Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
DÖWLETIŇ ÝYKYLYŞY
Mundan öňki bölümlerde görşümiz ýaly, Halap Seljukly tagtyna geçen Soltan şanyň ýaş bolmagy sebäpli maslahatçysy hökmünde döwleti dolandyran adamlaryň zulmundan ýygy-ýygydan artdyrylan paç- laryň halka ýetiren zyýanlaryndan başga-da, haçparazlaryň yzygiderli hüjümleri olar bilen baglaşylan şertnamalar, maddy we ruhy taýdan agyr şertnamalaryň çydap bolmajak ýüki, döwletiň abraýyna we ykdysady ýagdaýyna düýpli sarsgyn berýärdi. Halap ýekeje hüjümde boýun egjek ýagdaýa düşüpdi. Halabyň ýagdaýynyň agyrdygyna we aýylgançdygyna düşünen ýolbaşçylar, seljukly soltanyndan we beýleki musulman hökümdarlaryndan umytlaryny üzdüler. Bu sebäpli olar şäher emeldarlaryndan düzülen ilçi toparyny köp sanly türkmen goşunynyň serkerdesi soltan Muhammet Taparyň adyndan Bagdadyň häkimi wezipesini şowlulyk bilen alyp baran Mardin Artykly emiri Ilgaza ugradyp, Halaba gelip häkimiýeti eýelemegi we haçparazlara garşy söweşmegi haýyş etdiler. Mardine gelen ilçileriň teklibini kabul eden Ilgazy we ogly Demirdaş käbir ýakyn adamlaryny we az sanly esgerlerini alyp Halaba gelse-de, ýolbaşçylaryň arasynda düşünişmezlik çykdy. Ilgazy derrew Halapdan aýryldy, ýöne onuň şähere girmegine garşydaşlaryň razy edilmeginiň netijesinde, Ilgazynyň yzyndan ýetip, ötünç soradylar we yzyna gaýtardylar. 185 Ilgazy Halaba geldi, galany eýeländen soň, möhüm wezipelere ynamdar adamlaryny ýerleşdirdi. Soltan şa we maşgalasyny bolsa köşkden çykaryp, başga ýere göçürdi. Şeýdip, Siriýa we Palestina Seljukly döwletiniň Halap şahasy ýykyldy (1117-1118-nji ýyllar). Has soňra Ilgazy Soltan şanyň adyndan döwlet işlerini alyp baran Abulmaýaly aýryp, bulara hyzmat eden emeldarlary tutdurdy. Ýöne beýleki tarapdan Halabyň ykdysadyýeti entek düzelmändi; halk agyr salgytlary berip bilmeýänligi sebäpli Ilgazynyň we esgerleriniň ätiýaçlyklarynyň ýerini dolduryp bilenokdy. Halap Seljukly döwletiniň ýykylyşyna sebäpkär Ilgazy häkimiýete geçeninde soltan Ryzwanyň galdyran hazynasyna el uran maslahatçylarynyň we ýoldaşlarynynyň ähli emlägi talmaklary netijesinde azyk ammarlary boşap galypdy. Ilgazy döwlet işgärleriniň köpüsini tutduryp, döwlete degişli maly we emlägi ellerinden alyp, soltanlyk hazynasyna tabşyrdy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling