Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
Latyn elipbiýinde
Rus elipbiýinde B harpy «b» sesini aňladýar. B harpy «w» sesini aňladýar. P harpy «p» sesini aňladýar. P harpy «r» sesini aňladýar. 86 Häzirki döwürde milli grafikalary giňişleýin öwrenmek dil hakyndaky ylmyň wajyp meseleleriniň biridir. Bu elipbiý we orfogra- fiýa (dürs ýazuw) meselelerini çözmekde möhümdir. Orfografiýa. Tejribe dil biliminiň bölümleriniň biri orfografiýadyr. Orfografiýa adalgasy grek dilindäki orthos (düzgün), grapho (ýazmak) sözlerinden emele gelipdir. Ol iki many aňladýar: 1) edebi diliň dürs ýazuw kadalarynyň ulgamy, 2) olara degişli dürs ýazuw nazaryýeti. Her bir edebi diliň dürs ýazuw kadalarynyň işlenilip düzülmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Dürs ýazuw edebi diliň kämilleşmegine, pikirleriň aýdyň beýan edilmegine ýardam berýär, ýazuwda ýalňyşylmazlygyny üpjün edýär. Dürs ýazuw kadalary bellibir ýörelgelere (prinsiplere) esaslanýar. Fonografik ýazuwlarda öňe sürülýän köpsanly dürs ýazuw ýörelgeleriniň hemmesi esasy ýörelge hasap edilmeýär, meselem, ini- sial ýörelgesi, ýagny sözleriň ilki harplarynyň ýazylmagy: G.Ezizow, A.S.Puşkin we ş.m., suspensiýa ýörelgesi, ýagny sözleriň birnäçe harplarynyň ýazylmagy, meselem, sah. (sahypa), prof. (professor), akad. (akademik) we ş.m, kontaksiýa ýörelgesi, ýagny sözleriň ortasyndaky harplaryň aýrylyp ýazylmagy: d-r (doktor), z-d (zawod), t-n (türkmen) we ş.m. Görkezilen orfografik ýörelgeler esasy hasaplanylmaýar. Esasy dürs ýazuw ýörelgeleri kesgitleýjilik häsiýetlidir. Olaryň sany hakynda dürli pikirler bar. Rus dilçisi A.A. Reformatskiý dürs ýazuwyň alty ýörelgesini (fonetik, fonematik, etimologik, taryhy, morfologik, simwolik) öňe sürýär (А.А.Реформатский. Введение в языкознание.М., 1967, (373). Dilçileriň köpüsi bolsa üç esasy ýörel- gäni (fonetik, morfologik, taryhy) belleýärler. Türkmen dilinde dürs ýazuwyň fonetik, morfologik, taryhy, eti- mologik ýa-da grafik, differensiasiýa ýörelgeleri bellenilýär (Häzirki zaman türkmen dili. Morfologiýa, Aşgabat – 1960, 64 sah.). Orfoepiýa. Edebi dil umumyhalk diliniň kadalaşdyrylan (nor- malaşdyrylan) görnüşidir. Kadalaşdyrylmak ony ýönekeý gepleşik dilinden, şiwelerden tapawutlandyrýar. Kadalaşdyrmak edebi dil düşünjesiniň esasyny düzýär. Edebi diliň kadalary sözleýşiň akgynly, takyk we täsirli bolmagyna kömek edýär. Edebi kadalar ýazuwa-da sözleýşe-de mahsusdyr. Edebi diliň gepleýiş görnüşiniň kadalarynyň esasynda emele gelen orfoepik kadalaryň ulgamyna orfoepiýa (grekçe ortpos – düzgün, epos (gepleýiş) diýilýär. 87 Häzirki zaman edebi dilleriň her biriniň orfoepik ulgamy şeýle bölümlerden ybaratdyr: 1.Çekimlilleriň aýdylyşyna degişli kadalar. 2. Çekimsizleriň aýdylyşyna degişli kadalar. 3.Grammatik şekilleriň aýdylyşyna degişli kadalar. 4.Alynma sözleriň aýdylyşyna degişli kadalar. Orfoepik kadalar az wagtyň önümi däldir. Dil biliminiň orfoe- piýa bölüminiň taryhy gadymydyr. B.e. öň hindi dilçileri «Şikşa» we- dasynda fonetika bilen bilelikde orfoepiýa hem uly üns beripdirler. Orfoepiýa asyrlaryň dowamynda kämilleşip, XIX we XX asyrlarda has hem giňden öwrenilýär. Häzirki döwürde sözleýiş medeniýetini ösdürmekde orfoepiýanyň ähmiýeti uludyr. Leksikografiýa. Dil biliminde sözlükçilik işleriniň amaly we na- zary meselelerini öwrenýän bölüme leksikografiýa diýilýär. Asly grek sözünden bolan leksikografiýanyň manysy «sözlük ýazýaryn» diý- mekdir. Dil biliminiň esasy bölümleriniň biri bolan leksikografiýanyň özüne mahsus wezipeleri bardyr. Adatça, alymlar leksikografiýany leksikologiýanyň içinde öwrenýärler. Ýöne leksikografiýa özüniň we- zipeleri we maksady boýunça dil biliminiň aýratyn bölümidir. Leksikografiýa adalgasy sözlük düzmek bilen bilelikde, söz- lük düzmek baradaky taglymaty hem öz içine alýar. Sözlükleriň görnüşleri, gurluşy, sözlüklerde sözleri ýerleşdirmegiň usullarynyň hem-de ýörelgeleriniň ylmy esaslary bu bölümiň nazary meselelerine degişlidir. Sözlük düzmegiň kökleri gadymy döwürlere uzap gidýär. Hindi alymlary müňlerçe ýyl ozal sözleri toplamak, olary düşündirmek işleri bilen meşgul bolupdyrlar. B.e.öň VI asyrda hindi dilçisi Amarusipha sanskrit diliniň sözlügini düzüpdir. Hindiler ol sözlügi «Amarakoşa» diýip atlandyrypdyrlar, bu «Amaranyň sözlügi» diýmekdir. B.e.öň V asyrda hindi dilçisi Ýaska leksikografiýa boýunça uly işleri amala aşyrypdyr. Biziň eýýamymyzyň başlarynda sözlük düzmek işleri köp ýurt- larda giňden ýaýrapdyr. II asyrda hytaýly dilçi Lýu Si hytaý diliniň leksikografiýa işiniň esasyny goýýar. VII asyrda «Kitab el-aýn» diýlip atlandyrylýan arap diliniň sözlügi düzülýär. Leksikografiýa işleri XI asyrdan başlap has-da güýçlenýär. Dürli dillerde düşündiriş we terji- me sözlükleri düzülýär. 88 Häzirki döwürde dünýä dil biliminde sözlükleriň sany müňlerçedir. Sözlükleriň ählisi ensiklopedik we filologik sözlükler görnüşinde iki sany uly topara bölünýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling