Tugtegin we Ilgazy we haçparazlar bilen bileleşik gurap, Halaby elinde saklamagy başardy. Seljuklylaryň Halap sebitlerinden aýrylmagyndan soň Luwluw zyndanda oturan Ýarykdaşy bagyşlap, oňa Buzaga we birnäçe ýerleriň häkimiýetini gaýdyp berdi. Ýarykdaş bolsa Halapda Luwluwyň ýanynda özüni rahat duýman, Damaska Tugteginiň ýanyna gidip, oňa sygyndy. Ýarykdaşyň gelmegine şatlanan Tugtegin, haçparazlardan basylyp alnan Humusa tabyn Rafeniýäni oňa berdi. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling