78
len seljerme işleri eksperimental fonetika diýlip atlandyrylypdyr. Kazan
uniwersitetiniň professory
Wasiliý Alekseýewiç Bogorodoskiý Russiýa-
da ilkinji gezek eksperimental fonetika boýunça ylmy-barlag işini alyp
barypdyr. Onuň ylmy gözlegleri 1884-nji ýylda «Umumy
rus dilinde
basymsyz çekimliler» ady bilen Kazanda neşir edilýär.
Eksperimental fonetika bilen Fransiýada
Žan Pýer Russlo
meşgullanýar. Şoňa görä-de ol Günbatar Ýewropada eksperimental
fonetikanyň düýbüni tutujy hasap edilýär. 1891-nji ýylda Parižde
Russlonyň «Diliň fonetikasyndaky özgermeler» atly işi çapdan
çykýar. Russlo seljerme işlerini geçirip,
ilkinji gezek kimografdan
peýdalanýar. Dilleriň fonetik ulgamyny öwrenmekde
tejribede ula-
nylan eksperimental-seljerme usuly ýuwaş-ýuwaşdan kämilleşýär.
Soňra onda kimografiýa bilen bilelikde fotografiýa, rentgenografiýa,
palatografiýa, osilografiýa hem giňden ulanylyp başlapdyr. Häzirki
wagtda dilleriň fonologiýasyny öwrenmekde eksperimental-seljerme
usuly has-da giň gerime eýe bolýar.
Do'stlaringiz bilan baham: