Umumy dil bilimi
Nazary dil biliminiň bölümleri
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
Nazary dil biliminiň bölümleri. Nazary dil biliminiň asyrlaryň
dowamyndaky ösüşi netijesinde onuň birtopar bölümi emele gelipdir. Ol bölümlere esasan, fonetika, leksikologiýa, frazeologiýa, etimolo- giýa, morfologiýa, sintaksis degişlidir. Fonetika. Dil biliminiň diliň ses ulgamyny öwrenýän bölümi fonetika diýlip atlandyrylýar. Fonetika adalgasy grek sözünden eme- le gelip, ol aslynda phone-ses diýmekdir. Bu sözden gözbaşyny alyp gaýdýan fonetika bölümi sözleýiş seslerine mahsus bolan aýratynlyk- lar bilen iş salyşýar. Ol diliň ses tarapyny, sesleriň toparlaryny, fo- nemalaryny, bogunlaryny, basymyny, äheňini, aýdylyş usullaryny öwrenýän ylymdyr. Fonetika sesleriň we dilde peýda bolýan ses hadysalarynyň diňe bir häzirki döwürdäki ösüşini däl-de, umuman, ösüşini hem öwrenýär. Dil biliminiň bu bölüminiň döreýiş we ösüş taryhy gaty gadymydyr. Diliň ses tarapy baradaky garaýyşlara hin- di dilçileriniň biziň eýýamymyzdan öňki döwürde döreden işlerinde gabat gelmek bolýar. B.e.öňki V asyrda hindi alymlary fonetikanyň birtopar meselelerini öwrenipdirler. Gadymy hindi Wedalarynyň «Şikşa» atlandyrylýan bölüminde fonetik hadysalar bolan partlaýjy ses, süýkeş ses barada gürrüň edilýär. B.e.öňki IV asyrda ýaşan Pa- nini, III asyrda ýaşan Wararuçi Kataýaýana öz işlerinde fonetika 77 bilen bagly meseleleri çuňňur öwrenipdirler. Gadymy döwrüň görnü- kli fonetikleri hasaplanylan hindiler diliň seslerini fiziologik taýdan hem barlag edipdirler. Olar sesleriň emele gelmeginde diliň ähmiýeti- ni aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, alynky, orta, yzky hatar sesleriniň emele geliş ýollaryny derňäpdirler. Hindi alymlary sesiň döremegin- de dişleriň, dodaklaryň, damagyň ähmiýetini belläpdirler. B. e öň II we I asyrlarda grek alymlarynyň işlerinde hem diliň fonetika bölümine uly üns berilýär. Grekler sesleriň akustik aýratynlygyny derňemäge has-da giňişleýin çemeleşipdirler. Fonetikanyň meseleleri b.e. IV we XII asyrlarynda hytaý alym- lary tarapyndan hem düýpli öwrenilýär. Olar sesiň belentligi baradaky mesele bilen meşgullanyp, fonetik hadysalaryň taryhy gelip çykyşyny yzarlapdyrlar. Şunuň netijesinde-de taryhy fonetikanyň düýbi tu- tulypdyr. Hytaý diliniň taryhy fonetikasy U. Jujuň (1100-1155 ý.) ady bilen baglydyr. Onuň «Nagmalar kitaby» atly işi taryhy fonetika degişli esasy işleriň biri hasap edilýär. XVI asyrda hem fonetika meselesi dilçileriň üns merkezinde bol- ýar. Bu asyryň dowamynda dürli ýurtlarda diliň ses ulgamy barada birentek ylmy işler ýazylypdyr. 1520-nji ýylda Ispaniýada Ponse Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling