Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti


Dil bilimi (dil öwreniş, lingiwistika) dilleri  öwrenýän ylymdyr. Dil bilimi umumy


Download 2.8 Kb.
Pdf ko'rish
bet4/83
Sana11.11.2023
Hajmi2.8 Kb.
#1767143
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83
Bog'liq
Bekjäýew T~Diller dünýäsi-2010`TDU

Dil bilimi (dil öwreniş, lingiwistika) dilleri 
öwrenýän ylymdyr. Dil bilimi umumy we hususy bolup 
bilýär. Umumy dil bilimi dünýädäki dillerde duş gelýän 
umumylyklary öwrenýär. Hususy dil bilimi aýratyn alnan 
diller (meselem, türkmen dil bilimi, hytaý dil bilimi, iňlis 
dil bilimi we ş.m.) ýa-da garyndaş diller (türki diller, 
slawýan dilleri we ş.m) bilen meşgullanýar.
Dil bilimi sinhronik we diahronik bolup biler. 
Sinhronik dil bilimi barlanylýan diliň taryhynyň 
haýsydyr bir takyk pursatyny beýan edýär. Diahronik dil 
bilimi diliň ösüşiniň belli bir döwrüniň dowamlylygyny 
öwrenýär. Elbetde, umumy we hususy, sinhronik hem-de 
diahronik dil bilimleriniň arasyndaky tapawut hemişelik 
däldir. 
Umumy dil bilimi özüniň öwrenýän ylmy üçin 
aýratyn alnan dili ýa-da dil maşgalasyny öwrenmek 
netijesinde toplanylan maglumatlary peýdalanýar, diliň 


11 
islendik sinhron ýagdaýy bolsa, onuň uzak wagtlyk taryhy 
ösüşiniň netijesinde emele gelýär. 
Dil bilimi beýleki ylymlardan düýbünden üzňe 
däldir. Biz ol ýa-da beýleki dili öwrenenimizde hökmany 
suratda şol dilde geplän halkyň taryhyna ýüzlenmeli 
bolýarys, fonetikanyň meseleleri bilen iş salşanymyzda 
bolsa akustikanyň (fizikanyň bölümi) we gepleýiş 
fiziologiýasynyň 
maglumatlaryny 
peýdalanýarys. 
Terjimäniň maşyn ulgamy döredilende informatika we dil 
bilimi ylymlarynyň maglumatlary birikdirilýär. Haýsydyr 
bir dili öwrenmekden alnan maglumatlar matematiki 
gaýtadan işlemäge sezewar edilip bilner. Dilleri 
barlamakda matematiki usullary peýdalanmak bilen 
baglanyşykly bolan dil biliminiň bölümi matematiki 
lingiwistika diýlip atlandyrylýar. 
Biz haýsydyr bir dili öwrenenmek bilen 
meşgullananymyzda mydama şol dilde ýazylan tekstlere 
ýuzlenmeli bolýarys. Ýöne, biz ol ýa-da beýleki tekstde 
şöhlelenmesini tapýan dil hadysalaryny dogry hasaba 
almak üçin şol tekstiň haçan, kim tarapyndan, nähili 
ýagdaýda döredilendigini, onuň haýsy žanra degişlidigini, 
nähili diňleýjilere niýetlenilendigini kesgitlemeli bolýarys.
Bu meseleler bilen filologiýa ylmynyň dil bilimi 
bilen bilelikdäki beýleki şahasy- edebiýaty öwreniş ylmy 
meşgullanýar. 
 

Download 2.8 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   83




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling