Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Hödürlenilýän edebiýatlar
- Dil biliminiň nazaryýeti Dil we diller hakynda umumy maglumat
- Sinhron dil bilimi
Soraglar we ýumuş:
1.Türkmen dil bilimini ösdürmekde daşary ýurtly dilçileriň, syýahatçylaryň hyzmatyny aýdyň. 2. XX asyryň başyndan soň türkmen diliniň öwreniliş ýagdaýy nähili? 3.Türkmen dil biliminde ileri tutulýan ugurlar haýsylar? 4.Görnükli türkmen dilçileri kimler? Hödürlenilýän edebiýatlar: 1.Библиографический указатель литературы по туркменскому языкознанию (1964-1974). Ашхабад, 1975. 2.Библиографический указатель литературы по туркменскому языкознанию (1974-1984. Ашхабад, 1986. 3. Баскаков Н.А. История изучения туркменского языка. Ашхабад, 1965. 4. Muhyýew H, Kürenow S. Türkmen dilçileri. Aşgabat, 1988. 5. Häzirki zaman türkmen dili. Aşgabat, 1960. 70 Dil biliminiň nazaryýeti Dil we diller hakynda umumy maglumat Dünýädäki dilçi alymlaryň tassyklamagyna görä, häzirki döwürde Ýer ýüzünde üç müňden gowrak dil bar diýlip hasaplanylýar. Olaryň käbirlerinde, meselem, hytaý, iňlis, arap, hindi, ispan dillerinde Älemiň ýüzlerçe million ýaşaýjysy gepleýär. Ýukagir, ket, nigdal, nganasan dil- leri ýaly diller bolsa, bary-ýogy ýüzlerçe adamyň ene dili bolup durýar. Käbir dilleriň, meselem, grek, hytaý ýa-da türkmen diliniň müňlerçe ýyllyk edebi däpleri bar. Aranta, nikobar, ýagnob dilleriniň bolsa, häzi- re çenli hatda ýazuwy hem döredilmändir. Ol diller diňe janly gepleýiş aragatnaşyk serişdesi hökmünde peýdalanylýar. Gadymy edebi-ýazuw gymmatlyklary bar bolan diller, ýagny gadymy ýazuwly diller, ýazuwy soň döredilen diller bolsa ýaş ýa- zuwly diller diýlip atlandyrylýar. Bislam ýa-da neosolomon ýaly bi- rentek diller diňe ýazuw ýadygärliklerinden belli bolan, müňlerçe ýyl mundan öň ulanylan şumer diline garanyňda has soň ýüze çykandyr. Janly gepleýişde ulanylmadan galan diller öli diller, meselem, latyn dili öli dili hasaplanylýar, häzir gepleşikde peýdalanylyp ýörlen diller bolsa janly diller diýlip atlandyrylýar. Dünýädäki dilleriň bir topary, meselem, türkmen we azerbaý- jan dilleri, rus hem-de belarus dilleri biri-birine örän meňzeşdir. Iňlis we hytaý dillerini deňeşdireniňde bolsa, birbada olaryň arasynda hiç hili meňzeşlik göze ilmeýär. Muňa garamazdan, dilleriň arasynda örän köp umumylyklar bardyr. Islendik dil haýsydyr bir topar bolup ýaşaýan adamlaryň baýlygydyr, genji-hazynasydyr. Islendik dilde sözleýjiniň pikiri sözleýiş sesleriniň belli bir toplumlarynyň many aňladýan utgaşmalarynyň üsti bilen beýan edilýär. Ähli dillerde çe- 71 kimli hem-de çekimsiz sesler bardyr. Diňe çekimli seslerden ýa-da diňe çekimsiz seslerden ybarat bolan dil ýokdur. Dilleriň hemmesi bölünmek häsiýetine eýe bolup durýar. Beýle diýildigi adamzadyň ulanýan islendik dilinde aýdylýan sözlemleriň sesler, morfemalar, sözler, söz düzümleri, sözlemler ýaly bölümlere bölünýär diýildi- gidir. Olar dürli sözlemleriň düzüminde biri-biri bilen utgaşyklylykda dürlüçe gaýtalanyp bilýärler. Dilleriň ählisinde adamlar sözlemler ar- kaly gepleşýärler. Islendik dilde has hem-de jyns atlar bar. Hemme diller ol ýa-da başga düşünjeleriň, adalgalaryň kömegi bilen beýan edilýär. Bu ýagdaý biziň üçin has-da wajypdyr, eger şeýle bolmasa,dil bilimi ýaly ylym emele gelip bilmezdi. Dil bilimi sinhron we diahron bolup biler. Sinhron dil bilimi bar- lanylýan diliň taryhynyň haýsydyr bir takyk pursadyny beýan edýär. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling