Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmenistanyň milli bilim instituty
Hasaplamaga degişli meseleler (4 sagat)
Download 149.5 Kb.
|
Himiýa 11 ýyllyk td adaty
- Bu sahifa navigatsiya:
- Geçilen materiallary gaýtalamak (8 sagat)
Hasaplamaga degişli meseleler (4 sagat)
Tema degişli mysallar we meseleler Barlag işi №4 (1 sagat) Himiki önümçilik we ekologiýa (16 sagat)Dökünleriň umumy häsiýetnamasy. Dökünleriň toparlara bölünişi: organiki, organomineral, mineral, we bakterial dökünler.Dökünleri ulanmagyň kadalary. Karbamid önümçiliginiň tehnologiýasy. Şeker önümçiliginiň tehnologiýasy. Kagyz önümçiligi. Azot we kükürt kislotalarynyň önümçilikleri. Himiki önümçiligiň taşlandylarynyň we zyňyndylarynyň daşky gurşawa täsiri. Daşky gurşawyň hapalanmagynyň we klimatyň üýtgemeginiň meseleleri. Çig mal we mineral resurslar, olaryň gaýtadan işlenilişi. Çig maly toplumlaýyn gaýtadan işlemek, zyňyndylary ikilenji gezek gaýtadan işlemek, himiki önümçilikleriň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek. Klimatyň üýtgemeginiň meselesini çözmekde himiýanyň orny. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy gorap saklamak barada alyp barýan syýasaty we türkmen halkynyň milli medeni mirasy. Taşlandysyz we zyňyndysyz işleýän zawodlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy. Taşlandy suwlaryň arassalanyşy. Daşky gurşawy gorap saklamak. Geçilen materiallary gaýtalamak (8 sagat)Metallaryň umumy häsiýetleri. Metal dälleriň umumy häsiýetleri. Mukdar we hil analizi. Türkmenistanyň himiýa senagatynyň ösüşi we gelejegi. Himiýadan umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylaryň bilimini kesgitlemegiň baha ölçegleriOkuwçylaryň bilim derejesini dürli usullar bilen, ýagny hasap, synag, barlag işleri bilen kesgitlemek bolar. Soňky wagtlarda okuwçylaryň bilimlerini kesgitlemegiň barlagnama usuly hem girip başlady. Bilimleriň derejesini bäş bally sistemada kesgitlenilýär. Baha berlende jogaplarda aşakdaky hil görkezjiligi hasaba alynýar: -çuňňurlygy, (öwrenilen materialy teoriýa taýdan umumylaşdyrmak) -düşnükliligi maksatnamanyň materiallarynyň talabyna laýyklykda, olary peýdalanmany başarmak, -dolylygy maksatnamanyň göwrümine we okuw kitabynyň mazmunyna laýyk gelmegi. Baha berilende ýalňyşyň sany we häsiýeti (düýpli ýa-da düýpli däl ýalňyşlygy) hasaba alynýar. Düýpli ýalňyşlyklar jogabyň çuňňur dälligi we düşnüksüzligi bilen baglanşyklydyr. (meselem okuwçylaryň fiziki we himiki hadysalary, maddalaryň häsiýetlerini we olaryň düzümlerini, kanunlaryň we düzgünleriň kesgitlenişi ýaly esasy düşünjeleri nädogry düşündirmegi ýa-da okuwçynyň teoretik bilimini amalda peýdalanyp bilmezligi we başgalar) . Düýpli däl ýalňyşlar jogabyň doly dälligi bilen kesgitlenilýär. (meselem: maddalary, öwrülüşikli hadysalary häsiýetlendirilende, haýsyda bolsa bir häsiýetiň ünsden düşürülmegi). Ýatdan aýdylanda, ýazgylarda tötänleýin göýberilýän ýalňyşlyklar (meselem ion deňlemelerini ýazylanda käbir ionlaryň zarýadlarynyň goýulmazlyklary) . Okuwçylaryň bilim derejelerini dilden, ýa-da ýazuw üsti bilen berilýän jogaplaryň üsti bilen, şeýle hem olaryň himiýadan tejribe, amaly işleriniň ýerine ýetirilişiniň we synag (eksperimental) meseleleriniň çözülişiniň netijeleri bilen kesgitlenilýär. Download 149.5 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling