Umumy dil bilimi


seluýewskiniň, A. A. Alyýewiň, H. Böriýewiň


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet41/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

seluýewskiniň, A. A. Alyýewiň, H. Böriýewiň hem-de Birinji türk-
men dilçiler maslahatynyň (lingwistik konferensiýasynyň) material-
laryny görkezmek bolar. 1930-njy ýylda geçirilen Birinji türkmen 
dilçiler maslahaty (lingwistik konferensiýasy) türkmen edebi diliniň 


67
ösüş depginini, dürs ýazuwyny, adalgalaryny, olaryň ösüşiniň kanu-
nalaýyklygyny resmileşdiren ilkinji maslahatdyr.
30-njy ýyllardan soňky döwründe, ýagny 50-nji, 60-njy ýyllarda 
türkmen dil biliminiň grafika, dürs ýazuw, adalgaçylyk, transkripsiýa, 
leksika, fonetika, morfologiýa, sintaksis, şiweşynaslyk, stilistika mese-
leleri düýpleýin öwrenilýär. 1930-njy ýylda Aşgabat Mugallymçylyk 
institutynyň, 1932-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy barlag institutynyň 
açylmagy türkmen diliniň, tejribe hem-de nazary meseleleriniň mun-
dan beýläk-de ulgamlaýyn öwrenilmegine uly itergi berýär. 
1936-njy ýylda çagyrylan Birinji türkmen lingwistik gurultaýynyň 
ylmy-syýasy we medeni ähmiýeti örän uly bolýar. Gurultaýda türk-
men elipbiýi, onuň tertibi, türkmen edebi diliniň orfografiýasy, adal-
galary hakynda ähmiýetli kararlar kabul edilýär. 
1954-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-9-yna bolup geçen Ikinji lin-
gwistik gurultaýda türkmen diliniň dürs ýazuwy, adalga meselesi 
boýunça birnäçe tassyklamalar, käbir üýtgetmeler girizildi, edebi 
diliň dyngy belgileriniň düzgünleri resmileşdirildi.
1927-32-nji ýyllarda Türkmenistanyň etraplary, obalary boýunça 
etnologiýa –lingwistik ekspedisiýalar guralýar. Toplanan materiallaryň 
esasynda türkmen diliniň fonetik gurluşy, şiwe gepleşikleri barada 
A.P.Poseluýewskiniň iki sany kitaby neşir edilýär.
1940-50-nji we soňky ýyllarda türkmen diliniň şiweleriniň, 
gepleşikleriniň öwrenilişi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 
Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň alymlary, ýokary 
okuw mekdepleriniň dilçi mugallymlary tarapyndan dowam etdirilýär.
1940-njy we ondan soňky ýyllarda türkmen dilçileri, 
A.P.Poseluýewskiniň, H.Baýlyýewiň, P.Azymowyň, M.Hydyrowyň, 
M.Hamzaýewiň ylmy-nazary we ylmy-tejribe işleri hil hem mukdar 
taýdan giň gerime eýe bolýar.
XX asyryň 20-nji ýyllaryndan soňky döwür türkmen dil biliminiň, 
leksikologiýa we leksikografiýa degişli meseleleriň işlenilişi, esasan, 
üç ugur boýunça alnyp barylýar: a) iki dilli sözlükleri düzmek işi; 
b) türkmen diliniň leksikasynyň we leksikografiýasynyň meseleleri 
boýunça ylmy-barlag işi; ç) ylmyň, durmuşyň we medeniýetiň dürli 
ugurlary boýunça ýörite adalga sözlükleri düzmek işi. 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling