Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- I.A.Boduen de Kurtene
Leksikologiýa. Diliň sözlük düzümini öwrenilýän bölümine lek-
sikologiýa diýilýär. Leksikologiýa adalgasy grek diline degişli bolan lexikos (söz) logos (taglymat, nazaryýet) sözlerinden emele gelip- dir. Bu bölümiň emele gelşi hakynda meşhur dilçi I.A.Boduen de Kurtene şeýle ýazýar: «Leksikologiýa ýa-da söz hakyndaky ylym grammatikanyň aýratyn şahasy hökmünde XX asyryň önümi bo- lar». (Boduen de Kurtene.M., 1963, t 2, 17 sah.). Onuň welilik bilen aýdan sözleri, hakykatdan hem, dogry bolup çykýar. Leksikologiýa dil hakyndaky ylmyň bölümi hökmünde XX asyrda emele gelýär. Soňky döwürlerde peýda bolýan köpsanly ylmy işlere garamazdan, dil biliminiň leksikologiýa bölümi beýleki bölümler, meselem fonolo- giýa ýa-da morfologiýa, sintaksis ýaly çuňňur öwrenilen däldir. Muny näme bilen düşündirmek bolýar, birinjiden, islendik dildäki sözleriň sany şol dildäki fonemalardan, morfemalardan, sintaktik gurluşlardan köpdür. Ikinjiden, söz dil birlikleriniň açyk görnüşine degişlidir, bu görnüşdäki dil birliginde bir söz peýda bolýar, başga bir söz ýitip gid- ýär, ýa-da seýrek ulanylýan söze öwrülýär. Biz fonemelaryň ählisini ýygy-ýygydan ulanýarys, Sözleriň birentegini bolsa käwagt, käbirle- rini bolsa asla peýdalanmaýarys. Ýöne, leksikologiýanyň doly derejede öwrenilmändiginiň esasy se- 79 bäbi, sözüň iki taraplaýyn birlik bolup durýandygy bilen düşündirilýär. Ol bir tarapdan material görnüşe (adatça, ses ýa-da grafika), beýleki tarapdan, mana eýedir.Leksikologiýanyň esasy meselelerine sözi diliň özbaşdak birligi hökmünde kesgitlemek, sözüň many gurluşyny öwren- mek, sözlük düzüminiň üýtgeýşini we sözleriň ulgamlaýynlygyny dürli nukdaýnazardan açyp görkezmek, sözlükleri düzmegiň ýörelgeleri- ni işläp düzmek, sözleri beýan etmek üçin meta dili (grek meta-soň, oňa gatnaşykda adamyň tebigy dili lingwistik barlaglarynyň meselesi hökmünde çykyş edýär) ýüze çykarmak we ş.m degişlidir. Leksikologiýa hususy we umumy leksikologiýa atlandyrylýan iki bölüme bölünýär. Hususy leksikologiýa aýratyn alnan milli diliň lek- siki aýratynlyklaryny, umumy leksikologiýa bolsa, leksiki birlikleriň umumylyklaryny, diliň tutuşlygyna sözlük düzümini öwrenýär. Umu- my dil bilimi üçin sözleriň ähli dillere mahsus aýratynlygy esasy me- sele bolup durýar. Leksikologiýanyň özbaşdak bölümleriniň biri-de, dürli sözlükleri (düşündirişli, terjime, adalga, sinonimik, antonimik we ş.m.) düzmek bilen meşgullanýan leksikografiýadyr. Sözlükleri düzmegiň nazaryýeti umumy dil biliminde işlenilip düzülýär. Diliň içki mazmuny tutuşlygyna semasiologiýada öwrenilýär, sözüň manysy bolsa, semasiologiýanyň bölümi-leksika – semantikanyň meselesine degişlidir. Umumy dil bi- liminde leksika – semantikanyň islendik diliň sözleriniň manysyny beýan etmekde ulanyp boljak düzgünleri bellenilýär. Mundan başga-da leksikologiýa sözleriň aýratyn gatlaklaryny beýan etmek we öwrenmek bilen meşgullanýan pudaklara hem bölünýär. Meselem, leksikologiýanyň onomastika pudagy has at- lary derňeýär. Terminologiýa (adalgaşynaslyk) adalgalaryň we ýöriteleşdirilen sözleriň dil babatdan aýratynlygyna üns berýär. Leksikologiýanyň käbir pudaklarynda sözler gelip çykyşy taýyndan (milli diliň öz sözümi ýa-da alynma sözmi), stil babatda ulanylyşy nazardan seljerilýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling