Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty


GÜNORTA-GÜNDOGAR ANADOLA ÝÖRIŞ


Download 0.72 Mb.
Pdf ko'rish
bet66/72
Sana01.03.2023
Hajmi0.72 Mb.
#1240202
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   72
Bog'liq
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI

 
GÜNORTA-GÜNDOGAR ANADOLA ÝÖRIŞ 
Öň belleýşimiz ýaly Tutuş, Soltanşanyň 
ölüminden soňra Berkýaryk bilen tagt ugrundaky 
göreşe başlan wagtlary Demirgazyk Siriýadan we 
Mosuldan soňra, günorta-gündogar Anadoly sebitine 


196 
gelip, ol ýerleri häkimiýetine alypdy, Silwany 
Tugtegine beripdi. Ýöne Reý söweşinde tussag edilip, 
zyndana atylan, has soňra boşadylan Tugtegin Silwana 
Altaşy naýyp belledi we Damaska gelip, soltanyň 
hyzmatyna girdi. Tugteginiň bu ýerden aýrylmagyndan 
soň bu sebit, Beýik Seljukly şadöwletine degişli 
türkmen emirlerini Altyndaş Silwanda, Sadr Amidde, 
Şahruh Hanyda we Erzende, Gyzyl Arslan Siirtde we 
Begmurtda, Türkmen Musa Hasankentde, Ýeltekin 
Bitlisde – häkimiýete geçdiler. Ozal belleýşimiz ýaly 
Tutuşyň ölüminden soň, ogly Ryzwan kakasynyň 
häkimiýetini eýelemek üçin günorta-gündogar Anadola 
ýöriş etse-de, netije gazanyp bilmedi. Bu gezek soltan 
Dukak kakasynyň döwründe, umumy häkim we 
häkimiýeti elde saklan bu sebitleriň täze emirleriniň 
wepalylygyny gazanmak maksady bilen 1099-1100-nji 
ýyllarda, esgerleri bilen, Damaskdan çykyp, Rahbe 
ýoly bilen günorta-gündogar Anadola, ýagny Silwana 
geldi. Köp wagt geçmänkä, sebitdäki bütin emirler 
huzuryna gelip, wepalylyklaryny görkezip, tagzym 
etdiler. Şol wagtlar soltan Dukak halka zulum edip
mallaryny talaýan emir Altyndaşyň weziri Abu Bekri 
tutduryp, emlägini talady. Şeýdip, sebitde özüne bolan 
ynamy berkidip, Damaska dolandy. 
 
HAÇPARAZLAR BILEN GÖREŞLER 
 
TANKRED BILEN ÇAKNYŞYK 
Öňki bölümlerde aýdyşymyz ýaly, haçparazlar 
Urfada, Antakyýada we Iýerusalimde döwlet gurmagy 


197 
başaranlaryndan soň, häkimiýetlerini musulmanlaryň 
garşysyna giňeltmek üçin Siriýa we Palestina 
yzygiderli hüjüm edýärdiler. Şol maksat bilen 
Iýerusalim şasy Godefroi de Bouillon bilen Tabaryýa 
şazadasy Tankred, Tabary kölüniň gündogaryndaky 
mes toprakly Belka sebitiniň Sewat topraklaryny basyp 
almaga taýýarlanýardy. Bu sebitden alnan mallar, 
hasyllar 
Palestinanyň 
gämi 
duralgalaryna 
ugradylmalydy. Şa bu sebiti şalyk araçäklerine almak 
isleýärdi. Şol maksat bilen Tankred 1100-nji ýylyň 
Magtymguly aýynyň başlarynda, şadan aýry taýýarlan 
güýçleri bilen Jöwlana çenli hüjümlerini sürdürmegi 
niýetläpdi. Haçparazlaryň Sewada hüjüm etmäge 
taýýarlyklary baradaky habary alan arap emiri, soltan 
Dukaga ilçi bilen ýüz tutup, ondan kömek sorady. 
Dukak bolsa, oňa bäş ýüz atly iberdi. Beýleki tarapda 
Tankred goşuny bilen Sewat topraklaryna hüjüm edip, 
köp sanly ýesir aldy. Tankred, bu ýörişlerden soň esasy 
haçparaz goşunyna tarap dolanyp barýarka, Dukagyň 
iberen atly güýçleri bilen çaknyşdy. Söweşde 
haçparazlar uly ýitgilere sezewar edildi. Tankred 
kynlyk bilen gijäniň ýary şanyň güýçlerine goşuldy. 
Ýagdaýdan habardar edilen şa Damask esgerleriniň 
täze hüjümlerine garşy goragy güýçlendirdi. Seljuk atly 
güýçleri 
ýeňişden 
we 
haçparazlaryň 
Sewat 
topraklaryndan uzaklaşdyrylmagyndan soň, Damaska 
dolandylar. Ýöne şa Godefroi Iýerusalime dolanmagy 
sebäpli Tabyryda bir mütdet galan Tankred, Sewat 
topraklaryna her gün diýen ýaly talaňçylykly 
hereketleri edýärdi. Günbatarly bir haçparaz çeşmesine 
görä, soltan Dukak talaňlary togtatmak üçin Tankrede 


198 
birnäçe mukdar altyn we sowgatlar iberip, ýaraşyga 
çagyrdy. Ýaraşyk barada şanyň hem razylygyny alan 
Tankred, jogap hökmünde Damaska alty sany tejribeli 
atlydan ybarat ilçi toparyny iberdi we Dukaga 
Damasky terk etmegi ýa-da hristiançylygy kabul 
etmegi teklip etdi. Muňa gahary gelen Dukak ilçilere 
yslamy ýa-da ölümi saýlaň diýdi. Yslamyýeti kabul 
eden birinden başgasynyň kellesi kesilip öldürildi. Bäş 
ilçiniň öldürilmegi baradaky habar alan Tankred, 
derrew güýçlerini alyp, täzeden Sewat düzlügine baryp, 
on dört günläp sebiti talady. Dukakdan hiç hili kömek 
almadyk Sewat emiri hüjümleriň öňüni almak üçin 
Tabary şazadasy Tankrediň dikmesi bolmaga we paç 
tölemäge mejbur boldy.

Download 0.72 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   62   63   64   65   66   67   68   69   ...   72




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling