Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet48/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Soraglar we ýumuş:
1. Dil biliminiň nähili şahalary bar?
2. Dil biliminiň şahalarynda haýsy meseleler öwrenilýär?
3. Dil biliminiň şahalarynyň arasyndaky tapawutlary hem-de bagla-
nyşyklary häsiýetlendiriň. 
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Даниленко. В.П. Обшее языкозание и история языкознание. М., 
2009.
2. Мечковская, Б.Ю. Норман, Б.А.Плотников, А.Е.Супрун. Общее 
языкознание. Минск, 1983.
3. Хроленко А.Т., Бондалетов В.Д. Теория языка. М., 2006.
Dil biliminiň bölümleri
Dil biliminiň bölümleri, olaryň öwrenilmegi häzirki zaman dil 
biliminiň iň wajyp meseleleriniň biridir. Bu mesele dil biliminiň 
gündelik döwrebap meselesi hökmünde mydama ähmiýetini ýitir-
män gelýär. XIX asyryň dilçisi A.F.Brengardi dil bilimini: fonetika, 
etimologiýa, söz ýasalyş, morfologiýa, söz düzümleri we sintaksis 
bölümlerine bölýär. Dil biliminiň bölümleri baradaky mesele Praga 
lingwistik mekdebiniň wekillerini hem biparh goýmandyr. Olaryň 
işlerinde hem bu meselä giňişleýin seredilipdir. XIX asyrdaky işlerde 


76
beýan edilen bölümlerde hem, soňky döwürlerdäki bölümlerde-de dil 
biliminiň bölümleri anyk beýan edilmändir. Olaryň arasynda birlik 
saklanylmaýar. 
Dil biliminiň bölümleriniň kesgitlenilmegi, olaryň sanynyň kö-
pelmegi, dürli bölümleriň ýüze çykmagy dil hakyndaky ylmyň ösüşi 
bilen baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, öň bütewi bir bölümiň için-
de öwrenilýän dil hadysalary, olara mahsus bolan birtopar dil element-
leri has çuň öwrenildigiçe, ylmy maglumatlaryň artmagy netijesinde 
täze bölümler ýüze çykýar. Meselem, diliň ses ulgamyny öwrenýän 
fonetika, many meseleleri bilen iş salyşýan semasiologiýa we beýleki 
bölümler emele gelýär.
Dil biliminiň bölümleri olaryň emele geliş taryhy boýunça bi-
ri-birinden tapawutlydyr. Käbir bölümleriň taryhy dil biliminiň özi 
ýaly gadymy bolsa, käbirleri has ýaşdyr.Meselem, etimologiýa uzak 
geçmişde dörän bolsa, frazeologiýanyň ylym hökmündäki öwrenilip 
başlan wagty ХХ asyryň 40-njy ýyllaryna degişlidir.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   44   45   46   47   48   49   50   51   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling