Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet3/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 



Dil we diller hakynda umumy maglumat 
 
Dünýädäki dilçi alymlaryň tassyklamagyna görä,‎ 
häzirki döwürde Ýer ýüzünde üç müňden gowrak dil bar 
diýlip hasaplanylýar. Olaryň käbirlerinde, meselem, hytaý, 
iňlis, arap, hindi, ispan dillerinde älemiň ýüzlerçe million 
ýaşaýjysy gepleýär. Ýukagir, ket, nigdal, nganasan dilleri 
ýaly diller bolsa, bary-ýogy ýüzlerçe adamyň ene dili 
bolup durýar. Käbir dilleriň, meselem, grek, hytaý ýa-da 
türkmen diliniň müňlerçe ýyllyk edebi däpleri bar. Aranta, 
nikobar, ýagnob dilleriniň bolsa, häzire çenli hatda 
ýazuwy hem döredilmändir. Ol diller diňe sözleýiş 
aragatnaşyk serişdesi hökmünde peýdalanylýar.
Gadymy edebi-ýazuw däpleri bar bolan diller,ýagny 
gadymy ýazuwly diller, ýazuwy soň döredilen diller 
bolsa ýaş ýazuwly diller atlandyrylýar.Bislam ýa-da 
neosolomon 
ýaly 
birentek 
diller 
diňe 
ýazuw 
ýadygärliklerinden belli bolan, müňlerçe ýyl mundan öň 
ulanylan şumer diline garanyňda has soň ýüze çykandyr. 
Janly gepleşikde ulanylmadan galan diller öli 
diller, meselem, latyn dili hasaplanylýar, häzir gepleşikde 
peýdalanylyp ýörlen diller bolsa janly diller diýlip 
atlandyrylýar. 
Dünýädäki dilleriň bir topary , meselem, türkmen 
we azerbaýjan dilleri, rus hem-de belarus dilleri biri-birine 
örän meňzeşdir. Iňlis we hytaý dillerini deňeşdireniňde 
bolsa, birbada olaryň arasynda hiç hili meňzeşlik göze 
ilmeýär. 
Muňa garamazdan, dilleriň arasynda örän köp 
umumylyklar bardyr. Islendik dil haýsydyr bir topar bolup 
ýaşaýan adamlaryň baýlygydyr, genji-hazynasydyr. 
Islendik dilde sözleýjiniň pikiri sözleýiş sesleriniň belli bir 


10 
toplumlarynyň many aňladýan utgaşmalarynyň üsti bilen 
beýan edilýär. Ähli dillerde çekimli hem-de çekimsiz 
sesler bardyr. Diňe çekimli seslerden ýa-da diňe çekimsiz 
seslerden ybarat bolan dil ýokdur. Dilleriň hemmesi 
bölünmek häsiýetine eýe bolup durýar. Beýle diýildigi, 
adamzadyň ulanýan islendik dilinde aýdylýan sözlemleriň 
sesler, morfemalar, sözler, durnukly söz düzümleri ýaly 
bölümlere bölünýär diýildigidir.
Olar dürli sözlemleriň düzüminde biri-biri bilen 
utgaşyklylykda dürlüçe gaýtalanyp bilýärler. Dilleriň 
ählisinde adamlar sözlemler arkaly gepleýärler. Islendik 
dilde has hem-de jyns atlar bar. Hemme diller ol ýa-da 
başga düşünjeleriň, adalgalaryň kömegi bilen beýan 
edilýär. Bu ýagdaý biziň üçin has-da wajypdyr, eger şeýle 
bolmasa,dil bilimi ýaly ylym emele gelip bilmezdi. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling