Umumy dil bilimi
Tejribe we nazary dil bilimi
Download 1.57 Mb. Pdf ko'rish
|
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)
- Bu sahifa navigatsiya:
- Tejribe dil bilimi
Tejribe we nazary dil bilimi. Dil bilimi nazary we tejribe
ylymdyr. Şu nukdaýnazardan onuň iki şahasy-nazary hem-de tejribe şahalary döreýär. Ýöne, nazary we tejribe dil bilimleri biri-birinden düýbünden başga zat däldir, olary aýratyn ylym hasaplamak bol- maýar. Şeýle-de bolsa, bu şahalaryň her biriniň öz öňünde goýýan maksatlary hem-de wezipeleri bar. Tejribe dil bilimi amaly meseleler bilen meşgullanýandygy taýyndan nazary dil biliminden tapawutlanýar. Bu dil biliminde diliň tejribe taýdan (praktiki) öwrenilmegi üçin usullar işlenilip düzülýär. Aýry-aýry ylymlaryň taryhyndan bilşimiz ýaly, ylmyň başlangyç döwründe amaly, tejribe meseleleri zerur hasaplanylypdyr, soňlugy 73 bilen nazary meseleler ýüze çykypdyr. Bu ýagdaý dil bilimine hem mahsusdyr. Tejribe dil biliminiň kökleri gadymy döwürlerde adamzat jemgyýetinde ýazuwyň döremeginiň zerurlygyndan gaýdýar. Wagtyň geçmegi bilen dil biliminiň amaly meseleleri bilen baglanyşykly ta- raplar has-da artýar, täze-täze zatlar ýüze çykýar. Ýazuwyň döremegi netijesinde adamlarda öz pikirlerini ýazyp, geljekki nesillere galdyr- maga bolan isleg artýar. Şonuň bilen birlikde-de, döredilen eserlere düşündirişler hem ýazylmaga başlaýar. Şeýlelikde, alymlar tejribe dil bilimine aýratyn ähmiýet beripdir- ler. Meşhur dilçi Boduen de Kurtene XIX asyryň 70-nji ýyllarynda Peterburg uniwersitetinde okan umumy okuwlarynda tejribe dil biliminiň ähmiýetine örän ýokary baha beripdir. Häzirki döwürde tejribe dil biliminiň öňünde aşakdaky meseleler durýar: Ýazuw meselesi. Tejribe dil biliminiň iň gadymy meselesi dile kömekçi bolan ýazuwy döretmek hem-de ony kämilleşdirmekdir. Bu meseläni çözmek maksady bilen dil biliminde ýazuw nazaryýetleri döredilipdir. Ýazuw nazaryýetleri milli ýazuwlaryň döredilmeginde ylmy garaýyşlara esaslanmagyň düzgünlerini kesgitleýär. Aýratyn dilleriň ýazuwlary döredilende birnäçe ýörelgelere esaslanylýar. Ýazuwyň esasy ýörelgeleri harplaryň sadalygy hem-de ýazmagyň aňsatlygydyr. Ýazuw meselesi häzirki wagtda hem döwrebapdyr. Se- bäbi, elipbiýiň sadalaşdyrylmagy, çylşyrymly harplaryň ýerine sada harplaryň ulanylmagy dünýä dillerinde dowam edýän hadysadyr. Edebi diliň kadalarynyň işlenilip düzülmegi. Mälim bolşy ýaly, umumyhalk diliniň kämilleşen, kadalaşdyrylan görnüşi edebi dildir. Dil bilimi edebi dil üçin kadalary işläp düzýär, umumyhalk dilinde ulanylýan kadalaryň haýsynyň edebi dile degişlidigini kesgitelýär. Edebi diliň kadalary diliň taryhy ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de haýsydyr bir dildäki ol ýa-da beýleki kadalaryň öz taryhy bardyr. Edebi diliň kadalarynyň işlenilip düzülmegi üçin diliň fonetik ulgamy, sözlük düzümi, grammatik gurluşy nazarda tutulýar. Sözlükleriň düzülmegi – tejribe dil biliminiň meseleleriniň arasynda uly ähmiýete eýedir. Her bir sözlük halkyň medeni derejesi, zeruryýeti netijesinde düzülýär. Sözlük düzüliş işi örän köp zähme- ti talap edýän, ýöne peýdaly we zerur işdir. Häzirki döwürde sözlük 74 düzüliş işine berilýän üns has-da güýçlenýär. Dünýä dillerini öwren- mekde möhüm serişdeleriň biri bolan sözlükleriň ähmiýeti artýar. Okuw kitaplarynyň ýazylmagy. Bellibir kadalara we ýörelgelere esaslanýan okuw kitaplarynyň ýazylmagy hem tejribe dil biliminiň meselelerine degişlidir. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw kitaplaryna dil biliminde öwrenilen hemme meseleler girizilmeýär. Bu hakykatda, mümkin hem däldir. Şonuň üçin-de haýsy temalaryň okuwçylara we talyplara öwredilmeginiň zerurdygy, haýsysynyň ze- rur däldigi baradaky meseleler hem tejribe dil bilimine degişli bolýar. Awtomatik terjime meselesi. Häzirki zaman tejribe dil biliminiň iň wajyp meseleleriniň biri-de awtomatik terjimedir. Awtomatik ter- jime kompýuteriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Kompýuter terji- mesi häzirki zamanyň döwrebap lingwistik meselesi hökmünde ýüze çykdy. Häzir dürli kompýuter maksatnamalarynyň kömegi arkaly dil- den dile terjime etmek, dil öwretmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Download 1.57 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling