Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet58/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Soraglar we ýumuşlar:
1.Dil biliminiň bölümleri haýsylar? Olaryň her birini häsiýetlendiriň.
2.Tejribe we nazary dil bilimleriniň bölümleriniň arasyndaky tapawutlary 
düşündiriň.
3.Dil biliminiň bölümleriniň arasynda nähili baglanyşyklar bar? 
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Annanurow. A. Diliň sözlük sostawy hakynda. Aşgabat, 1961.
2. Babaýew. K. Türkmen dilinde idiomalar.Aşgabat,1962.
3. Мечковская, Б.Ю. Норман, Б.А.Плотников, А.Е.Супрун. Общее 
языкознание. Минск, 1983.
4. Рождественский Ю.В. Лекции по общему языкознанию. М.,1990. 
5. Супрун Л.И. Лекция по языкознание. Минск, 1971.
Dil biliminiň ylmy-pudaklaýyn gurluşy
Dil biliminiň daşky we içki dil bilimi görnüşinde bölümlere 
bölünmegi görnükli şweýsar dilçisi Ferdinand de Sosýuryň (1857–1913) 
«Umumy dilçilik kursy» kitabynda ilkinji gezek gabat gel-ýär. Bu 
bölüniş dil hadysalaryny dürli nukdaýnazardan öwrenmäge müm-
kinçilik berýär. Içki dil bilimi dili dile degişli bolmadyk zatlardan 
aýratynlykda öwrenýär. Daşky dil bilimi bolsa, munuň tersine, dili dile 
degişli bolmadyk beýleki zatlar, hadysalar bilen bilelikde derňeýär. 
Beýleki zatlarda bar bolan aýratynlyklaryň dilde gabat gelmegi daşky 
dil biliminiň öwrenýän meselelerine girýär.
Daşky dil bilimi dile degişli bolmadyk beýleki ylymlar bilen dil 


91
biliminiň arasyndaky aralyk ýagdaý bilen gyzyklanýar. Ol öz pudak-
laýyn gurluşyny dile degişli bolmadyk ylymlardan alýar. Şu ýerde 
«Olar nähili ylymlar?» diýen sorag ýüze çykýar.
Mälim bolşy ýaly, ylymlary toparlara bölmek belli bir anyk esas-
larda amala aşyrylýar. Biz ylymlaryň pudaklaýyn gurluşlaryny ýüze 
çykarmak üçin, tutuşlaýyn daşky dünýäniň gurluşyna göz ýetirmeli-
diris. 
Häzirki zaman dünýäsi nähili böleklerden durýar? Ol närseleriň 
(obýektleriň) dört görnüşini özüne birleşdirýär: fiziki (jansyz), biolo-
giki (janly), psihologiki we medeni närseler. Diýmek, biziň ýasaýan 
dünýämiz dört bölekden: jansyz tebigatdan, janly tebigatdan, psihika-
dan, medeniýetden ybaratdyr. Bu bölekleriň her birini özüne degişli 
bolan ylym öwrenýär. Jansyz tebigat fizikada, janly tebigat biologiýa-
da, psihika psihologiýada, medeniýet medeniýeti öwrenişde (kulturo-
logiýa, kulturowedeniýe) öwrenilýär.
Bu ylymlary ýokardaky yzygiderlilikde sanap geçmegimiziň 
özboluşly sebäbi bar. Olar edil şol yzygiderlilikde ösüpdirler. Haky-
katda, emele geliş taýyndan ilkinjilik jansyz, organiki däl närsele-
re degişlidir. Soň janly, organiki materiýa emele gelipdir. Biofiziki 
ösüşiň netijesinde daşky dünýäni şöhlelendirmäge ukyply psihika 
döräpdir.
Medeniýet adamyň tebigata we öz-özüne täsiri netijesinde döre-
den zatlarynyň ählisini öz içine alýar. Medeniýet ilkinji nobatda 
maddy we ruhy medeniýet görnüşinde iki bölüme bölünýär. Maddy 
medeniýet adamyň biologik isleglerini kanagatlandyrmak, ruhy me-
deniýet ruhy isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilendir. Maddy 
medeniýete, esasan, iýmit, egin-eşik, binalar we tehnika degişli bol-
ýar. Ylym, sungat, syýasat, dil, din, ahlak bolsa öz nobatynda ruhy 
medeniýetiň bölekleridir. Medeniýeti öwrenişde öwrenilýän islen-
dik bölümiň özüne degişli aýratyn ylmy bardyr. Sungat – sungaty 
öwrenişde (iskusstwowedeniýe), ylym – ylmy öwrenişde (naukowe-
deniýe), ahlak – etikada, syýasat – syýasaty öwrenişde (politologiýa), 
din – dini öwrenişde (teologiýada), dil – dil biliminde (lingwistikada) 
öwrenilýär. Maddy medeniýetiň önümleri hem öz gezeginde degişli 
ylymlar tarapyndan derňelip geçilýär.
Eýsem, ylymlaryň gurluşynda filosofiýanyň nähili orny bar? 


92
Filosofiýanyň aýratynlygy onuň islendik fiziki, bilologiki, psiho-
logiki, medeni närseleriň umumy özboluşlyklaryny öwrenýänliginde-
dir. Şuňa laýyklykda, filosofiýa beýleki ylymlardan ýokarda goýulýar 
hem-de häzirki zaman ylmynyň gurluşy şeýle görnüşde göz öňüne 
getirilýär:

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   54   55   56   57   58   59   60   61   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling