Umumy dil bilimi


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet45/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

Diahron dil bilimi diliň ösüşiniň bellibir döwrüniň dowamlylygyny 
öwrenýär. Elbetde, umumy we hususy, sinhron hem-de diahron dil 
bilimleriniň arasyndaky tapawut hemişelik däldir.
Umumy dil bilimi özüniň öwrenýän ylmy üçin aýratyn alnan 
dili ýa-da dil maşgalasyny derňemek netijesinde toplanylan maglu-
matlary peýdalanýar, diliň islendik sinhron ýagdaýy bolsa, onuň uzak 
wagtlyk taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelýär.
Soraglar we ýumuşlar:
1. Dil bilimi näme? Ol ylym hökmünde nämäni öwrenýär?
2. Dünýäniň ähli dilleri üçin umumy bolan haýsy häsiýetleri aýdyp 
biljek?
3. Sinhron we diahron dil bilimleri näme? Olaryň arasynda nähili bag-
lanyşyk bar?
Hödürlenilýän edebiýatlar:
1. Dogan Aksan. Her yönüle dil. Ankara 2007.
2. Кодухов В.И. Общее языкознание. М., 1974.
3. Попова З.Д., Стернин И.А, Общее языкознание. М., 2007.


72
Dil biliminiň şahalary
Häzirki zaman dil biliminde soňky döwürlerde öňe sürülýän 
meseleleriň biri hem dil biliminiň şahalary baradaky pikirlerdir. Haky-
katdan-da, dil biliminiň şahalary, olaryň biri-biri bilen baglanyşygy 
hakyndaky meseleleri aýdyňlaşdyrmak dil biliminiň häzirki döwür-
däki çözmeli meselesine girýär.
Dil biliminiň şahalara bölünmek meselesi bilen dilçiler köp 
wagtdan bäri meşgullanýarlar. Şoňa görä-de, dil biliminde bu me-
sele bilen baglanyşykly ýeterlik iş edilipdir. Görnükli rus dilçisi 
W.A.Bogorodiskiý özüniň 1915-nji ýylda çap edilen «Лекции по 
общему языковедению» atly işinde «Dil bilimi ilkinji nobatda na-
zary we tejribe dil bilimine bölünýär» diýip belleýär (Хрестоматия 
по истории русскогo языкознания. М., 1973, с 438). Ol bu şahalaryň 
maksadyny, wezipelerini hem beýan edýär.
Dil bilimini şahalara bölmekde ilkinji nobatda göz öňünde tutul-
maly zat, onuň dil biliminiň bölümlerinden tapawudydyr. Dil bilimi 
bilen baglanyşykly käbir işlerde «şaha» düşünjesi, «bölüm» düşünjesi 
bilen gatyşdyrylýar. Meselem, fonetika, grammatika, leksikolo-
giýa... bular dil biliminiň bölümleridir. «Şaha» düşünjesi «bölüm» 
düşünjesinden giňdir. Bir şahada birnäçe bölüm bolup biler. Nazary 
dil bilimine fonetika, leksikologiýa, morfologiýa, sintaksis we ş.m. 
bölümler degişlidir.
Şeýlelikde, dil bilimini nazary, tejribe, umumy, hususy dil bilim-
leri atlandyrylýan dört şaha bölmek bolýar.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling