Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet5/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Soraglar we ýumuşlar: 
 
1. Dil bilimi näme? Ol ylym näme öwrenýär? 
2. Umumy we hususy dil bilimleri näme? Olaryň 
arasynda nähili baglanyşyk bar? 


12 
3. Dünýäniň ähli dlleri üçin umumy bolan haýsy 
häsiýetleri aýdyp biljek? 
4. Sinhron we diahron dil bilimleri näme? Olaryň 
arasynda nähili baglanyşyk bar? 
Dil we dil belgileri. Diliň gatlaýyn (ýarus) gurluşy 
Dil biliminiň esasy öwrenýän predmeti dildir. Dil 
näme? Ol agaç, kagyz, el, aýak ýaly gözümize anyk 
görnüp duran zat däldir; dili ýerinden gozgap, ölçäp , 
agramyny çekip bolmaýar.
Dil ot, ýagtylyk, ýagyş ýaly tebigy hadysa 
bolaýmasyn? 
Ýöne, dil diňe adamzat jemgyýetinde emele gelýär, 
oduň, ýagtylygyň , ýagşyň emele gelmegi üçin bolsa 
adamyň asla zerurlygy ýokdur. Häzirki zaman ylmy dili 
belgileriň ulgamy hökmünde kesgitleýär. Şunda dildäki 
ähli belgiler iki sany uly topara bölünýär. 
Birinji topara “jaý”, “adam”, “ýel” ýaly doly 
manyly sözler degişlidir. Olar biziň daş-töweregimizi 
gurşap alýan zatlary we hadysalary aňladýarlar. Meselem, 
“jaý” sözi adamlaryň ýaşamak ýa-da haýsydyr bir zatlary 
saklamak üçin guran binasyny aňladýar, “adam” sözi 
bolsa, aňly-düşünjeli, geplemek başarnygy bolan 
mahlugyň adydyr, “ýel” sözi howanyň tekizlik boýunça 
hereket etmegidir.
Belgileriň ikinji toparyna ownuk bölekler, baglaýjy 
kömekçiler, goşulmalar we şulara meňzeşler degişlidir. 
Birinji topardaky belgilerden tapawutlylykda, olar daşky 
dünýädäki bar bolan zatlary, hadysalary aňlatmaga ukyply 
däldirler. Hakykatda, rus dilindäki “k” predlogy ýa-da 
nemes dilindäki “der” artikli nämäni aňladýar? Bu sözleriň 


13 
arassa gullukçylyk hyzmaty bardyr. Olar birinji topara 
girýän belgileriň arasyndaky baglanyşygy aňlatmak üçin 
peýdalanylýar. Meselem, “k” predlogy “öýe gitmek” ( 
идти к дому ) söz düzüminde “gitmek” hereketiniň 
ugruny, “öý” sözüne ugrukmasyny görkezýär. 
Nemes dilindäki “der” artikli ayňrsynda at duran 
baş düşümindäki, birlik sandaky, erkeklik jynsyny 
görkezýär 
Dil ulgamy köp gatlydyr ýa-da ylymda ulanylýan 
adalga laýyklykda köp derejeli gurluşa eýedir. Diliň aşaky 
derejesi seslerde jemlenýär. Olar özünden has ýokary 
derejeler bolan morfemalary, sözleri we şuňa meňzeşleri 
gurmak üçin serişde bolup hyzmat edýärler. Dilde bu 
dereje fonetik dereje diýlip atlandyrylýar.
Diliň 
beýleki bir derejesinde morfemalar-kökler, goşulmalar we 
şulara meňzeşler ýerleşýär. Morfema-mundan beýläk 
bölünmeýän manyly forma, morfologik birlikdir 
(J.Amansaryýew, G.Gulmanow, Lingiwistik terminleriň 
rusça-türkmençe sparwoçnigi. Aşgabat, 1981, 109 sah). 
Bu dereje morfologik dereje diýlip atlandyrylýar. 
Morfemalar fonetik derejeden tapawutlylykda ses bilen 
bilelikde many aýratynlygyna hem eýedir. Ýöne, olaryň 
manysy morfemanyň sözüň düzüminde belli bir orun 
eýelän wagtynda ýüze çykýar. Mysal üçin, “gelýär” sözüni 
alyp göreliň. Türkmen dilini bilýän islendik adam bu 
sözüň häzirki zaman işligidigini säginmän aýdyp biler. 
Muny sözüň soňundaky “-ýär” goşulmasy subut edýär. 
Şeýlelikde, sözüň soňundan -ýär goşulmasy goşulan bolsa, 
ol häzirki zaman işligidir diýip aýtmak mümkin. Ýöne, -
ýär goşulmasy sözden aýrylanda nämäni aňladýar? Hiç 
zady! “Men ýär bilen geldim”, “Saňa ýär gerekmi?” diýip 


14 
aýdyp bolmaýar. Sebäbi, goşulmanyň leksiki manysy 
ýokdur, ol diňe grammatik mana eýe bolup bilýär. 
Diliň üçunji derejesi-leksiki derejedir. Bu derejede 
sözler ýerleşýär. Sözleriň morfemalardan tapawudy, olar 
leksik mana eýe bolmaklaryndan başga-da, sözleýişde 
özbaşdak ulanylyp bilýänligindedir. Sözler sözlem agzasy 
bolmak hukugyna eýedirler. Sözleriň esasy hyzmaty daşky 
dünýäni gurşap alýan zatlaryň, hadysalaryň atlaryny 
aňlatmakdyr. 
Diliň başga bir derejesi sintaktik derejedir. 
Sintaksisiň esasy birligi söz düzümleri we sözlemlerdeir. 
Sözlemler haýsydyr bir pikiri başga birine ýa-da başgalara 
geçirmek üçin peýdalanylýar. Şu ýerde bellenilmeli zat, 
has kiçi derejäniň birlikleriniň has uly derejedäki birlikleri 
döretmekde serişde bolup durýanlygydyr. Seslerden 
morfemalar düzülýär, morfemalardan sözler gurulýar, 
sözler hem öz gezeginde sözlemleri emele getirýärler. 
Dildäki dereje näçe ýokary bolsa, onda şonça-da 
köp mukdardaky birlik ýerleşýär. Derejeleriň içinde iň az 
“ilatlysy” fonetik gatdyr. Dildäki sesleriň sany dünýäniň 
hiç bir dilinde onlarçadan ýokary bolmaýar. Morfemalaryň 
sany eýýäm müňlerçe san bilen sanalýar, sözleriň sany 
bolsa onlarça, ýüzlerçe müňdür. Ol ýa-da beýleki diliň 
sözlemleri hakynda gürrüň edilende, olary sanamak 
mümkin däldir. 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling