Umumy dil bilimi


S.I.Ožegow many bitewililigini öňe sürýär. Ý.A.Iwannikowa


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet53/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

S.I.Ožegow many bitewililigini öňe sürýär. Ý.A.Iwannikowa bolsa, 
«leksiki bölünmezlik frazeologizmleriň baş alamaty» diýip görkezýär.
Frazeologizmler baradaky jedelli meseleleriň ýene biri nakyllar we 
atalar sözleri baradaky pikirlerdir. Rus alymlarynyň köpüsi olary fra-
zeologizmlere degişli hasap edýärler. Bu garaýşy W.W.Winogradow
S.I.Ožegow ýaly alymlar goldasa-da, dilçi alymlaryň birtopary, şol 
sanda A.I.Moletkow «atalar sözleri we nakyllar lingwistik düşünjesi 
däl» diýip belleýärler.
Frazeologizmler türkologiýada soňky ýyllarda öwrenilip 
başlanyldy. Seýle-de bolsa, türki dilleriň frazeologizmlerini öwren-
mekde uly işler edildi. Türki dillerde frazeologizmleriň ylmy taýdan 
öwrenilmeginiň başyny başlaýjylar hökmünde W. A. Gordlewskini, 


81
6. Sargyt № 89
N. K. Dmitriýewi, A. N. Baskakowy, E. W. Sewortýany, S. K. Ke-
nesbaýewi, Ş. Rahmatullaýewi görkezmek bolar. Soňky döwürlerde 
frazeologizmler bilen baglanyşykly mesele Ç. G. Saýfuliniň, 
S. N. Muratowyň, N. R. Ragimzadäniň, M. B. Mamedowyň, 
H. Kojahmedowanyň we başgalaryň işlerinde şöhlelendi.
Türkmen diliniň frazeologiýasyna degişli ilkinji bellikler 
P.Azymowyň «Türkmen leksikologiýasy» atly işinde gabat gelýär 
(P.Azymow.Türkmen leksikologiýasy. Aşgabat, 1945, 9-10 sah.). Awtor 
bu işinde frazeologik birliklere we idiomalara kesgitleme berýär. Olara 
degişli birnäçe mysallar getirýär. Frazeologizmler S.Ataýewiň işinde 
üç topara bölünipdir: 1) idiomalar, 2) idiomatik söz düzümleri, 3) çe-
per edebiýatyň we gadymy mifologiýanyň söz düzümleri (S.Ataýew.
Terjimäniň käbir meseleleri.Aşgabat,1959,11 sah.). Frazeologizmler 
G.Açylowanyň işinde has giňişleýin derňelýär. Olara nakyllar, ata-
lar sözleri, halk aňlatmalary degişli edilýär (Г. Ачилова. Туркменская 
фразеология. Сб «Вопросы фразеологии» Самарканд, 1961, стр. 
113-116.).
Frazeologizmler dil biliminiň iň ýaş bölümleriniň biridir. Şol 
sebäpden-de onuň nazary meseleleri bilen baglanyşykly wezipeleri 
entek doly işlenilmedikdir.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   49   50   51   52   53   54   55   56   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling