Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet57/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Ensiklopedik sözlükler sosial-ykdysady we tebigy ylymlar, tehnika 
boýunça bar bolan bilimleriň ulgamlaşdyrylan toplumydyr. Şeýle söz-
lükler düzülende täze we iň täze taryhda bolup geçen ähli wakalara, tä-
zeliklere, ösüşlere, ykdysadyýetiň, syýasatyň, medeniýetiň, ylmyň we 
tehnikanyň wajyp meselelerine esasy ünsi gönükdirmelidir. Ensiklope-
dik sözlükleriň esasy wezipesi edebiýatymyzyň we sungatymyzyň äh-
miýetini, ýazyjylarmyzyň we şahyrlarymyzyň, sungat işgärlermiziň, 
daşary ýurtly meşhur ylym, tehnika, medenýet we sungat işgärleriniň 
dörejiliginiň terbiýeçilik işine täsirini görkezmek bilen baglydyr. Dünýä 
dilleriniň köpüsinde ensiklopedik sözlükler bardyr, meselem, rus dilinde−
Большая советская энциклопедия, Mалая советская энциклопедия, 
Mедицинская энциклопедия , Детская энциклопедия. Türkmen di-
linde 10 tomluk Türkmen sowet ensiklopediýasy çap edildi. 
Ensiklopedik sözlükler hem umumy ensiklopedik we ýörite en-
siklopedik sözlükler diýlen iki topara bölünýär. Umumy ensiklope-
dik sözlüge Большая советская энциклопедия, Mалая советская 
энциклопедия, Türkmen sowet ensiklopediýasy, Mедицинская 
энциклопедия, Детская энциклопедия, Лингвистический энцик-
лопедический словарь degişlidir.
Filologik sözlüklerde zat ýa-da düşünje beýan edilmeýär-de, 
diliň esasy birligi bolan sözüň manysy, onuň grammatik, orfografik, 
orfoepik, stil taýdan aýratynlyklary anyklanylýar. Beýle sözlükler öz 
gezeginde bir dilli hem-de köp dilli sözlüklere bölünýär. Bir dilli söz-
lüklerde esasy söz şol diliň öz serişdeleri bilen düşündirilýän bolsa, 
köp dilli sözlüklerde sözleriň manysy başga daşary ýurt diliniň ýa-da 
birnäçe başga dilleriň kömegi bilen beýan edilýär. Şeýle sözlüklerde 
sözler bir dilden başga bir dile ýa-da dillere terjime edilýär, şonuň 
üçin hem olara başgaça terjime sözlükleri hem diýilýär, daşary ýurt 
dillerini öwrenmekde terjime sözlükleriniň ähmiýeti has-da uludyr. 
Bir dilli sözlüklere 1962-nji ýylda çap edilen «Türkmen diliniň
sözlügini», 1950–1965-nji ýyllarda çap edilen «Häzirki zaman rus 
diliniň sözlügini» (17 tomdan ybarat, 120 müň 480 söz ýerleşdirilen) 
görkezmek bolar.


89
Köp dilli sözlükler iki, üç we ondan hem köp dilleriň sözlerini 
özünde jemleýär. 1806–1817-nji ýylda Germaniýada çap edilen «Mitri-
dat we umumy dil bilimi» (Mithridates oder allgemeine Sprachkunde) 
sözlüginde bäş ýüzden gowrak dilden we şiweden mysallar berlipdir. 4 
tomdan ybarat bu sözlük dünýäniň iň köp dilli sözlügi hasaplanylýar.
Leksiografiýa ylmy häzirki zaman dil biliminiň esasy pudak-
larynyň biri bolmak bilen diliň ähli baýlyklaryny nesilden-nesle, ar-
kadan-arka geçirmekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Terjimeşynaslyk. Dil biliminiň bir bölümi bolan terjimeşynaslyk 
terjime hakyndaky dilçilik taglymatydyr. Ylmy filologik edebiýat-
da bu bölümiň başga hili atlandyrylyşyna hem gabat gelinýär. Kä-
bir alymlar ony «terjimäniň nazaryýeti», käbirileri «translatolo-
giýa» diýip atlandyrýarlar. Öwrenýän meselelerine we maksadyna 
laýyklykda, dil biliminiň terjime işleri bilen iş salyşýan bu bölüm 
terjimeşynaslyk diýlip atlandyrylsa maksadalaýyk bolar. Dil bimimin-
de terjimeşynaslygyň meselelerine aýratyn üns berilýär. 
Terjimeşynaslygyň düýp manysyny terjimeçiligiň meseleleri
terjimäniň umumy kanunalaýyklyklaryny şöhlelendirmek emele ge-
tirýär. Terjimeçilik giň we köptaraply işdir. Dürli görnüşdäki we maz-
mundaky materiallary terjime etmegiň aýratynlyklary göz öňünde 
tutulyp, terjimäniň iki görnüşi – çeper terjime we maglumat (infor-
matiw) terjime tapawutlandyrylýar. Çeper terjimäniň, ýagny çeper 
edebiýatyň terjimesiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Şuňa görä-
de çeper terjime edebiýaty öwreniş ylmyna degişlidir.
Maglumat terjimesi ylmy, resmi, publisistik we beýleki 
materiallaryň terjimesidir. Terjimäniň bu görnüşi bilen dil bilimi 
meşgul bolýar.
Terjime ynsan durmuşynyň gadymy hünärleriniň biridir. Bu 
ugur bolmasa, ylymlaryň, medeniýetleriň ýaýradylmagy, halklaryň 
arasyndaky gatnaşyklar örän kyn bolardy. Şoňa görä-de adamlar 
terjimeçilik hünäri bilen has irki döwürlerde meşgul bolupdyrlar. 
Syýahatlar we söwda işleri netijesinde terjimeçilik ösüpdir. Ýöne 
terjimäniň taryhy gadymy bolsa-da, onuň ylmy esaslary soňky 
döwürlerde öwrenilip başlandy. Terjimäniň aýratyn ylmy gözlegleriň 
meselesi bolan wagtyndan başlap onuň ýörelgeleri, usullary giňden 
aýdyňlaşdyrylypdyr.


90
Häzirki döwürde halkara gatnaşyklarynyň giňelmegi, döwletleriň 
arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni, ruhy gatnaşyklaryň berke-
megi terjimä bolan talaby has-da artdyrýar. Şunuň netijesinde hem 
terjimeşynaslygyň öňünde duran wezipeler artýar. Onuň esasy wezipe-
si dil biliminiň bu bölümindäki ýeten sepgitleri umumylaşdyrmakdan 
ybaratdyr.
Dil biliminiň nazary we tejribe şahalarynyň bölümleriniň her 
biriniň ösüşi dil hakyndaky ylmyň umumy binýadynyň berkemegine 
ýardam edýär.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling