Umumy dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Umumy dil bilimi.
Nazary dil bilimi-dil, şiwe, sözleýiş, olaryň arasyndaky ta-
pawut, diliň döreýşi we ösüşi baradaky meseleler bilen gyzyklanýar. Diliň ösüşinde ýüze çykýan fonetik, grammatik, leksik üýtgeşmeler, olaryň kanunalaýyklyklary, diliň ses ulgamyny, grammatik gurluşyny, sözlük düzümini öwrenmegiň usullary bilen baglanyşykly meseleleri hem nazary dil bilimi öwrenýär. Hususy we umumy dil bilimi. Dil bilimi umumy we hususy bo- lup bilýär. Dil biliminiň bu şahalarynyň her biriniň öz öwrenýän me- seleleri we maksady bar. Hususy dil bilimi. Dil biliminiň takyk bir diliň ýa-da dil toparynyň ylmy taýdan öwrenilişi bilen meşgul bolýan şahasy hu- susy dil bilimidir. Mälim bolşy ýaly, dünýä dilleriniň her biri tebi- gaty boýunça hususy aýratynlyklara eýedir, şol aýratynlyklar-da olary biri-birinden tapawutlandyrýar. Hususy dil bilimleri olaryň özlerine mahsus bolan aýratynlyklaryň, kanunlaryň esasynda ýüze çykýar. Bir diliň aýratynlyklaryny öwrenmek netijesinde dörän dil bilimi şol diliň ady bilen baglanyşykly bolýar: türkmen dilini öwrenmek bilen türk- men dil bilimi, özbek dilini öwrenmek bilen özbek dil bilimi, rus di- lini öwrenmek bilen rus dil bilimi meşgullanýar. Ýokarda belleýşimiz ýaly, aýry-aýry dil toparlary, dil maşgalalary hem hususy dil bilimine degişlidir. Türki dilleri türkologiýada, slawýan dilleri slawýan dil bi- 75 liminde, german dilleri german dil biliminde öwrenilýär. Aýry-aýry dilleriň ýa-da dil maşgalalarynyň ylmy taýdan öwrenilmeginiň netije- sinde döreýän hususy dil bilimi ösdügiçe, dünýä dil bilimi baýlaşýar. Umumy dil bilimi. Diliň we dilleriň umumy nazaryýetlerini öwrenýän dil bilimi umumy dil bilimi diýlip atlandyrylýar. Diliň nazary esaslary, dil hakyndaky umumy düşünjeler, diliň emele gelşi, ösüşi, dil biliminiň şahalary, bölümleri, dilleri öwrenmekde ulanylan we ulanylýan usullar, dilleriň ösüş, ýaşaýyş kanunlary, ýazuwyň na- zary esaslary umumy dil biliminde öwrenilýär. Umumy dil biliminiň düzgünleri we kanunlary aýry-aýry dilleriň ylmy taýdan öwrenilişi bilen baglydyr. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling