Türkmenbaşy adyndaky türkmenistan milli golýazmalar instituty
Download 0.72 Mb. Pdf ko'rish
|
Aly Sewim Siriýa we Palestina Seljuk döwletiniň taryhy-2004`MGI
TUTUŞ DAMASK TAGTYNDA Soltan Dukagyň wesýeti bilen kiçi ogly Tutuş Damask tagtyna geçirilse-de, häkimiýet dolulygyna Tugteginiň elindedi. Tugtegin häkimiýetini berkitmek üçin şäher halkyna we töweregindäki adamlara uly möçberlerde haýyr-yhsan etdi we adalatlylygy bilen olaryň sylag-hormatyny gazandy. Netijede, Tugtegin Dukagyň ölüminden soň döwlet işlerini ýola goýdy. ÄRDAŞYŇ ŸÝaGDAÝY Soltan Dukak ölmänkä, özüniň on iki ýaşly dogany Mühiddin Ärdaşdan şübhelenip, ony Bagalbek häkimi Kümüştegine ugradyp, ony Bagalbek galasynda göz astynda saklamagyny sorady. Ýöne Dukagyň ölüminden soň Tugtegin Ärdaşyň tussagda bolmagyny oňlamady we Kümüştegine hat ugradyp Ärdaşy boşadyp Damaska ugratmagyny isledi. Köp wagt geçmänkä, Damaska gelen Ärdaşy dabara bilen garşy 207 alan Tugtegin, emirdir goşunbaşylaryň razylygy bilen ony Damask Seljuk döwletiniň tagtyna oturtdy, özi bolsa öňküsi ýaly döwlet işlerine ýeke-täk gözegçi bolup galdy (1104-nji ýylyň Ruhnama aýy). Ýöne oglunyň tagtda oturmagyna garamazdan Ärdaşyň ejesi, Tugteginiň aýaly Safwetilmülk hatyn adamsy bilen dilleşip, agtygy Tutuşy täzeden tagtda oturtmak üçin Ärdaşy yzygiderli öjükdirýärdiler. Aýratyn-da Tugteginiň emiri Aýteginiň başda durmagy bilen ýene- de birnäçe emirler Ärdaşa Damaskdan gizlin gaçyp, Bagalbekdäki emir we serkerdeler bilen birleşip, haçparazlaryň kömegi bilen Damasky Tugteginden alyp, Seljukly tagtyna oturmagyny maslahat berdiler. Heniz çaga ýaşdaky Ärdaş 1104-nji ýylyň Ruhnama aýynda Aýtegin bilen gizlinlikde Damaskdan gaçyp Bagalbege däl-de Şeriga düzlüginiň gündogaryndaky Hawrana gitdiler. Bu ýerde olara Tugteginiň garşydaşlaryndan birnäçe adamlar goşuldy. Olar Baudouine ýüz tutup, ondan kömek soradylar. Şanyň razylyk bermegi bilen Ärdaş we Aýtegin Iýerusalime gelip, Baudouin bilen gepleşikleri geçirip Damaska hüjüm etmäge yrdylar. Ýöne fatymylaryň Palestinany haçparazlardan halas ediş hereketlerine başlamagy bilen Baudouin, olaryň haýyşyny ret etdi. Haçparazlaryň kömeginden umydyny kesen Ärdaş Aýtegin bilen bile Iýerusalimden gaýdyp, Siriýa çöli bilen Damask Seljukly döwletine degişli Rahbe şäherine baryp, häkimiýeti eýeledi (1105-nji ýyl Gurbansoltan aýy). Ärdaş ol ýerden gündogara hereket etdi, ýöne, ýolda aradan çykdy. Download 0.72 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling