Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet59/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Filosofiýa
Fizika
Biologiýa
Psihologiýa
Medeniýeti öwreniş
Medeniýeti öwrenişiň çäginde sungaty öwrenişi, etikany, syýa-
saty öwrenişi, dini öwrenişi, dil bilimini bir tarapa, maddy medeniýet 
bilen baglanyşykly ylymlary beýleki tarapa bölüp bileris.
Biz tutuş ylmyň pudaklaýyn gurluşyna daýanmak bilen, daşky 
dil biliminiň nähili ylmy pudaklaýyn gurluşynyň bardygyna göz ýeti-
rip bileris. Bu ýerde dil biliminiň filosofiýa, fizika, bilogiýa, psiholo-
giýa we beýleki dile degişli bolmadyk ylymlar bilen baglanyşygy göz 
öňünde tutulýar. Şonuň üçin-de daşky dil biliminiň esasy bölümleri 
hökmünde bäş ylym – diliň filosofiýasy (lingwofilosofiýa), lingwofi-
zika, biolingwistika, psiholingwistika we dilçilik medeniýeti öwreniş 
(lingwokulturologiýa) öňe çykýar. Diliň filosofiýasy dili zatlaryň ähli 
görnüşleri bilen bir hatarda derňese, lingwofizika diliň fiziki tarapyny, 
biolingwistika diliň biologik özboluşlylygyny, psiholingwistika psihi-
ki häsiýetini, medeniýeti öwreniş medeni tarapyny öwrenýär.
Dliň filosofiýasy (lingwofilosofiýa). Diliň filosofiýasyny öw-
renmegiň gözbaşy gadymy döwürlere degişlidir. Gadymy dilçileriň 
arasynda diliň emele gelmegi hakyndaky meselelere degişli garaýyşlar 
aýratyn uly ähmiýete eýe bolupdyr. Diliň emele gelmegi hakyndaky 
garaýyşlar tä XIX asyra çenli diliň filosofiýasynyň esasyny tutupdyr.
Gadymy Gresiýada «naturalistleriň» (tebigatçylaryň) we 
«konwensionalistleriiň» (ylalaşykçylaryň) arasynda jedel döräp-
dir. Tebigatçylaryň tarapynda Geraklit, ylalaşykçylaryň tarapynda 
Demok-rit durupdyr. Geraklit we onuň yzyna eýerjiler zatlaryň 
we olaryň atlarynyň arasynda tebigy baglanyşyk bar hasaplapdyr-
lar (türkmen dilinde: açar – açmak üçin, gapak – gapmak, ýapmak 
we ş.m). Demokrit hem-de onuň şägirtleri ol baglanyşygyň şertli 
häsiýetdedigini, onuň adamlaryň ylalaşygynyň netijesinde emele 


93
gelýändigini öňe sürüpdirler. «Naturalistleriň» (tebigatçylaryň) we 
«konwensionalistleriň» (ylalaşykçylaryň) arasyndaky jedel Platonyň 
«Kratil» atly eserinde doly beýan edilýär.
Orta asyrlarda diliň filosofiýasy din öwreniş (teologiýa) ylmynyň 
çäginde alnyp barlypdyr. Wasiliý Kesariýskiý (IV asyr), Grigoriý 

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling