66
zan düýpli işi (Книга рассказов о битвах с текинцами. Спб., 1914)
has-da tapawutlanýar. Ol bu kitapda türkmenleriň asly,
etniki esasy
hakynda degerli
maglumatlar bermek bilen, eseriň diliniň fonetiki
hem-de morfologik aýratynlyklaryny beýan edýär. A.N.Samoýlowiç
bu işinde «çagataý dili» diýilýän dili Orta Aziýa klassyky türki dili
diýip atlandyrýar. Abdysetdar Kazynyň kitabynyň dili çagataý diliniň
stilinde ýazylypdyr. Samoýlowiçiň şol kitabyndaky fonetika-gramma-
tiki aýratynlyklary hakyndaky bellikleri XIX asyr türkmen gepleşik
diliniň özboluşly aýratynlyklaryny hem belli bir derejede görkezýär.
XIX asyryyň ikinji ýarymynda türkmen diliniň şiweleri
bilen-de
gyzyklanylypdyr. A.Starçewskiý Orta Aziýada bolan wagtynda salyr,
saryk, teke, çowdur, ýomut, ärsary, gökleň şiweleri boýunça material
toplapdyr.Beýleki türkmen şiweleri bilen bir wagtda birnäçe asyr öň
Demirgazyk Kawkaza göçüp giden türkmenleriň dili barada gymmat-
ly işler edilipdir.
A. A. Wolodin 1908-nji ýylda Tbliside çap edilen
«Туркменский степь и туркмени» atly makalasynda käbir türkmen
obalarynyň atlarynyň ýüze çykyşyny derňäpdir.
Umuman, türkmen diliniň meseleleri aýratynlykda öwrenilmek bi-
len çäklenmän, eýsem, umumytürki dilleriň nazary meseleleri bilen ba-
gly işlerde-de ýatlanylyp geçilipdir.XX asyryň başyndan başlap türkmen
diliniň fonetikasy, morfologiýasy, sintaksisi, stilistikasy, şiweşynaslygy
nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli öwrenilip başlanýar. 1923-24-nji
ýyllarda türkmen diliniň başlangyç mekdepleri üçin ilkinji okuw kitap-
lary peýda bolýar. 1925-nji ýylda Magaryf Halk Komissarlygynyň ga-
ramagynda Döwlet Alymlar Geňeşi we Türkmen ylmy-barlag instituty
döredilýär. Bu döredilen ylmy barlag edarasy türkmen diliniň nazary we
tejribe meselesini çözmekde uly ähmiýete eýe bolýar. 1929-njy ýylda
Türkmenmedeniýetiň garamagynda ýörite lingwistik kabinet döredilip,
türkmen diliniň öwrenilişine has-da uly itergi berilýär. Şol ýyl türkmen
diliniň grammatikasy çap edilýär, onda fonetikanyň, morfologiýanyň,
sintaksisiň ylmy esaslary beýan edilýär.
Ýigriminji ýyllaryň ahyrynda çykan ähmiýetli işlerden
A. P. Po-
Do'stlaringiz bilan baham: