Umumy dil bilimi


M.Ý.Hamzaýewiň, G.Saryýewiň, B.Çaryýarowyň, T.Täçmyra-


Download 1.57 Mb.
Pdf ko'rish
bet43/123
Sana18.06.2023
Hajmi1.57 Mb.
#1595397
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   123
Bog'liq
Bekjäýew T Umumy dil bilimi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy (1)

M.Ý.Hamzaýewiň, G.Saryýewiň, B.Çaryýarowyň, T.Täçmyra-
dowyň, O.Çommadowyň, M.Penjiýewiň, filologiýa ylymlarynyň 
doktory, akademik M.Söýegowyň we beýleki dilçi alymlarymyzyň 
uly hyzmatlary bardyr.
1928-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan başlap arap elipbiýinden latyn 
elipbiýine, 1940-njy ýylyň maý aýyndan rus elipbiýine geçilen türk-
men dilinde 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinden başlap latyn elipbiýiniň 
esasynda düzülen täze türkmen elipbiýine geçildi. Täze türkmen 


69
elipbiýi Garaşsyzlygymyzyň miwesi hökmünde biziň durmuşymyza 
pugta ornaşdy. Milli metbugatda, ähli ugurlar boýunça döwlet edara-
larynda iş dolandyryş täze türkmen elipbiýine gutarnykly geçildi. Täze 
milli elipbiýiň kabul edileli bäri dilimiziň ylmy, syýasy, medeni, ykdy-
sady adalgalarynda milli dile daýanmak, dilimiziň içki mümkinçilik-
lerini oýatmak duýgusy başlandy. Türkmen diliniň sözlük düzümine 
giren täze sözleri, aňlatmalary hasaplamak üçin bu gün ýörite ylmy 
derňew zerurlyk edýär. Bu ýagdaý täze döwrüň aýratynlyklarynyň dil-
de şöhlelenýändiginiň şaýadydyr. Durmuşda bolup geçen özgerişlikler 
türkmen diliniň içki baýlyklarynyň gözbaşyny arçady. Dil öňki ýyllar-
daky bolşy ýaly, daşky täsirleriň netijesinde däl-de, içki baýlyklarynyň 
hasabyna ösüp başlady. 
Häzirki wagtda türkmen dil biliminiň nazary hem-de tejri-
be meseleleriniň ylmy taýdan öwrenilişi, esasan, Türkmenistanyň 
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat 
institutynda, Milli Golýazmalar institutynda, Magtymguly adyndaky 
Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türk-
men döwlet mugallymçylyk institutynyň, Döwletmämmet Azady 
adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Halkara Türk-
men-türk uniwersitetiniň türkmen dili kafedralarynda yzygiderli al-
nyp barylýar.

Download 1.57 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   39   40   41   42   43   44   45   46   ...   123




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling